Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanda Goňşokara baýramy mynasybetli çäreler geçirildi
Jemgyýet
Türkmenistanda Goňşokara baýramy mynasybetli çäreler geçirildi
Çap edildi 04.12.2016
2947

Türkmenistanda däp bolşy ýaly her ýylyň dekabr aýynyň ilkinji ýekşenbesinde bellenilýän Goňşokara baýramy mynasybetli çäreler geçirildi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda guralan dabaralara gatnaşyjylar - il sylagly ýaşulular, medeniýet we sungat işgärleri, ýaşlar baýramçylyga gelen myhmanlary şatlykly hem mähirli garşylap, gadymy türkmen däbine laýyklykda, bir-birege duz-çörek, milli tagamlary, naz-nygmatlary hem-de ir-iýmişleri hödürlediler. Belli estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň, folklor we tans toparlarynyň gatnaşmagynda bolan konsert ählihalk baýramçylygyna ajaýyp öwüşgin çaýdy. Olaryň joşgunly çykyşlary myhmansöýerlik, şatlyk ýagdaýyny döretdi. Bu ajaýyp we röwşen baýram dostlugy we jebisligi, biziň günlerimizde täze mazmun bilen baýlaşdyrylan däp-dessurlara ygrarlylygyň nyşany boldy. Bu ýörelgeler Türkmenistanyň parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyga hem-de giň halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen daşary syýasatynda öz beýanyny tapýar.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow