Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Üns merkezinde—sagdyn iýmitlenmek
Jemgyýet
Üns merkezinde—sagdyn iýmitlenmek
Çap edildi 08.12.2016
2069

Aşgabat, 8-nji dekabr /TDH/. Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde “Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2013-2017-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmek boýunça pudagara utgaşdyryjy toparynyň mejlisi geçirildi. Duşuşygyň esasy meseleleriniň biri geçen döwürde durmuşa geçirilen işleriň jemlerine garamak hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek wezipeleri boldy. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň bilermenleriniň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNISEF) wekilleriniň gatnaşmagynda guralan mejlisiň gün tertibine, şeýle hem sagdyn iýmitlenmek boýunça 2018-2025-nji ýyllar üçin täze maksatnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak meselesi girizildi. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça şu ýylyň tomsunda açylan Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň aýratyn ähmiýetini bellediler. Bu merkez häzirki zaman innowasiýa häsiýetli edara bolup, onuň işi durmuş we biologiýa şertleriniň ilatyň saglygyna ýetirýän täsirine ylmy seljermeleri geçirmek, ekologiýa taýdan arassa azyk tehnologiýalarynyň hem-de sagdyn iýmitlenmegiň kadalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna gönükdirilendir. Mejlisiň barşynda türkmen tarapyndan birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri çykyş etdiler. Bellenilişi ýaly, adamlaryň saglygyny gowulandyrmak, keselleriň öňüni almak, ömrüň dowamlylygyny artdyrmak, sporty wagyz etmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan işler oňyn netijelerini berýär. Daşary ýurtly hünärmenler duşuşyga gatnaşyjylary dogry iýmitlenmegiň hem-de semremegiň öňüni almagyň esaslaryny ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy daşary ýurt tejribesi, azyk önümleriniň hiline baha bermekde täze barlaghana-seljeriş usullary bilen tanyşdyrdylar. Halkara bilermenleri “Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2013-2017-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň” çäklerinde ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň netijelerine ýokary baha berdiler.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow