Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Rumyniýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri
Medeniýet
Rumyniýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri
Çap edildi 23.05.2023
2846

22-nji maýda Buharestde Rumyniýada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyş dabarasy geçirildi. Döredijilik çäre iki dostlukly halklaryň ruhy taýdan ýakynlaşmagyna mümkinçilik döredip, döwletara gatnaşyklaryň täze derejä çykandygynyň aýdyň subutnasyny boldy.

Rumyniýada Türkmenistanyň Medeniýet günlerini Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Rumyniýanyň Medeniýet ministrligi, şeýle hem Rumyniýadaky Türkmenistanyň ilçihanasy tarapynda gurnaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda medeni we ynsanperwer diplomatiýasynyň ösüşine ähmiýetli orun berilýär.

Döwletara gatnaşyklaryň bu ugry örän möhüm, sebäbi halklary birleşdirýän we hyzmatdaşlygy mundan beýläk pugtalandyrmak üçin berk binýady emele getirýän medeni ugurda gepleşikleriň ösdürilmegi ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň esasy taraplaryndan biri hökmünde kesgitlenilýär.

Türkmen-rumyn hyzmatdaşlygy barada aýdylanda, iň ygtybarly gurluşlar – Birleşen Milletler Guramasy we Ýewropa Bileleşiginiň bilen iň ýokary, Hökümetara we pudagara derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gatnaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky özärä bähbitli gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň gowy geljegini görkezýändigini bellemelidiris. Türkmenistanyň we Rumyniýanyň gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi ynsanperwer ugrunda, halklarymyzyň birek-bireginiň taryhyna we medeniýetine bolan gyzyklanmasydyr.

Bu babatda, soňky ýyllarda gol çekilen Hökümetara resminamalar iki ýurduň medeniýet we ylym-bilim merkezleriniň netijeli gatnaşyklarynyň esasy bolup hyzmat edýär. Dostluk döwletiniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde ýurdumyzyň talyplarynyň bilim almagy, iki ýurduň alymlarynyň we medeniýet işgärleriniň Türkmenistanda we Rumyniýada guralýan halkara ylmy we döredijilik forumalara gatnaşmagy, Türkmenistanda we Rumyniýada guralýan medeniýet günlerini geçirmek netijeli aragatnaşyklaryň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň derman ösümlikleri», «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy rumyn diline terjime edilendigi aýratyn bellemilidiris.

Rumyniýada ýurdumyzyň Medeniýet günleri hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň çäklerinde geçirilýär.

Buharest we Konstanta şäherlerinde Medeniýet günleriniň meýilnamasyna halkara maslahaty, sergi, şygyrýet agşamy we «Istärin» atly filmiň görkezilişi girizildi. Şeýle hem, Rumyniýanyň ýaşaýjylary üçin halkymyzyň milli çeper we amaly-haşam sungaty, türkmen tagamlary, däp-desurlary, aýdym-saz döredijiligi bilen tanyşmagmaga mümkinçilik dörediler.

Soňky habarlar
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
top-arrow