Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Ermenistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy
Medeniýet
Ermenistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy
Çap edildi 31.05.2023
446

Şu gün Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy we ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Gadymy Ýerewan şäheri dostlukly ýurduň wekillerini myhmansöýerlik bilen garşylady. Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy Ýerewanyň Aram Haçaturýan adyndaky uly konsert zalynda geçirildi.

Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna Ermenistan Respublikasynyň köpsanly medeniýet we sungat işgärleri, taryhçylar, sungatşynaslar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, şeýle hem ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň agzalary gatnaşdylar. Onda bu çäräniň iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagynda, medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginde aýratyn ähmiýetlidigi barada gürrüň edildi.

Medeniýet günleriniň çäklerinde iki ýurduň medeniýet ministrleriniň duşuşygy boldy. Onuň dowamynda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, iki ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň Hökümtleriň arasynda 2023-2025 ýyllarda medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Ylalaşyk gazanyldy.

Şeýle hem döredijilik çäresiniň çäklerinde ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Golýazmalar institutynyň işgärleri Ýerewanyň Mesrop Maştos adyndaky Matenadaran Gadymy golýazmalar muzeý-institutynda boldular. Bellenilişi ýaly, dünýäde gadymy golýazmalaryň saklanýan iň iri merkezleriniň biri bolan Matenadaranda bu ugra degişli muzeý hereket edýär. Merkezde 17 müňden gowrak golýazmalar, 100 müňden gowrak bolsa gadymy resminamalar saklanýar. Şeýlelikde, Ýerewanyň Gadymy golýazmalar muzeý-instituty, şol bir wagtyň özünde ýurduň iri ylmy-barlag institutlarynyň biri bolup durýar.

Medeni çäräniň birinji gününiň dowamynda ýurdumyzyň bagşy-sazandalarynyň Ermenistanyň Jemgyýetçilik telewideniýesiniň «Ertiriňiz haýyrly bolsun» gepleşiginde çykyşynyň guralmagy bu çärä aýratyn ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Soňra Ýerewanyň Aram Haçaturýan adyndaky konsert zalynda ýurdumyzyň Ermenistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy mynasybetli guralan konsertde meşhur estrada aýdymçylary, folklor we tans toparlary, bagşylar öz çykyşlarynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny, hormatly Prezidentimiziň goldaw bermegi netijesinde kuwwatly itergä eýe bolan häzirki zaman milli medeniýetiň ýokary derejesini wasp etdiler. Ermenistanly minnetdar tomaşaçylar artistleriň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalary bilen garşyladylar.

Giň möçberli medeni forumyň türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk baýramyna bagyşlanan çäreler bilen utgaşmagy Medeniýet günleriniň ähmiýetini we derejesini has-da belende göterdi.

Ynsanperwer hem-de medeni gatnaşyklaryň giňeldilmegi beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň möhüm şertidir. Ynsanperwer ulgamda iki ýurduň bähbidine kybap gelýän bilelikdäki möhüm taslamalaryň amala aşyrylmagy özara düşünişmegiň, birek-birege hormatyň berkidilmegine ýardam edýär.

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Medeniýet günleri dowam edýär.

Soňky habarlar
27.09
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
27.09
Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralarynyň tapawutlanan harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine sylaglary gowşurmagy tabşyrdy
27.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
27.09
Watanymyzyň bagtyýar halkynyň asuda durmuşynyň goragçylaryna sylaglar gowşuryldy
27.09
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýöriş başlandy
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
26.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow