Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Mejlisindäki duşuşyk
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Mejlisindäki duşuşyk
Çap edildi 22.02.2023
1246

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň giň ugurlar boýunça, şol sanda parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, energetika, ulag, ekologik meseleleri çözmek, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak ýaly ugurlar boýunça gatnaşyklary ýola goýýandygy nygtaldy. Bellenilişi ýaly, bu ugurlardaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin häsiýete eýe bolmak bilen, yzygiderli amala aşyrylyp, anyk netijelere ýetmäge gönükdirilendir. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Türkmenistanda geçirilýän halkara çärelere, şol sanda Mejlisiň guraýan forumlaryna gatnaşmaga döredilýän mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, olaryň ähmiýeti barada nygtady. Şeýlelikde, bu çäreleriň netijeleri sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Häzirki döwürde ata Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty amala aşyrmak bilen, halkara giňişlikde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar we sebitde parahatçylygy, durnuklylygy, gülläp ösüşi üpjün etmegiň nusgasyny görkezýär. Işlenip taýýarlanylýan we kabul edilýän kanunçylyk namalary döwlet Baştutanymyzyň syýasy, ykdysady, durmuş ösüşi babatda öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirilýär. Sebit merkeziniň ýolbaşçysy parahatçylygy pugtalandyrmak, gender deňligini, zenanlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Duşuşygyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen we ýurdumyzyň Konstitusiýasynda berkidilen halkara kadalara ygrarly bolmak bilen, Türkmenistanyň BMG-niň degişli konwensiýalarynyň, ylalaşyklarynyň we maksatnamalarynyň düzgünlerine berk eýerýändigi bellenildi.

Soňky bäş ýylyň dowamynda Natalýa Germanyň ýolbaşçylyk eden BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işiniň ähmiýeti barada aýdyp, milli parlamentiň ýolbaşçysy bu düzümiň wezipeleriniň Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine kybap gelýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, 15 ýylyň dowamynda bu düzüm häzirki zamanyň köp sanly meselelerini çözmekde Birleşen Milletler Guramasyny Merkezi Aziýa ýurtlary bilen baglanyşdyrýan ygtybarly binýat hökmünde özüni görkezdi.

Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde, ýurdumyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlaryna goldaw bermekde Natalýa Germanyň ägirt uly şahsy goşandy bellenildi. Şeýle-de sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýändigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen BMG-niň uzak geljegi nazarlaýan we ählumumy abadançylygyň, ösüşiň rowaçlanmagyny baş maksat edinýän netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildirildi.

Soňky habarlar
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
08.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
08.04
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
07.04
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
top-arrow