Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
Çap edildi 29.04.2023
3051

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Siziň soňky ýyllaryň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň ýokary jogapkärçilikli wezipesini eýelemek bilen, ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, täze ýüze çykýan wehimlere garşy durmaga goşýan goşandyňyzy aýratyn bellemek isleýärin” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň gutlag hatynda bellenilýär we Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda ýola goýlan oňyn hem-de strategik hyzmatdaşlygyň geljekde-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirilýär.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe berk jan saglyk, bagtyýarlyk we ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.08
Watanymyzyň ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
31.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 274 müň dollaryndan gowrak boldy
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow