Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Parahatçylyk söýüjilikli syýasat we halkymyzyň döredijilikli zähmeti Türkmenistanyň üstünlikleriniň gözbaşydyr
Hepdäniň wakalary
Parahatçylyk söýüjilikli syýasat we halkymyzyň döredijilikli zähmeti Türkmenistanyň üstünlikleriniň gözbaşydyr
Çap edildi 28.03.2023
1683

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary — netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, ösüşiň demokratik ýoluna ygrarlylyk, halkymyzyň ruhy-medeni gymmatlyklaryna aýawly garamak we olary ösdürmek ýaly wezipeler öz beýanyny tapdy.

20-nji martda Dohada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň ýokary derejedäki gepleşikleri geçirildi. Gepleşiklerden ozal, döwlet Baştutanymyz Kataryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we maýa goýum edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşyga gatnaşyjylar üçin ýurdumyzda öndürilýän önümler bilen tanyşdyrýan sergi guraldy.

Duşuşygyň dowamynda energetika, oba hojalyk toplumy, dokma senagaty, ylmy we innowasion önümçilikler, şäher gurluşygy, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ýaly ugurlarda maýa goýum işini ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek bilen baglylykda, Türkmenistanyň Katar Döwleti bilen bilelikde işewürler geňeşiniň döredilmeginiň tarapdarydygy tassyklanyldy. Katar Döwletiniň işewürler bileleşigine halkara turbageçirijiler, ulag-infrastruktura ulgamlarynda taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmak teklip edildi.

Dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri iki ýurduň ykdysadyýetleri üçin birnäçe möhüm ulgamlary hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezip, türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny giňeltmäge hem-de giň möçberli döwlet maksatnamalarynyň, halkara ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine taýýardyklaryny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, Kataryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iş alyp barmak ugrunda döredilýän amatly maýa goýum ýagdaýy we üpjün edilýän şertler bilen ýerinde tanyşmak üçin Türkmenistana gelip görmäge meýilleriniň bardygy nygtaldy. Mundan başga-da, türkmen telekeçileriniň Katarda bilelikdäki işewürlik taslamalaryny durmuşa geçirmekleri üçin ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygy aýdyldy.

Aşgabatda Kataryň ulag-logistika ulgamyndaky öňdebaryjy kompaniýalarynyň biriniň ýöriteleşdirilen merkezini açmak teklibi beýan edildi. Bank işi, gozgalmaýan emläk bazaryny ösdürmek, erkin senagat zolaklaryny döretmek ýaly birnäçe ugurlarda bilelikdäki işiň meýilnamalary kesgitlenildi.

Soňra Katar Döwletiniň Emiriniň köşgünde iki ýurduň wekiliýetiniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümdäki gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin hiç hili päsgelçilik ýok. Bar bolan ägirt uly kuwwaty durmuşa geçirmekde tagallalaryň birleşdirilmegi ýakyn geljekde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga, özara haryt dolanyşygyny ep-esli artdyrmaga, onuň düzümini we mazmunyny diwersifikasiýalaşdyrmaga mümkinçilik berer. Ýangyç-energetika toplumy, senagat we söwda, ulag-aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar, maýa goýumlar, gurluşyk, syýahatçylyk ulgamlary döwletara hyzmatdaşlygyň has ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi.

Şeýle hem ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryň gabat gelmeginiň ýurtlarymyzyň abraýly halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlygy üçin berk binýat bolup durýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlyk tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow maýa goýum, nebitgaz senagaty, bu pudaklar boýunça häzirki zaman, ýokary tehnologiýaly we ekologik taýdan arassa bilelikdäki önümçilikleri döretmek ýaly ugurlarda netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz, hususan-da, iki ýurduň arasynda nebit senagaty boýunça maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, katarly hyzmatdaşlary ýangyç-energetika toplumyna degişli halkara we beýleki taslamalary amala aşyrmaga has işjeň, netijeli gatnaşmaga çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyz dokma senagatyny hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitläp, katarly işewürleriň bu ugurdaky tekliplerine seretmäge doly taýýardygyny tassyklady. Şeýle-de ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigine üns çekildi. Hususan-da, Bilim, ylym we jemgyýetçilik ösüşi boýunça katar gaznasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga Türkmenistanyň uly gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, ylmy-amaly barlaglary geçirmek, dünýäniň ýokary tehnologiýalar babatda gazananlaryny özleşdirmek, tejribe we tälim alyş-çalyş saparlaryny guramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek teklip edildi.

Pikir alyşmalaryň çäklerinde sport ulgamyndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly birnäçe anyk teklipler, şol sanda Halkara ýaşlar sport oýunlaryny guramak teklibi beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz dürli ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin Katar Döwletiniň Emirine çuňňur minnetdarlyk bildirip, ony özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhleti diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Soňra ikiçäk görnüşde ýokary derejeli gepleşikler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alşyp, dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmegiň çemeleşmelerini kesgitlediler. Döwlet Baştutanlary taraplaryň gyzyklanma bildirýän halkara we sebit meseleleriniň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmek işindäki hyzmatdaşlykda garaýyşlarynyň doly gabat gelýändigini bellediler.

Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak çygrynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Baş prokuraturasy bilen Katar Döwletiniň Döwlet prokuraturasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda ýaşlar babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 2023-2024-nji ýyllar üçin sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Katar Döwletiniň Medeniýet we sport ministrliginiň arasynda Maksatnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary özara höweslendirmek we goramak hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Katar Döwletiniň Zähmet ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Diplomatik, gulluk we ýörite pasportlaryň eýeleri üçin wiza talaplaryny ýatyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.

Şeýle hem şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bilim, ylym we jemgyýetçilik ösüşi boýunça katar gaznasyna bardy we gaznanyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz köpugurly innowasion merkeziň esasy wezipeleri bilen tanyşdyryldy. Ýerli we ählumumy meseleleri çözmäge gönükdirilen Bilim, ylym we jemgyýetçilik ösüşi boýunça katar gaznasynyň howandarlygynda 50-den gowrak bilim we ylmy-barlag edaralary döredildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kataryň Milli muzeýiniň işi bilen tanyşdyryldy. Muzeýiň gaznasynda bu döwletiň dürli döwürlerdäki taryhy barada maglumat berýän köp sanly gymmatlyklar bar.

Saparyň çäklerinde Doha şäherinde Türkmenistanyň ilçihanasynyň açylyş dabarasy boldy. Dabaraly çärä daşary ýurtlaryň Katardaky diplomatik wekilhanalarynyň, şeýle-de ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

24-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk bilen bagly meselä garaldy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda we daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarymyzyň ýanyndaky ähli saýlaw uçastoklarynda saýlawlary ýokary derejede geçirmek maksady bilen, döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryny guramagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, 26-njy martda saýlawçylaryň ses bermäge gatnaşygy barada teleýaýlymlarda, internet serişdelerinde maglumat berlip, ses bermegiň barşynyň sanly ulgam arkaly merkezi saýlaw toparynyň web saýtynda onlaýn tertipde ir sagat 7:00-dan agşam sagat 19:00-a çenli göni ýaýlymda görkezilmegi möhümdir.

Saýlaw toparlarynyň agzalary raýatlarymyzyň saýlaw hukuklarynyň üpjün edilmegine örän jogapkärli çemeleşmelidirler. Saýlawlarda ses bermegi, onuň netijelerini yglan etmegi, saýlanan Mejlisiň deputatlaryny we welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalaryny bellige almagy, okrug hem-de uçastok saýlaw toparlarynyň işini, milli we halkara synçylar bilen işleri talabalaýyk ýola goýmaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda GDA-nyň synçylar toparyna ýolbaşçylyk edýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.

Myhman GDA-nyň synçylar toparynyň işi barada habar berdi hem-de ýurtda halkara synçylaryň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini nygtady. Bellenilişi ýaly, saýlaw möwsümi türkmenistanlylaryň işjeň gatnaşmagynda, ýokary guramaçylyk derejesinde geçýär. Şunuň bilen bir hatarda, Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda ýurdumyzyň GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde onuň geçirýän çärelerine işjeň gatnaşýandygy, häzirki zaman sebit hem-de ählumumy meselelerinde Arkalaşygyň ornunyň pugtalandyrylmagyna özüniň saldamly goşandyny goşýandygy nygtaldy.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewiň duşuşygynyň dowamynda GDA-nyň synçylar toparynyň işi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary, GDA-nyň synçylar toparynyň ýolbaşçysy Sergeý Lebedew bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda guramanyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň geljegi, taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, özara düşünişmek, hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Prezidenti Kararlaryň birnäçesine gol çekdi. Resminamalara laýyklykda, “Türkmen atlary” döwlet birleşigine Atçylyk ylmy-önümçilik merkezini bellenen tertipde döretmek hem-de bu merkeziň Tertipnamasyny taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine bolsa 2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny ylmy esasda taýýarlamak tabşyryldy.

26-njy martda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary giň bäsdeşlik esasynda geçirildi.

Saýlawlar ýurdumyzda döredilen 2602 saýlaw uçastogynda hem-de Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýanyndaky saýlaw uçastoklarynyň 42-sinde dabaraly ýagdaýda geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Köpetdag etrabyndaky Annanyýaz Artyk adyndaky ýöriteleşdirilen 68-nji orta mekdebiň çäginde ýerleşen 48-nji saýlaw uçastogynda ir bilen ses berip, her bir dalaşgäre üstünlik, saýlaw toparlarynyň agzalaryna bolsa bu möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäresini netijeli geçirmeklerini arzuw etdi.

Şeýle hem şol saýlaw uçastogynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow mynasyp gören dalaşgärine ses berdi.

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sowalyna beren jogabynda belleýşi ýaly, şu gezekki saýlawlaryň ozalkylardan tapawudy nobatdaky saýlawlara gatnaşýan dalaşgärleriň aglabasynyň ýaşlardan ybarat bolmagydyr. Bu bolsa kabul edilýän kada-kanunlaryň täze döwrüň ruhuna we talabyna laýyk derejede işlenip taýýarlanylmagynda ähmiýetlidir. Şu gezekki saýlawlara gatnaşýan dalaşgärleriň arasynda köp sanly gelin-gyzlaryň bolmagy hem ýurdumyzda zenan mertebesine möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Ähli saýlaw uçastoklary ses bermek üçin gutular, şol sanda göçme gutular, saýlaw býulletenleri hem-de ähli zerur sorag-jogap we usuly edebiýatlar bilen üpjün edildi. Ses bermek ýörite kabinalar bilen üpjün edilen ýerlerde geçirildi. Her bir saýlaw uçastogy ygtybarly aragatnaşyk we ulag serişdeleri bilen üpjün edildi. Saýlawlara onlaýn usulda merkezi saýlaw toparynyň internet saýtynda syn etmäge mümkinçilik boldy.

Saýlaw çäreleriniň barşyna syn etmegi ähli saýlaw uçastoklaryna baryp gören halkara we milli synçylar amala aşyrdylar. Şolaryň hatarynda BMG-den, GDA-dan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan synçylaryň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça býurosynyň bilermenleriniň bardygyny bellemek gerek. Olaryň baha bermeklerine görä, saýlawlar bäsdeşlik we demokratik esasda, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda geçdi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň maglumatlaryna görä, saýlaw uçastoklarynyň ýapylýan wagtyna — sagat 19:00-a çenli Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna saýlawçylaryň 91,12 göterimi, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryna 91,10 göterimi, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna bolsa 91,20 göterimi gatnaşdy.

Merkezi saýlaw toparynyň beren maglumatlaryna laýyklykda, saýlawlar geçirildi diýlip ykrar edildi.

Geçen hepdede paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahat geçirildi. Forumyň işine halkara guramalaryň wekilleri, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň şu ugur boýunça ýöriteleşen kompaniýalarynyň, şol sanda Özbegistanyň, Hytaýyň, Horwatiýanyň, Bolgariýanyň, Eýranyň, Koreýa Respublikasynyň ugurdaş kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de bilermenleri gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, dünýäde syýahatçylygy söýýänleriň hatarynda ýurdumyzyň taryhy ýerlerine, tebigy aýratynlyklary bolan künjeklerine we geçmiş bilen häzirki döwrüň sazlaşýan ýerlerine bolan gyzyklanmalar barha artýar. Şeýle hem Beýik Ýüpek ýolunyň geçýän ugry barha meşhurlyk gazanýar. Türkmenistan bolsa şol gadymy ýoluň ýüregi hasaplanýar. Köýtendagyň gowaklary, millionlarça ýyla barabar ýaşy bolan dinozawrlaryň aýak yzlary, Aşgabadyň köp sanly binagärlik ajaýyplyklary, şol sanda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen binalary, syýahatçylyk ugurlaryny ösdürmäge niýetlenen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy esasy üns çekilen ýerler boldy.

Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we syýahatçylyk boýunça iş alyp barýan hususy kärhanalarynyň wekilleriniň halkara guramalaryň we daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň hünärmenleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Şeýle-de gatnaşyklaryň täze ugurlary kesgitlenip, degişli resminamalara gol çekildi we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Foruma gatnaşyjylar Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna syn etmäge ýurdumyza gelen halkara synçylar bilen bir hatarda, Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäresine gatnaşdylar. Ýurdumyzyň folklor toparlarynyň, bagşy-sazandalarynyň hoş owazly çykyşlary, milli aşhanamyzyň dürli tagamlary myhmanlarda uly täsir galdyrdy.

Geçen hepdede Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki mejlis geçirildi. Mejlise Arkadag şäheriniň dolandyryş we beýleki edaralarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine täze kabul edilen «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, beýleki kanunçylyk namalaryna, guramaçylyk meselelerine garamak, şeýle-de öňde durýan wezipeler girizildi.

Gahryman Arkadagymyz mejlisiň barşynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda gurlan binalaryň we desgalaryň açylmagy mynasybetli guraljak dabaralara daşary ýurtly myhmanlary, abraýly halkara guramalaryň wekillerini çagyrmak bilen baglanyşykly meselelere seretmegi tabşyrdy.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda täze şäherde dürli maksatly desgalaryň 336-synyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu işlerde ýaşlaryň tekliplerine, täzeçil garaýyşlaryna zerur üns berilýär. Şeýlelikde, hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy bilen täze şäher, sözüň doly manysynda, ýaşlaryň şäherine öwrüldi. Onuň binagärlik we bezeg aýratynlyklarynyň häzirki zamanyň ösen tejribesine, milli binagärlik ýörelgelerine doly laýyk gelýändigi bellenildi.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Eduardo Antonio Zuaýndan ynanç hatyny kabul etdi. Özara bähbitlilik esasynda guralýan türkmen-argentin hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça düýpli pikir alyşmalaryň çäklerinde ençeme ugurlarda hyzmatdaşlygyň okgunly ösmegini üpjün edýän özara gyzyklanmalaryň bardygy tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiziň yglan eden tertibine laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 24-nji martda gowaça ekişine başladylar. Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bu möwsüme 29-njy martda girişerler.

Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular meýdanlara ilkinji gowaça tohumlaryny sepip, ekişe ak pata berdiler. Şu ýyl ýurdumyz boýunça 580 müň gektara gowaça ekiler. Gowaça ösdürip ýetişdirmäge oba hojalyk ähmiýetli ýer gaznasyndan ýer böleklerini alan hususy önüm öndürijiler hem gatnaşýarlar.

Umuman, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň jemgyýetimiziň mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrylmagyna, daşary ýurtlar bilen ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine ýurdumyzyň innowasion taýdan depginli ösdürilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýany boldy.

Soňky habarlar
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
top-arrow