Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekilini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekilini kabul etdi
Çap edildi 13.05.2023
2408

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekili, HHR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasary (ministr derejesinde) Ma Çžaosýuýy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny ýetirdi we şu ýylyň 18-19-njy maýynda geçiriljek “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmaga iberen çakylygyny gowşurdy. Şunuň bilen baglylykda, ol hormatly Prezidentimiziň bu sammite gatnaşmak üçin Hytaýa gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşylýandygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Hytaýda Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň, şol sanda “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşinde mundan beýläk-de ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler ýolunda ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerine uly buýsanç bilen garalýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow myhmany mübärekläp, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, häzirki wagtda täze many-mazmuna eýe bolýan Hytaý bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Türkmen-hytaý gatnaşyklarynda Merkezi Aziýa möhüm ornuň degişlidigini belläp, döwlet Baştutanymyz “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmaga çakylyk üçin HHR-iň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we mümkinçiliklerini hasaba almak bilen, özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly kuwwata eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmalar boldy. Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem köp babatda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda Pekinde geçirilen gepleşikleriň ähmiýeti bellenildi. Şol gepleşikler deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan strategik hyzmatdaşlygyň ýolunda möhüm ädim boldy.

Türkmenistan bilen HHR halkara giňişlikde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler, BMG-niň we beýleki iri halkara guramalaryň çäklerinde aýratyn ähmiýetli başlangyçlarydyr teklipleri ilerletmekde birek-biregi yzygiderli goldaýarlar.

Türkmenistan we Hytaý Halk Respublikasy oňyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek bilen, söwda-ykdysady ulgamda, ýangyç-energetika toplumynda we beýleki pudaklarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Bu ugurlarda bar bolan kuwwatlyklary hasaba almak arkaly umumy tagallalaryň birleşdirilmegi has netijeli hasap edilýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekili, HHR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Ma Çžaosýuý wagtyň synagyndan geçen netijeli döwletara gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, geljekde-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.08
Watanymyzyň ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
31.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 274 müň dollaryndan gowrak boldy
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow