Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gaýtadan saýlanylmagy bilen gutlady
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gaýtadan saýlanylmagy bilen gutlady
Çap edildi 29.05.2023
2128

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogana Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň saýlawlarynda gazanan ýeňşi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

“Saýlawlaryň netijesi doganlyk türk halkynyň Rejep Taýyp Ärdogana bildirýän belent ynamynyň hem-de ýurduň abadançylygy we rowaçlygy ugrunda bitirýän hyzmatlarynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr” diýlip, gutlag hatynda bellenilýär. “Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar hakyky dostlugyň we ygtybarly hyzmatdaşlygyň mysaly bolup durýar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzda biz hemişe hoşniýetlilik, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelerinden ugur alýarys” diýip, Gahryman Arkadagymyz türkmen-türk strategik gatnaşyklarynyň geljekde-de täze depginler bilen ösdüriljekdigine berk ynam bildirýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, Türkiýäniň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we mundan beýläk-de ösüş arzuw etdi.

Soňky habarlar
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.08
Watanymyzyň ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
31.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 274 müň dollaryndan gowrak boldy
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
30.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň daşary işler ministrini kabul etdi
30.08
E.M.Aýdogdyýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
30.08
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi
top-arrow