Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Çap edildi 11.05.2023
3720

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Katar Döwletiniň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we doganlyk türkmen halkyna mukaddes Oraza baýramy mynasybetli ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, rowaçlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny arzuw edýärin.

Size belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Tamim bin Hamad AL TANI,

Katar Döwletiniň Emiri.


* * * 


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Size ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn.

Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Abdulla bin Hamad AL TANI,

Katar Döwletiniň Emiriniň orunbasary.


* * * 


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Katar Döwletiniň Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan Size mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn.

Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Size belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Şeýh Mohammed bin Abdulrahman AL TANI,

Katar Döwletiniň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, 

daşary işler ministri.


* * * 


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Beýik Biribardan mukaddes Oraza aýynda tutan orazalarymyzy, eden doga-dileglerimizi we haýyr işlerimizi kabul etmegini, adamlaryň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyny dileýärin. Ýurtlarymyza, halklarymyza we ähli musulman ymmatyna parahatçylyk, abadançylyk, Beýik Biribaryň çäksiz rehmetini arzuw edýärin.

Goý, Beýik Biribar biziň ählimizi öz penasynda aman saklasyn!

Hormatlamak bilen,

Ramzan KADYROW,

Russiýa Federasiýasynyň Çeçen Respublikasynyň Baştutany.

Soňky habarlar
08.04
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
07.04
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
07.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
06.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
06.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy
05.04
Şu günki üstünlikler — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
top-arrow