Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Çili Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Çili Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 07.03.2023
1661

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Çili Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rodrigo Enrike Arkos Kastrodan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi hoşniýetli arzuwlar hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Prezidentine iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ilçi parahatçylyk söýüjilikli syýasaty, oňyn başlangyçlary bilen halkara giňişlikde uly abraýa eýe bolan Türkmenistanda Çili Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili bolmagyň özi üçin uly mertebedigini belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda dostlukly ýurduň ilçisi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler, şeýle-de iri halkara taslamalar bilen tanyşdyryldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan we milli ykdysadyýetimiziň innowasion kuwwatynyň artdyrylmagyna, onuň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, häzirki zaman düzümleriniň döredilmegine, halkyň maddy hal-ýagdaýynyň, durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen durmuş-ykdysady maksatnamalaryna aýratyn üns çekildi.

Şeýle hem diplomat amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler bilen baglylykda, türkmen parlamentiniň gurluşy we köptaraplaýyn işi bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmäge özara gyzyklanma bildirildi.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, jenap Rodrigo Enrike Arkos Kastrony Çili Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Onuň ýokary şahsy häsiýetleri öz wezipesini Siziň Alyhezretiňiziň ynamyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňize meniň adymdan ähli beýan etjeklerine, aýratynda, Size abadançylyk we Türkmenistana rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Gabriel Boriç Font,

Çili Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
top-arrow