Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine hat iberdi
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine hat iberdi
Çap edildi 01.05.2023
2433

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana iberen hatynda Türkmenistana we onuň halkyna hakyky dostluk gatnaşygy üçin hormatyny we minnetdarlygyny beýan edip, türk Lideriniň tiz sagalandygy hem-de Türkiýäniň gülläp ösmegi ugrundaky döwlet işini dowam etdirýändigi baradaky habary ýakymly duýgular bilen kabul edendigini belledi.

“Özüňize mahsus bolan ýokary ruhubelentligiňiz we maksada okgunlylygyňyz bilen, Siz häzirki zamanyň görnükli syýasy işgäri hökmünde bütin dünýäde meşhursyňyz. Bu häsiýetleriňiziň berk saglygyňyz bilen birlikde, mundan beýläk-de halkara parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gönükdirilen giň gerimli meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça Siziň köptaraply işiňiz üçin binýat boljakdygyna ynanýaryn” diýlip, hatda bellenilýär.

“Goý, Gudraty Güýçli Allatagala Size berk jan saglyk, Türkiýäniň doganlyk halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine parasatly, ýadawsyz işiňizde hemaýat bersin!” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.

Soňky habarlar
08.04
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
07.04
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
07.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
06.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
06.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy
05.04
Şu günki üstünlikler — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
top-arrow