Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Dominikan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Dominikan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 20.02.2023
1344

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Dominikan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elwis Antonio Alam Loradan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ynanyşmak hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gönükdirilen jogapkärli wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.

Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Dominikan Respublikasynyň Prezidenti Luis Abinaderiň mähirli salamyny hem-de ykdysady ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn, şeýle-de köptaraplaýyn görnüşde, ozaly bilen, iri halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli alnyp barylýan türkmen-dominikan hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy boýunça düýpli pikir alyşmalar boldy. Ilçi biziň ýurdumyza uly halkara abraý getiren, ählumumy hormaty üpjün eden Bitarap Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy nyşanyna öwrülen düýpli özgertmeleriň barşy barada oňa habar berildi.

Mejlisiň Başlygy özygtyýarly ösüş ýyllarynda Türkmenistanyň gazanan ägirt uly üstünlikleri, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň, abadançylygynyň bähbidine amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler barada gürrüň berdi. Diplomat milli parlamentiň düzümi we alyp barýan işleri, kanun çykaryjylyk ulgamynda geçirilýän düýpli özgertmeler bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň ahyrynda Dominikan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi iki ýurduň milli bähbitleri hem-de olaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge meýilleri hasaba alnyp guralýan köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Gadyrly we hormatly dostum!

Dominikan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda emele gelen dostluk, özara düşünişmek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, jenap Elwis Antonio Alam Lorany Dominikan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belländigimi Siziň Alyhezretiňize habar bermäge şatdyryn. Jenap Alam Loranyň ýokary adamkärçilik häsiýetleri we başarnyklary onuň üstüne ýüklenen wezipeleri özüne ynanylan belent maksatlara ýetmek ugrunda üstünlikli amala aşyrjakdygyna mende ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de Dominikan Respublikasynyň adyndan beýan etjek ähli sözlerine, esasan-da, meniň Siziň Alyhezretiňize bagt we Türkmenistana gülläp ösüş baradaky arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Hoşniýetli arzuwlar bilen,

Luis Abinader,

Dominikan Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.08
Watanymyzyň ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
31.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 274 müň dollaryndan gowrak boldy
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow