Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Çap edildi 29.04.2023
2190

Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Size we Türkmenistanyň dostlukly halkyna Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy iberýärin.

Ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň arasyndaky dostlukly, köpugurly hyzmatdaşlygyň bu nurana baýramyň mukaddes däpleri esasynda mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Emomali RAHMON,

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan 

Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Tatarystanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Oraza baýramy köp asyrlaryň dowamynda ahlak kämilliginiň we durmuş synaglarynyň ýolunda dine uýýanlaryň millionlarçasynyň ruhy taýdan baýlaşmagynda öçmejek şamçyrag bolup gelýär.

Goý, nurana Oraza aýynda amal edilen ähli doga-dilegler, sogap işler Size ruhy rahatlyk, şadyýanlyk, ählumumy abadançylygyň bähbidine döredijilik kuwwatyny eçilsin! Size we ýakynlaryňyza hem-de ýurduňyzyň halkyna nurana baýramçylyk ruhuny, berk jan saglyk, bagt arzuw edýärin.

Rustam MINNIHANOW,

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany.


* * *


Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalaryny ähli musulman ymmaty üçin mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Beýik Biribardan bu mübärek baýram günlerinde Size berk jan saglyk, asylly işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk eçilmegini dileýärin.

Hormatlamak bilen,

Tanzila NARBAÝEWA,

Özbegistan Respublikasynyň 

Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy.


* * *


Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny mübärek Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, bu nurana baýram biziň ýurtlarymyza, türki dünýäniň halklaryna we ähli adamzada berk jan saglyk, parahatçylyk, bagtyýarlyk getirsin!

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Sultan RAÝEW,

Türki medeniýetiň halkara 

guramasynyň Baş sekretary.


* * *


Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Bu baýramyň biziň doganlyk halklarymyzyň arasynda mundan beýläk-de özara hormat goýmagy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, bu baýram mynasybetli Size berk jan saglyk, tükeniksiz güýç-kuwwat, maşgala abadançylygyny, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin!

Iň gowy arzuwlar bilen,

Nursultan NAZARBAÝEW,

Gazagystan Respublikasynyň 

ilkinji Prezidenti.

Soňky habarlar
08.04
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
07.04
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
07.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
06.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
06.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy
05.04
Şu günki üstünlikler — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
top-arrow