Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dabaralar
Medeniýet
Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dabaralar
Çap edildi 28.05.2023
1932

Şu gün paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli sergi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň “Türkmen halysy — türkmeniň kalby” atly ХХIII mejlisi geçirildi.

Dünýäniň dürli künjeginden gelen wekiliýetleriň köp bolmagy daşary ýurtlaryň işewür düzümleriniň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ýurdumyza we geljegi uly hasaplanýan türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmalarynyň ýokarydygyny tassyklaýar. Şeýle hem bu forum täze hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin oňyn mümkinçilikleri döredýär. Foruma gatnaşýanlaryň hatarynda Russiýadan, Türkiýeden, Germaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Eýrandan, Owganystandan, Özbegistandan we Pakistandan gelen türkmen haly sungatynyň muşdaklary, iri önüm öndüriji kärhanalaryň, söwda kompaniýalarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, ylmy-barlag we medeniýet merkezleriniň wekilleri, alymlar, bilermenler bar.

Türkmen halysynyň baýramy halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlygynyň — ajaýyp sungatynyň şöhratyny belende göterýän senedir. Bu baýram pederlerimiziň ruhy-ahlak wesýetlerine, gymmatlyklaryna hem-de özboluşly milli ýörelgelerine wepalydygymyzy görkezýär we şöhraty dünýä dolan türkmen halylarynyň ähmiýetine bagyşlanýar. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň hatarynda möhüm orun eýeleýändigini bellemeli. Türkmen halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli gymmatlyklarymyzyň daşary ýurtlarda-da uly şöhrata eýe bolýandygyny görkezýär.

Türkmen zenanlarynyň zehininden, yhlasyndan döreýän, gözelligi we kämilligi boýunça deňi-taýy bolmadyk halyçylyk sungatynyň hormatyna tutuş ýurdumyzda ylmy maslahatlar, sergiler guraldy, döredijilik duşuşyklarydyr bäsleşikler geçirildi. Paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýi esasy baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Onuň binasynda milli halyçylyk sungatynyň nusgawy we häzirki zaman eserlerinden ybarat bolan sergi ýaýbaňlandyryldy. Açyk asmanyň astynda ýerleşdirilen ak öýler, halyçylyk ussahanalarynyň şekilleri milli bezeg ýörelgeleri bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär.

Ir säher bilen bu ýerde baýramçylyk aýdym-sazlary ýaňlandy. Folklor-etnografiýa toparlarynyň, ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlarynda aýawly saklanylýan we nesilden-nesle geçirilip gelýän milli halyçylyk sungatynyň asylly däpleri, özboluşly inçe sungaty öz beýanyny tapdy.

Baýramçylyk mynasybetli guralan serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, medeniýet, sungat işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, talyplar hem-de ýurdumyzyň ussat halyçylary gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň halyçylaryna we ähli halkyna iberen Gutlagynda asylly däbe öwrülen Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisiniň ýurdumyzyň halyçylyk pudagynda gazanan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri, çeper elli gelin-gyzlarymyzyň täsin sungatynyň köpdürlüligini ähli aýdyňlygy bilen açyp görkezmäge, oňa gatnaşyjylara özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alyşmaga, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge mümkinçilik berjekdigi bellenilýär.

Dünýä we içerki bazarlarda alyjylaryň uly islegine mynasyp bolan el halylarymyzdyr haly önümlerimiz, haly dokamak, keçe güllemek, basmak we beýleki milli amaly-haşam işlerimiz gadymdan gelýän medeni mirasymyzy gorap saklamakda, giňden wagyz etmekde, ýaş nesilleri watançylyk, millilik, belent ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde aýratyn orny eýeleýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda nygtaýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” ýaly düýpli işleri türkmen halkynyň ruhy we baý medeni mirasyna bagyşlanyp, olar sungat äleminiň belentligine barýan ýolda hem-de taryhyň dowamynda türkmen halyşynaslygynyň şöhratynyň täzeden dikeldilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Leýpsigde, Parižde, Brýusselde, Madridde geçirilen halkara sergilerde türkmen halylaryna berlen altyn we kümüş medallar türkmen zenanlarynyň çeperçiliginiň ýokarydygyny görkezýär. Halyçy zenanlaryň dokan “Altyn asyr” halysynyň dünýäde el bilen dokalan iň uly haly hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini bellemeli.

Ägirt uly gymmatlyk we ajaýyp sungat hökmünde ykrar edilen türkmen halylaryna dünýä ýüzünde ýokary baha berilýär. Olaryň gadymy nusgalary häzirki döwürde Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Awstriýanyň, Şweýsariýanyň we beýleki ýurtlaryň muzeýlerinde, sergi we çeperçilik zallarynda özboluşly gymmatlyk hökmünde saklanýar. Müňýyllyklaryň dowamynda haly dokamagyň özboluşly usullary nesilden-nesle geçirilip, häzirki döwürde ýurdumyzyň milli baýlygy hökmünde ykrar edilen türkmen halylarynyň dünýä ýüzündäki şöhraty barha belende göterilýär.

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň çeper haly kärhanalarynyň ussat halyçylarynyň we hususy halyçylaryň dokan täze, ajaýyp halylary hem-de haly önümleri baýramçylyk mynasybetli guralan serginiň baş bezegine öwrüldi. Arassa ýüňden, ýüpekden dokalan halylaryň nusgawy nagyşlary, tebigatyň özboluşly gözelligi şekillendirilen surat eserleri, ahalteke bedewleri janlandyrylan türkmen halylary göreni haýrana galdyrýar. Şeýle hem halylar reňkleriniň sazlaşygy, gözelligi we her bir ýagdaýa bolan özboluşly çemeleşmeleri bilen tapawutlanýar. “Türkmenistanda öndürildi” nyşanly harytlaryň köp görnüşleri sergide möhüm orny eýeleýär. Şolaryň hatarynda ussat zenanlaryň elinden çykan palaslar, gobelenler, dürli görnüşli sowgatlyk önümler, torbalar, ketenä salnan milli nagyşlaryň, amaly-haşam sungatynyň özboluşly nusgalary bar.

Gazuw-agtaryş işleri geçirilende ýüze çykarylan tapyndylar esasynda we gadymy “tazy guýruk”, “it ýatak”, “güjük yzy” ýaly nagyşlar salnyp dokalan halylar sergä gatnaşyjylar üçin özboluşly sowgada öwrüldi. Bu ýerde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň halyçylyk bilen meşgullanýan telekeçileri-de öz işlerini görkezdiler. Olar sergä arassa ýüpekden we ýüňden dokalan halylary, haly önümleri bilen gatnaşdylar. Myhmanlar köp sanly haly we haly önümlerini synlamak bilen, türkmen halyçylyk sungatynyň şöhratly dünýäsine aralaşmaga, milli halyçylyk däpleriniň gadymy kökleri hem-de türkmen halkynyň özboluşly medeniýeti, türkmen halyçylyk sungatynyň köpöwüşginli ugurlary bilen tanyşmaga, halkymyzyň milli däpleriniň taryhy, medeni aýratynlyklary, özboluşly ugurlary barada maglumat toplamaga mümkinçilik aldylar.

Türkmen halysynyň baýramynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, ussat halyçylaryň bir toparyna “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly atlar dakyldy.

Günüň ikinji ýarymynda “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň maslahatlar zalynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň çäklerinde türkmen halkynyň ruhy we medeni mirasyny, haly dokamagyň milli däplerini, amaly-haşam sungatynyň beýleki görnüşlerini aýawly saklamak we giňden wagyz etmek, pudaga senagat taýdan täze işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak wezipelerini amala aşyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, dünýäde asyrlaryň dowamynda özüniň gymmatyny we özboluşlylygyny saklap gelýän zatlar o diýen köp däldir, ýöne sungat muşdaklarynyň arzuwy bolan türkmen halysy häzirki güne çenli özüniň gymmatyny saklap gelýär. Häzirki döwürde türkmen halylarynyň gölleri Aşgabat şäheriniň binagärlik bezeginde işjeň ulanylýar. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek babatda degişli işler amala aşyrylýar.

Türkmen halylarynyň giňden wagyz edilmegi we ýurdumyzda halyçylygyň işjeňleşdirilmegi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen medeni, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegini şertlendirýär. Şeýlelikde, türkmen halylary ýurdumyzyň eksport ulgamynda möhüm orny eýeleýär. Aýratyn-da, Germaniýanyň, Italiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Gresiýanyň, Fransiýanyň we beýleki ýurtlaryň kompaniýalary bilen hut şu ugur boýunça hyzmatdaşlyk ösdürilýär.

Mejlise gatnaşyjylaryň çykyşlarynda gadymy haly nagyşlarynyň taryhy, dürli ýurtlarda, dürli taryhy döwürlerde halyçylyk sungatynyň ösüşiniň özboluşly aýratynlyklary bilen baglanyşykly meselelere, bu ugurda häzirki zaman kompýuter programmalaryny we haly önümlerini taýýarlamakda beýleki täzeçil tehnologiýalary ulanmagyň aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň edildi. Pikir alyşmalaryň dowamynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ylmy çeşmelerinde haly hem-de haly önümleri hakynda irki gazuw-agtaryş, etnografiýa işlerinde gazanylan üstünlikler barada giňişleýin maglumatlaryň berilýändigi aýdyldy. Şunda türkmen halkynyň gadymy sungatynyň ajaýyp taryhyna, çeperçilik ähmiýetine üns berildi.

Bellenilişi ýaly, bu gezekki çäre türkmen halyçylary bilen daşary ýurtlaryň halkymyzyň we dünýä medeniýetiniň beýik gymmatlygy bolan milli halyçylyk sungatyny wagyz edýänleriň arasynda täze döredijilik we işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin nobatdaky ädime öwrüldi. Ajaýyp sungat eserlerine çalymdaş nepis halylary beýleki ýurtlarda ýaýratmagyň ähmiýeti barada aýdyp, çykyş edenler üstünden Beýik Ýüpek ýoly geçen türkmen topragynda dünýä taryhynyň öçmejek yzlarynyň bardygyny bellediler. Häzirki döwürde bu gadymy ugur täzeden dikeldilýär hem-de ýurtlaryň we sebitleriň arasynda köptaraply söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginde öz beýanyny tapýar. Halyçylyk sungaty bolsa milli mirasymyzyň baý däplerini, häzirki zaman tehnologiýalaryny özünde jemläp, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Daşary ýurtlardan gelen wekiller Gündogar halklarynyň sungatynyň Döwlet muzeýinde türkmen halylarynyň we haly önümleriniň 480-e golaý görnüşiniň bardygyny nygtadylar. Olar Türkmenistanyň Ýewropadaky dünýä nusgalyk haly ýygyndylaryndan biri hasaplanýar.

Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilen sergä hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň “Türkmen halysy — türkmeniň kalby” atly ХХIII mejlisine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda milli halyçylyk sungatynyň şöhratly däplerini ösdürmek ugrunda edýän tagallalary, bu pudakda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda döredilýän amatly şertler üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk sözleri beýan edilýär.

Agşam “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde ýaýbaňlandyrylan çykyşlar ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň baýramçylyk sowgadyna öwrüldi we ol şanly senäniň özboluşly dowamy boldy. Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli tutuş ýurdumyzda duşuşyklar, sergiler guraldy, ylmy maslahatlar, döredijilik bäsleşikleri, konsertler we beýleki çäreler geçirildi.

Soňky habarlar
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
top-arrow