Düýn ýurdumyzda däp bolşy ýaly, her ýylyň dekabr aýynyň ilkinji ýekşenbesinde Goňşokara baýramy uly dabara bilen giňden bellendi. Halkymyzyň agzybirliginiň ýene bir aýdyň subutnamasy bolmak bilen bu hoşniýetli nurana baýramçylyk türkmen halkynyň häzirki zamanda uly hormat-sarpa bilen dowam etdirilýän asylly däp-dessurlaryna mizemez ygrarlydygyny şöhlelendirýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçirilen dabaralara gatnaşyjylar il sylagly ýaşulular, medeniýet we sungat işgärleri, ýaşlar-baýramçylyga gelen myhmanlary şatlykly hem mähirli garşylap, gadymy türkmen däbine laýyklykda, bir-birege duz-çörek, milli tagamlary, naz-nygmatlary hem-de ir-iýmişleri hödürlediler. Derhal gurlan sahnalarda belli estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň, folklor we tans toparlarynyň gatnaşmagynda bolan konsert ählihalk baýramçylygyna ajaýyp öwüşgin çaýdy. Olaryň joşgunly çykyşlary myhmansöýerlik, mähir we şatlyk höküm sürýän, ýurdumyzda her ýyl geçirilýän Goňşokara baýramynyň dabarasyny hasam artdyrdy. Dabara gatnaşyjylaryň uly buýsanç hem hoşallyk bilen belleýişleri ýaly, häzirki döwürde bu ajaýyp däp-dessurlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de ählumumy abadançylygyň, gülläp ösüşiň bähbitlerini nazara alýan giň halkara hyzmatdaşlygy syýasatynda öz beýanyny tapyp, täze many-mazmuna eýe boldy. Uly taryhy waka- Aziýa halkara ulag geçelgesiniň birinji tapgyrynyň ulanylmaga berilmegi bilen dabaralanan geçen hepde hem muny aýdyň görkezdi. Atamyrat—Ymamnazar (Türkmenistan)—Akina(Owganystan) täze ýoluň işe girizilmegini alamatlandyrýan dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani gatnaşdylar. Bu taslama Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edaralary tarapyndan amala aşyryldy. Uzynlygy 88 kilometr bolan ýoluň ugrunda 256 we 363 metre barabar iki sany uly köpri guruldy. «Gülistan» we «Ymamnazar» menzilleri, täze beketler hem-de zerur bolan tehniki we durmuş maksatly desgalaryň birnäçesi işe girizildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleşi ýaly, Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldýän bu ýol, berkarar döwletimiziň ulag -üstaşyr kuwwatyny has-da artdyrar. Ýewropa, Aziýa—Ýuwaş ummay we Günorta Aziýa ugry boýunça örän möhüm halkara geçelgä öwrüler. Sebitiň döwletleri bilen netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam berer. Millionlarça adamlaryň bähbitlerine, ählumumy parahatçylyga we abadançylyga hyzmat eder diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Täze demir ýoluň gurulmagy bilen, Owganystanyň, Täjigistanyň, Hytaýyň, Hindistanyň, Pakistanyň we Aziýa— Ýuwaş ummany sebitleriniň ýurtlary üçin giň mümkinçilikler açylýar. Eýrana, Gazagystana, Russiýa Federasiýasyna, Azerbaýjana we Ýewropa ýurtlaryna iberilýän ýükleriň artdyrylmagyna amatly şertler döredilýär. Şunuň bilen birlikde Türkmenistan Ýewraziýa sebitinde polat ýollaryň uly çatrygyna, iri ulag- üstaşyr merkezine öwrülýär. Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani öz gezeginde owgan halky doganlyk döwletiň ýöredýän, uly netijelere getirýän oýlanyşykly daşary syýasatyna ýokary baha berýär, Türkmenistanyň Bitaraplyk derjesine hormat we buýsanç duýgusy bilen garaýar diýip belledi. Geljekde Akinadan Hindistana çenli, soňra bolsa Günorta Aziýa çenli baryp ýetjek Türkmenistan-Owganystan demir ýolundan başga-da, milli Liderimiziň başyny başlan Türkmenistan- Owganystan- Pakistan- Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy, şeýle hem Owganystana we Pakistana elektrik energiýasyny ibermäge niýetlenen taslama göniden-göni bu syýasatyň netijesi bolup durýar. Olaryň amala aşyrylmagy Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetlerini berkidip, ýagtylyk we ýylylyk alyp geler diýip, Mohammad Aşraf Gani aýtdy. Polat ýoly seplemek dabarasy tamamlanan badyna Owganystanyň çägine türkmen önüm öndürijileriniň önümleri ýüklenen 46 wagondan ybarat bolan ilkinji ýük otlysy ugradyldy. Olaryň onusyna un, şonça möçberdäkisine däne we ýene 10-syna sement ýüklendi. Beýleki ýükleriň hatarynda kükürt, karbamid bar. Süýji-köke önümleri aýratyn ýük hökmünde ugradyldy. Şol gün «Ymamnazar» gümrük nokadynda nebit önümlerini kabul edýän, saklaýan we ugradýan täze terminal işe girizildi. döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy terminala bir wagtyň özünde nebit önümleriniň 540 müň tonnasyny ýa-da bir gije-gündiziň dowamynda 2 müň tonna ýangyç serişdelerini kabul etmäge, saklamaga we ugratmaga mümkinçilik berýär. Teleköpri arkaly alnyp görkezilişiň kömegi bilen dabara gatnaşyjylar ýangyç daşaýan wagonlar arkaly terminala nebit önümleriniň getirilişi we kabul edilişi, şeýle hem nebit önümleriniň ýörite turbalar arkaly owgan serhedine ýangyç daşaýan ýük awtoulaglaryna ýüklenilişine syn etdiler. Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyrynyň işe girizilmegi mynasybetli Lebap welaýatynda başlanan dabara soňra owgan topragynda, Akina demir ýol bekedinde dowam etdi. Ol ýere Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Ymamnazar bekedinden otly bilen geldiler hem-de täze demir ýolunyň ilkinji ýolagçylary boldular. Akinada geçirilen dabaralaryň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iki goňşy halkyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy üçin Owganystanyň iň ýokary sylaglarynyň biri bolan «Gazy Mohammad Akbar Han» atly Döwlet medaly bilen sylaglamak dabarasy boldy. Syny dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2-nji dekabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň nobbatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine garalandygyny belleýäris. Olaryň arasynda möwsümleýin meýdan işleriniň barşy, ýurdumyzda ýüňüň dürli görnüşleriniň önümçiligini we ony gaýtadan işlemegi ýola goýmak, Aşgabady abadanlaşdyrmak, «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň işini kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek meseleleri bar. Habar berlişi ýaly, Aşgabadyň halkara howa menzilinden daşarky gatnawlaryň ugurlaryny artdyrmak boýunça degişli işler geçirilýär. Ýakyn wagtda Aşgabat-Kazan ugry boýunça gatnaw türkmen howa ýollarynyň üstüni ýetirer. Ol hepde-de iki gezek amala aşyrylar. Mejlisiň barşynda dekabr aýynda geçiriljek Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 21 ýyllygyna, Nebit-gaz senagaty we geologiýa işgärleriniň günine, BMG-niň Çagalar gaznasynyň 70 ýyllygyna, Täze ýyla we beýlekilere bagyşlanan çärelere taýýarlyk hakynda aýdyldy. Milli Liderimiziň garamagyna 2017-nji ýylda Aşgabatda geçjek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýeňijileri we baýrakly orunlary eýelän türgenler üçin medallaryň nusgalary hödürlendi. Habar berlişi ýaly, Oýunlaryň maksatnamasyna girýän sport görnüşleriniň 21-si boýunça geçiriljek ýaryşlarda baýrakly orunlary eýelän türgenleri sylaglamak üçin altyn, kümüş we bürünç medallaryň 2 müňüsi gerek. Döwlet Baştutanymyz Demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň güni mynasybetli pudagyň tapawutlanan zähmetkeşlerini «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi. Mundan başga hem, geçen hepde-de Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak, jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy, kanuçylygy we hukuk tertibini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berdiler. Türkmenistanyň pagta önümleriniň VI halkara sergi-ýarmarkasy hem-de «Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary» atly halkara maslahaty ýurdumyzyň pagtaçylygynyň we obasenagat toplumynyň gazanan üstünliklerini, dokma senagatynyň ýeten sepgitlerini aýdyň görkezdi. Iki günlik maslahatyň işine ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň edaralarynyň wekilleri hem-de dünýäniň 30-a golaý ýurdundan myhmanlar, Russiýadan, ABŞ-dan, Hytaýdan, Germaniýadan, Beýik Britaniýadan, Italiýadan, Şweýsariýadan, Ýaponiýadan, Singapurdan, Hindistandan, Bangladeşden, Eýrandan, Türkiýeden, Gazagystandan, Özbegistandan, Belarusdan we beýleki ýurtlardan bolan 70-den gowrak daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Serginiň çäklerinde Döwlet haryt-çig mal biržasynyň görkezme meýdançasynda pagta satyn almak boýunça söwda geçirildi. Onuň barşynda pagta önümlerini satmak üçin umumy bahasy ABŞ-nyň 30 million 321 müň dollaryndan gowrak şertnama baglaşyldy. German ykdysadyýetiniň Türkmenistandaky günlerine gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen GFR-iň wekilýetiniň agzalary netijeli gepleşikler geçirdiler. Wekilýetiň düzümine hökümet düzümleriniň, işewürligi we dürli pudaklarda ýöriteleşdirilen iri kompaniýalary ösdürmek boýunça döwlet guramalarynyň ýolbaşçylary girdiler. Işjeň maslahatyň barşynda ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alyşmalar boldy. Ýangyç-energetika toplumy, elektroenergetika, himiýa senagaty, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, ýeňil senagat, maşyngurluşygy, oba hojalygy, ulag-aragatnaşyk ulgamy ykdysadyýetdäki gatnaşyklaryň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi. Bank-maliýe, standartlaşdyrmak we ätiýaçlandyryş, hususy telekeçiligiň çäklerindäki geljegi uly hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine hem ähmiýet berildi. Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlylyk etmegine taýýarlygyň çäklerinde paýtagtymyzda geçirilen iki günlük duşuşykda öňdebaryjy halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň meselelerine garaldy. Duşuşyk German jemgyýetiniň «Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetüsti arkaly dolandyrmagyň» halkara hyzmatdaşlygy boýunça Maksatnamasynyň goldaw bermeginde ýurdumyzyň Daşary işler hem-de Oba we suw hojalyk ministrlikleri tarapyndan guraldy. Oňa ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Daşky gurşaw baradaky Maksatnamasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, Ýewropa Bileleşiginiň, Bütindünýä bankynyň, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň, Şweýsariýanyň ösüş we hyzmatdaşlyk agentliginiň hem-de Yslam ösüş bankynyň wekilleri gatnaşdylar. Halkara ylmy-okuw merkezinde Bütindünýä Saglygy goraýyş Guramasynyň Ýewropa ministrler maslahatynda kabul edilen ýokanç däl kesellere garşy göreş we olaryň öňüni almak boýunça Aşgabat Jarnamasynyň üç ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçdi. Jarnamada adamlara ezýet berýän hem-de ýurtlaryň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine päsgel berýän ýokanç däl keseller bilen göreşiň bar bolan gurallaryna taraplaryň meýilleri tassyklanýar.şeýle hem bu keselleriň belli bir dereje-de öňüni alyp bolýanlygy bellenýär. Çünki olar keselleriň döremegi üçin ýagdaýlaryň dördüsi, temmäki çekmek, alkogolly içgileri içmek, ýaramaz iýmit hem-de beden işjeňligi ýeterlik bolmadyk ýagdaýy bilen baglanyşyklydyr. Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda Energetika Hartiýasy boýunça Maslahatyň 27-nji mejlisi boldy. Onuň çäklerinde Türkmenistan bu iri halkara guramasynyň başlygy diýlip yglan edildi. Munuň özi biziň ýurdumyzyň halkara derejesinde ýokary abraýynyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän oňyn syýasatyň ählumumy goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 21 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda ýurdumyzda hasaba alynan diplomatik wekilýetleriň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, D. Azady adyndaky Türkme milli dünýä dilleri institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda welosipedli ýöriş guraldy. Şeýlelikde, Türkmenistan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halklaryň özara medeni baýlaşmaklarynyň, özara bähbitli taslamalaryň üsti bilen halklaryň birek-birege ýakynlaşmagynyň tarapdary bolup, öz mysalynda halkara hyzmatdaşlygynyň belent ýörelgelerini —ynanyşmagy, dostlugy, hoş niýetli goňşuçylygy tassyklaýar hem-de wagyz edýär.