Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Çap edildi 07.05.2023
2681

Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! 

Gadyrly doganym!

Özbegistan Respublikasynyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça ählihalk sala salşygynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli gutlagyňyz, şeýle hem meniň adyma we özbek halkynyň adyna aýdan mähirli sözleriňiz, ýurdumyzdaky düýpli özgertmeler barada beýan eden pikirleriňiz üçin Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden hoşallygymy bildirýärin.

Täze Özbegistanyň okgunly ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň rowaçlygyny ýokarlandyrmak we ýurdumyzyň halkara abraýyny hemmetaraplaýyn ilerletmek, doganlyk halklarymyzyň bähbidine bilelikdäki hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrmak boýunça tagallalarymyza Siziň berýän bahaňyz meniň üçin aýratyn möhümdir. Türkmenistanyň Özbegistany iň ýakyn dostlukly we doganlyk döwlet hökmünde görüp, onuň içeri hem-de daşary syýasatyny hemmetaraplaýyn goldamaga ygrarlydygy baradaky ynandyrmalaryňyzy uly ruhubelentlik bilen kabul etdim.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň görnükli döwlet işgäri, parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçysy bolmak bilen, gadyrly doganym, Siziň strategik hyzmatdaşlygymyzyň ösdürilmegine uly goşant goşandygyňyzy aýratyn nygtamak isleýärin. Dostlukly we özara ynanyşykly gatnaşyklarymyzyň netijesinde syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda we beýleki möhüm ulgamlarda hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de işjeň ösdüriljekdigi şübhesizdir.

Pursatdan peýdalanyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy täze derejä çykarmaga taýýardygymyzy bellemek isleýärin. Netijeli dialogymyzyň iň ýakyn geljekde dowam etdirilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we jogapkärli işiňizde täze üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş arzuw edýärin!

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň mähriban käbäňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy zerarly çuňňur gynanjymy beýan edýärin. Siziň we Siziň maşgalaňyzyň çuňňur gynanjyny paýlaşýaryn.

Siziň Alyhezretiňize hem-de Siziň maşgalaňyza duýgudaşlygymy bildirýärin we käbäňiziň jaýynyň jennet bolmagyny dileýärin.

Fumio KISIDA,

Ýaponiýanyň Premýer-ministri.

Soňky habarlar
12.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
12.06
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Ylym ýurdumyzyň beýik geljegidir
11.06
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy
11.06
Döwlet Baştutanymyza ykdysady we syýasy hünärleri boýunça professor alymlyk ady dakyldy
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
top-arrow