Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 07.04.2023
2042

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Döwlet Baştutanlary mähirli salamlaşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler. Şol hyzmatdaşlygyň esasyny ozaldan gelýän dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary düzýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz eýranly kärdeşine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny beýan etdi.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Seýed Ebrahim Raisi mukaddes Oraza aýy mynasybetli birek-biregi tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler. Şunuň bilen baglylykda, goňşy döwletiň adyna Gahryman Arkadagymyzyň adyndan hem iň gowy arzuwlar beýan edildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanymyz 2022-nji ýylyň 14-15-nji iýunynda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran resmi saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlady. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, saparyň dowamynda açyklyk häsiýetinde oňyn gepleşikler geçirildi, dürli meseleler boýunça pikir alşyldy we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna degişli möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Döwlet Baştutanymyz saparyň netijeleriniň döwletara gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşler halkara syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meselelerine degip geçip, häzirki döwrüň derwaýys meseleleri boýunça, aýratyn-da, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda tagallalary birleşdirmekde garaýyşlaryň meňzeşdigini ýa-da gabat gelýändigini nygtadylar. Ýurtlaryň ikisiniň hem abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG we beýleki guramalar bilen netijeli gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda söhbetdeşler ähli ugurlarda, hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda bar bolan mümkinçilikleri nazara almak bilen, döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa toplumlarynda, oba hojalygynda gatnaşyklary giňeltmek babatda uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Döwlet Baştutanlary türkmen-eýran söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň oňyn häsiýetini nygtap, netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň möhüm gurallarynyň biri bolup durýan bilelikdäki hökümetara toparyň işiniň ähmiýetine ünsi çekdiler.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Seýed Ebrahim Raisi döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda halklaryň ýakynlaşmagynda, medeniýetleriň özara baýlaşmagynda möhüm orny eýeleýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ähmiýeti barada aýdyp, bu ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň wajypdygyny nygtadylar. Söhbetdeşler iki döwletiň mizemez dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklap, türkmen we eýran halklarynyň abadançylygynyň bähbidine ileri tutulýan ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini bellediler.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda döwlet Baştutanlary umumy bähbitlere laýyk gelýän türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Şeýle hem iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler. Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan hem Eýranyň doganlyk halkyna hoşniýetli arzuwlaryny aýtdy.

Soňky habarlar
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
08.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
08.04
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
07.04
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
top-arrow