Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen dzýudoçysy Saraýewoda geçirilen Ýewropa ýetginjekler Kubogynda altyn medal gazandy
Sport
Türkmen dzýudoçysy Saraýewoda geçirilen Ýewropa ýetginjekler Kubogynda altyn medal gazandy
Çap edildi 19.03.2023
6237

Saraýewoda (Bosniýa we Gersegowina) başlanan Ýewropa ýetginjekler Kubogynda türkmen dzýudoçysy Serdar Rahymow altyn medal gazandy. Bu ajaýyp üstünlige Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji ýyl talyby «Iň güýçli» diýen at ugrunda 13 ýurtdan 27 türgeniň gatnaşýan ýaryşynda 66 kilograma çenli agram toparynda gazandy.

Ilkinji göreşde ildeşimiz «Wazari» bahasy hasabyna 2019-njy we 2020-nji ýyllarda Ýewropa Kubogynyň bürünç medalynyň eýesi, 19 ýaşly Walerio Ferrony (Italiýa) ýeňdi. Soň ol 2022-nji ýylyň Ýewropa ýetginjekler Kubogynyň bürünç medalynyň eýesi Kşiştof Klimkiýewiçden (Polşa) üstün çykdy.

Çärýek finalda Serdar Rahymow «Wazariniň» netijesinde Marko Loýaniçiçden (Serbiýa) üstün çykdy. Ýarym finalda ol 36 sekuntda bu ýaryşyň bürünç medalçysy Ýuwal Odin Levenşteýni (Ysraýyl) ipon (aýdyň ýeňiş) bilen ýeňdi, finalda bolsa 2 minut 46 sekuntda Flawius Lunguny-da (Rumyniýa) ipon bilen ýeňdi.

Bu, türkmenistanly 18 ýaşly birinji derejeli türgeniň şu aýda halkara ýaryşlarda gazanan ikinji uly üstünligidir. Bir hepde şondan öň ol Rimde (Italiýa) geçen Ýewropanyň açyk çempionatynda finalda 2 «Wazari» bahasynyň hasabyna diňe 2022-nji ýylda Saraýewoda geçirilen Ýewropa Kubogynyň 21 ýaşly bürünç medalçysy Beýik Britaniýaly Çarli Ýaňgudan ýeňlip, kümüş medal gazandy,

Serdar Rahymow dzýudo göreşi bilen meşgullanmaga ilkinji tälimçisi Baýram Şerapowyň halypalygynda Hojambazda (Lebap welayaty) başlapdy. Häzirki wagtda ol Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Gahryman Amandurdyýewiň ýolbaşçylygynda sport ussatlygyny kämilleşdirýär.

Saraýewoda iki gün dowam eden Ýewropa–2023 ýetginjekler Kubogy dört yklymyň 18 ýurdundan 268 türgeni (166 erkek we 102 zenan) bir ýere jemledi, olar 7 erkek we 7 zenan agram toparynda 14 medal ugrunda bäsleşýär.

Bu ýaryşa Türkmenistanyň toparynda 13 dzýudoçy (10 erkek we 3 zenan) gatnaşýar.

Soňky habarlar
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow