Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Dostluk we ynanyşmak syýasaty — ata Watanymyzyň gülläp ösüşiniň kepili
Hepdäniň wakalary
Dostluk we ynanyşmak syýasaty — ata Watanymyzyň gülläp ösüşiniň kepili
Çap edildi 21.03.2023
2141

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwlet strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

13-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýerine ýetirilişi, ählihalk bag ekmek dabarasyny hem-de Milli bahar baýramy mynasybetli welaýatlarda meýilleşdirilen çäreleri guramaçylykly geçirmek bilen bagly meselelere garaldy. Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

16-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Buig” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buigi kabul etdi. Duşuşygyň barşynda işewür döwlet Baştutanymyza kompaniýa ynanylan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada giňişleýin maglumat berdi. Şeýle-de durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlary, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri hasaba almak bilen işlenip taýýarlanylan täze teklipleri beýan etdi.

17-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri we 26-njy martda geçiriljek Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk, ýurdumyzyň parlament wekiliýetiniň Bahreýn Patyşalygynyň Manama şäherinde geçirilen Parlamentara Birleşigiň 146-njy maslahatyna we onuň çäklerinde guralan Goşulyşmazlyk Hereketiniň parlament torunyň nobatdaky maslahatyna gatnaşandygy barada habar berildi.

Halkara maliýe edaralary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak, ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, aragatnaşyk ulgamynyň hyzmatlaryny giňeltmek, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi döwrebap awtomobil ýolunyň we degişli düzümleýin desgalaryň gurluşygy, ýurdumyzyň telekeçileriniň netijeli işlemegi üçin zerur şertleriň döredilişi, oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy Ministrler Kabinetiniň mejlisinde garalan meseleleriň hatarynda boldy. Milli bahar baýramy mynasybetli çäreleri, şeýle-de “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahaty guramak, döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň işini sanlylaşdyrmak, ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara olimpiadalary hem-de ylmy maslahaty geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 24-nji martda — anna güni, Daşoguz welaýatynda bolsa 29-njy martda — çarşenbe güni gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz birnäçe resminamalara gol çekdi. Şolaryň hatarynda nebitgaz toplumyny zerur serişdeler bilen üpjün etmek boýunça resminama hem bar. Mundan başga-da bilim edaralaryny Türkmenistanda öndürilen noutbuklar bilen üpjün etmek, şeýle hem olary 2023-2024-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdeplerine kabul edilýän birinji synp okuwçylaryna sowgat bermek baradaky Karara gol çekildi. Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana hem-de bu resminamany ýerine ýetirmek baradaky Buýruga gol çekdi.

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däp-dessurlaryndan ugur alyp, 2023-nji ýylyň mart aýynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ukrain halkynyň çagalary üçin ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Dokma senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli derman, saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, harytlary, azyk önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde Ukraina muzdsuz bermek tabşyryldy. Hormatly Prezidentimiz, 2023-nji ýylda iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlanylmagy we ulanmaga tabşyrylmagy bilen baglylykda, degişli Buýruga gol çekdi.

18-nji martda ýurdumyzda Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça giň möçberli maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginiň nobatdaky tapgyryna badalga berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy Arkadag şäherinde hem geçirildi.

Oturdylan bag nahallary iri tokaý-seýilgäh zolaklarynyň bir bölegi bolmak bilen, ata Watanymyzy miweli baglaryň, ýaşyl oazisleriň, gür tokaýlyklaryň mekanyna öwrüp, bereketli türkmen topragyna has-da bezeg berdi.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergi bilen tanyşdy.

Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda 200-den gowrak gatnaşyjy öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy. Şolaryň hatarynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzüm hem-de welaýat bölümleri, oba hojalygynda, azyk we gaýtadan işleýän senagatda, gurluşykda, gurluşyk serişdeleriniň, elektrik enjamlarynyň, öý hojalyk tehnikasynyň önümçiliklerinde, söwda, bilim, durmuş hyzmatlary, ulag, logistika ulgamlarynda, halk senetçiliginde ýöriteleşen hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri bar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleri öndürmek boýunça wezipeleri çözmekde gazanan üstünliklerine sergide aýratyn üns çekildi.

Geçen hepdede ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda geçirilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki duşuşygynyň Jemleýji Jarnamasy şu ýylyň 1-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde çap edildi. Bu waka Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň hem-de döredijilikli başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan doly goldanylýandygyna, Watanymyzyň halkara abraýynyň barha artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Işewür özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýalar toparynyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň netijeleri, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň kesgitlenen ugurlary barada maglumat berdi. Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşyna ýurdumyz üçin ähmiýetli bolan täze desgalaryň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň, şeýle-de Stomatologiýa merkeziniň gurluşyklary ynanyldy. Olar ýakyn wagtlarda saglygy goraýyş köpugurly düzüminiň üstüni ýetirer.

15-nji martda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze saglygy goraýyş desgalarynyň düýbüni tutmak dabaralary boldy.

Şeýle hem şol gün paýtagtymyzyň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän Hezreti Omar metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň galam hakynyň serişdelerine Türkiýe Respublikasynda köp sanly adam pidalaryna getiren ýertitreme zerarly şehit bolanlaryň hatyrasyna sadaka berildi. Sadaka şu waka bilen baglylykda Aşgabada ýörite gelen Türkiýe Respublikasynyň din wekilleri hem gatnaşdylar.

16-njy martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşdy. Sammitiň gün tertibine adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak, ynsanperwerlik kömegini bermek, tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak, olaryň netijelerini aradan aýyrmakda tagallalary utgaşdyrmak, täze wehimlere garşy durmagyň çärelerini işläp taýýarlamak ulgamlarynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleler, şeýle-de sebit we halkara meseleleriň möhüm ugurlary girizildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow sammitdäki çykyşynda 6-njy fewralda Türkiýäniň günorta-gündogar sebitinde bolup geçen güýçli ýertitreme zerarly gynanç bildirip, ejir çekenlere tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi. Gahryman Arkadagymyz sammitiň «Tebigy betbagtçylyklar: adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak we ynsanperwerlik ýardamy» atly mowzugyna ünsi çekip, «Söýenişen ýykylmaz» diýlen türkmen nakylyny aýtdy. Milli Liderimiz: “Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup goldan türk doganlarymyz boldy. Türk doganlarymyz ýurdumyzyň iki gezek ykrar edilen Bitaraplygyny hem ilkinji bolup goldady” diýip belledi.

Türkiýeli işewürleriň gatnaşmagynda 2000-nji ýyldan bäri ýurdumyzda bahasy 110 milliard 382 million 53 müň amerikan dollaryna deň bolan taslamalar we işler ýerine ýetirildi. Türkiýäniň işewürleri bilen hyzmatdaşlyk mundan beýläk-de dowam etdiriler. Gahryman Arkadagymyz iri taslamalar barada aýdyp, Türkmenistanyň türkmen gazyny Türkiýä ibermek baradaky meselä seretmäge taýýardygyny, gerek bolsa, gaz geçirijisiniň gapdaly bilen elektrik toguny geçiriji ulgamynyň hem guruljakdygyny belledi.

Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşýan ýurtlaryň seýsmiki zolaklarda ýerleşýändigini, munuň bolsa wagtal-wagtal ýer yranma hadysasynyň ýüze çykmagyna getirýändigi sebäpli, türkmen halkynyň Milli Lideri seýsmologiýanyň, häzirki zaman geodinamikanyň we geofizikanyň binýatlyk meseleleri babatda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada aýdyp, indiki ýyl akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň uly toýunyň — 300 ýyllygynyň belleniljekdigine ünsi çekdi we Türkmenistanyň indi synçy hökmünde däl-de, gurama hakyky agza hökmünde gatnaşjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürlemek teklibini goldady. Dostlukly ýurduň Lideriniň tutuş sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, halkara gatnaşyklarda özara düşünişmegi, raýdaşlygy berkitmek barada uly tagallalary edýändigi bellenildi.

Sammitiň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşyklary boldy. Duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi bilen bagly meseleleriň giň gerimi boýunça pikir alşyldy.

Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň şu ýylyň 26-njy martynda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk işleri dowam edýär. Ähli ýerlerde dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilýär. Dalaşgärler saýlawçylary saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalary bilen tanyşdyrýarlar. 16-njy martda dürli sebäplere görä saýlaw uçastogyna gelip, dalaşgär üçin ses bermäge mümkinçiligi bolmadyk saýlawçylar üçin möhletinden öň ses bermek çäresi başlandy. Birnäçe halkara synçylar topary eýýäm saýlawlara taýýarlyk işlerine syn etmäge başladylar.

Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmen-tatar işewürlik maslahaty geçirildi. Duşuşykda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, hususan-da, senagat, energetika, oba hojalygy, ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sanly ulgam arkaly geçirilen Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň ýigrimi ikinji maslahatynda Kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesine, şol sanda “Türkmenistanyň Mejlisi hakynda”, “Brýussel şäherinde kabul edilen we Üýtgetme girizmek baradaky Teswirnama arkaly üýtgetme girizilen Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň sazlaşdyrylan ulgamy hakyndaky halkara Konwensiýa goşulmak hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda” Kanunlaryň taslamalaryna garaldy we olar kabul edildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlaryna laýyklykda, Arkadag şäheriniň düzüminde täze Kärizek we Gorjaw etraplary döredildi, Arkadag şäherinde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna bolsa türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlary dakyldy.

Adalat köşgünde Türkmenistanyň kazylarynyň V maslahaty geçirildi. Sanly ulgam arkaly geçirilen forumyň gün tertibine ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler girizildi.

Saraýewo şäherinde ýetginjekleriň arasynda geçirilen dzýudo boýunça Ýewropa kubogynda türkmen türgeni 66 kilograma çenli agramda altyn medala mynasyp boldy. Birinjilik ugrunda 13 ýurtdan 27 türgen ýaryşdy.

Umuman, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň depginli ösdürilmegine, uzak möhletleýin özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň aýdyň beýany boldy.

Soňky habarlar
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
top-arrow