Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Tähranda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Tähranda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy
Çap edildi 30.05.2023
1042

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow EYR-na iş saparynyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejä çykarylandygyny bellediler. Iki döwlet Baştutanlarynyň özara saparlary we bu saparlaryň çäklerinde geçirilýän duşuşyklar hem-de gepleşikler, hususan-da, Eýranyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji ýubileý sammitine hem-de 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda altynjy Hazar sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana amala aşyran iş saparlary, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 14-15-nji iýunynda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran ilkinji resmi sapary munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu özara saparlar hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly itergi berip, dost-doganlyk türkmen-eýran gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berdi.

Türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda çykyş edýän söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meseleleri içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, gaz, elektroenergetika, ulag, suw pudaklaryny geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlediler. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurlarda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi hem-de täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra gepleşikler iki ýurduň giňeldilen düzümde dowam etdirildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna gol çekilmegi meýilleşdirildi.

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow