Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Watanymyzy okgunly ösdürmek üçin täze taslamalar, täze pikirler we dolandyryş çözgütleri
Hepdäniň wakalary
Watanymyzy okgunly ösdürmek üçin täze taslamalar, täze pikirler we dolandyryş çözgütleri
Çap edildi 14.02.2023
2097

Döwlet Baştutanymyzyň geçen hepdede geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzy ösdürmek boýunça beýan eden oýlanyşykly strategiýasy ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň okgunly ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ählumumy parahatçylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.

6-njy fewralda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleriniň depginini güýçlendirmek, öňümizdäki möwsümde ulanyljak tehnikalary, gurallary taýýarlamak, ýazky ekişe çenli pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen doly üpjün etmek babatda tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, ak ekin meýdanlarynda ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda alyp barmak, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görmek, ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylynyň öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap alynmagyny gözegçilikde saklamak, suwdan rejeli peýdalanmak zerurdyr.

Welaýat häkimlerine ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi, ilatly ýerleriň elektrik energiýasy, suw, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmegi bilen baglanyşykly tabşyryklar berildi. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatlarda gurulmagy göz öňünde tutulan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky, binalardaky gurluşyk işleriniň barşyny gözegçilikde saklamak babatda görkezmeler berildi.

7-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen tanyşdy hem-de bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk, gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlarynyň hem-de beýleki käbir ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda, hususan-da, obasenagat toplumyny ösdürmek we onuň kuwwatyny artdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz häzirden geljekki hasylyň düýbüniň berk tutulmalydygyny we munuň üçin möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda, ýokary hilli, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmelidigini belledi hem-de suwdan netijeli peýdalanmagyň, ekin meýdanlaryny suw bilen bökdençsiz üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň milli ykdysadyýetimizde möhüm orun eýeleýändigini aýratyn belledi we bu pudaklary hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin zerur işleriň geçirilmelidigini nygtap, bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Mary welaýatyna iş saparynyň dowamynda welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, sebitiň çäginden akyp geçýän Garagum derýasynyň kenarlaryny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

10-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2022-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Wise-premýerleriň, aýry-aýry ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle-de ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak meselelerine seredildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýylda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Giňişleýin mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.

Habar berlişi ýaly, toplumlaýyn çäreleriň netijesinde hasabat döwründe ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda oňyn görkezijiler gazanyldy.

2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2022-nji ýylda jemi öndürilen önüm 11 göterim artdy, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, geçen ýylda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,8 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň ösüş depgini bolsa 32,9 göterim artdy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, «Ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» tassyklady. Bu resminama laýyklykda, şu ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,5 göterime ýetirmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe golaý täze iş ornuny döretmek göz öňünde tutulýar. Daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 19,4 milliard amerikan dollaryna ýetirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek göz öňünde tutulýar. Jemi içerki önümiň düzüminde (ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan) hususy pudagyň paýyny 71,3 göterime ýetirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak arkaly ilatyň girdejilerini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, uly möçberli maýa goýum serişdeleri senagat, şeýle hem önümçilik däl maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, saglyk öýleriniň we merkezleriniň, çagalar baglarynyň, awtomobil ýollarynyň, suw, gaz, elektrik geçirijileriniň, aragatnaşyk ulgamlarynyň, suw arassalaýjy desgalaryň gurluşyklaryna gönükdiriler. Bu Maksatnama laýyklykda, milli ykdysadyýetimizi maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlaryň möçberiniň 37,4 milliard manada deň bolmagyna garaşylýar.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, 2022-nji ýylyň netijelerini häsiýetlendirdi hem-de şu ýyl ýurdumyzyň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi. Bellenilişi ýaly, jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterime deň boldy. Hususan-da, bu görkeziji senagatda 6,3 göterim, söwdada 8,9 göterim, oba hojalygynda bolsa 5,7 göterim boldy. Maýa goýumlar 14,2 göterim ösdi, önümleriň eksporty, öňki ýyl bilen deňeşdirilende, 43,6 göterim artdy. Hasabat döwründe 4 müň täze iş orny döredildi. Hümmetsizlenmegi hem bellenen ölçegleriň çäklerinde saklamak başartdy.

Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 76 sany önümçilik we durmuş-medeni maksatly desga ulanmaga berildi. Edermen daýhanlarymyz geçen ýyl bol hasyl alyp, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdiler. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, ähli üpjünçilik ulgamlary bolan täze şäherçeleriň gurluşygy dowam etdirilýär. Geçen ýyl meýdany 1,5 million inedördül metrden hem köp bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Netijede, maşgalalaryň, şol sanda az üpjünçilikli maşgalalaryň müňlerçesi jaý toýuny toýladylar. Şeýle hem ylym-bilim pudagynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygy, köp sanly çagalar baglarynyň, täze ýokary okuw mekdepleriniň, saglygy goraýyş, medeniýet we sport desgalarynyň gurulýandygy bellenildi.

Biz ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçmegi bilen, üýtgedip gurmagy yzygiderli dowam etdirýäris. Şunuň bilen baglylykda, hususy eýeçiligiň ornuny düýpli ýokarlandyrmaga ugur alyndy. Hususy eýeçiligi we telekeçiligi ösdürmegiň ýolunda bar bolan bökdençlikler, çäklendirmeler aradan aýrylýar, netijede, ykdysadyýetde döwletiň gatnaşygy azalýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen birlikde, şu ýyl üçin gowy Döwlet býujetiniň kabul edilendigi, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň ýene-de ýokarlandyrylandygy nygtaldy.

Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikdäki abraýy yzygiderli artýar. Türkmenistan üçin 2022-nji ýyl Birleşen Milletler Guramasyna agzalygynyň 30 ýyllyk şanly senesi bilen şöhratlandy diýip, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygynyň ilkibaşdan strategik häsiýete eýe bolandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Bitarap döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň wise-başlyklygyna, şeýle hem bu guramanyň ugurdaş düzümlerine, hususan-da, geňeşleriniň, komitetleriniň we komissiýalarynyň düzümine köp gezek saýlanandygy bellenildi. Birleşen Milletler Guramasy bilen arkalaşykly işläp, ýurdumyz sebit we ählumumy ösüşiň esasy meselelerine jogapkärçilikli çemeleşýändigini, çözgütleri bilelikde gözleýändigini hem-de işläp taýýarlaýandygyny görkezýär.

Ýurdumyzyň öňe süren we Baş Assambleýa tarapyndan kabul edilen «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» hem-de «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalar, 2025-nji ýylyň «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi biziň diplomatiýamyzyň üstünligidir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. Şunuň bilen birlikde, beýleki iri halkara we sebit guramalary hem-de düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi.

Geçen ýyl Merkezi Aziýa we Hazar sebitinde hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berildi. Biziň ýurtlarymyzda hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça sebit gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, sazlaşykly ösüş, halkara giňişlikde sebitiň ornuny berkitmegiň bähbidine tagallalary birleşdirmek ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň maksady boldy. Dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen dürli görnüşdäki hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmek bilen, Türkmenistan daşary syýasat strategiýasynda köptaraplaýyn diplomatiýany iş ýüzünde amala aşyrmaga uly ähmiýet berýär. Hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2022-nji ýylda ýurdumyzyň parlament diplomatiýasy aýratyn işjeňlige eýe boldy. Bu bolsa häkimiýet edaralarynyň milli bähbitleri goramak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we hukuk tertibi boýunça alyp barýan işleriniň düzüm bölegidir. Ýurdumyzyň ykdysady bähbitlerini öňe sürmek hem-de dünýä giňişliginde döwletimiz üçin amatly ýagdaýy döretmekdir.

Biz milli bähbitlerimizi goramak üçin ähli tagallalary edip, bütin dünýäde netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny geljekde-de dowam etdireris. Biziň gazanan ähli üstünliklerimiz we ýeten sepgitlerimiz diňe alyp barýan syýasatymyzy halkymyzyň giňden goldamagy, durmuşymyzy gowulandyrmak boýunça geçirýän özgertmelerimize işjeň gatnaşmagy netijesinde mümkin boldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Garaşsyz döwletimiziň gazanan uly üstünliklerine öz zähmeti bilen ýardam edenleriň ählisine, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna hem-de zähmetkeşlere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Biz her ýyly belli bir şygar boýunça geçirýäris. Şu ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip kesgitledik. Bu sözler uly many-mazmuny özünde jemleýär. Bu şygar watançylyk ruhumyzy ýokarlandyrmaga, ýaşlarymyzy terbiýelemäge we goldamaga, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen taslamalardyr maksatnamalary amala aşyrmaga hemaýat etmelidir, ykdysady kuwwatymyzy berkitmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga ýardam bermelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlara mümkinçilikleriniň açylmagyna we şahsyýet hökmünde kemala gelmegine kömek bermek üçin ähli şertleriň döredilmeginiň, ýaş raýatlara ýaşaýyş jaýlary we bilimleri ele almagyň elýeterli bolmagynyň, olary iş bilen üpjün edip, telekeçiligi ösdürmegiň, ýaş maşgalalara hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň zerurdygy aýdyldy. Şeýle-de ýaşlaryň işine maýa goýumlary gönükdirmegiň zerur bolup durýandygy bellenildi.

Bu bolsa ýaş adamlaryň sebitleri we tutuş ýurdumyzy dolandyrmaga hem-de ösdürmäge işjeň gatnaşmagyna mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz Prezidentiň ätiýaçdaky ýolbaşçy düzümini döretmek boýunça işleri geçirmegiň hem zerurdygyna ünsi çekdi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýaşlary jemgyýetçilik we syýasy durmuşa işjeň gatnaşýarlar, jemgyýetiň bir bölegi hökmünde döwletiň durmuşynda möhüm orun eýeleýärler. Ýaş nesiller Türkmenistany ösdürmekde aýgytly orny eýelemelidirler, ösüşiň hereketlendiriji güýjüne öwrülmelidirler diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

Şu ýyl üçin örän uly Maksatnama kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 37 milliard 400 million manat möçberde düýpli maýa goýumlaryň goýulmagyna garaşylýandygy bellenildi. Önümçilik desgalarynyň gurluşygyna 20 milliard 800 million manat maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa ýurdumyz boýunça maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 55,6 göteriminden ybaratdyr. Durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna 16 milliard 600 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary gönükdirmek bellenilýär. Munuň özi maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 44,4 göterimine barabardyr.

Şu ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 1 million 58,5 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berler. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň maýa goýum Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda we paýtagtymyzda ençeme desgalaryň, binalaryň gurluşygyna badalga berler. Mysal üçin, Aşgabat şäherinde 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hem-de 4000 orunlyk Medeniýet merkeziniň gurluşygyna başlamak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem birnäçe binalaryň we desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar. Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumyny, “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda 23 sany ýaşaýyş jaýyny, kuwwatlylygy 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desgany ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Sebitde iň iri taslamalaryň biri bolan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň — Arkadag şäheriniň birinji tapgyry, Gökdepe etrabynyň Köpetdag we Owadandepe geňeşlikleriniň çäginde täze obalar, şeýle hem 600 baş ahalteke bedewi üçin döwrebap athana ulanmaga tabşyrylar.

Bellenilişi ýaly, şu ýyl Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ýokary woltly asma elektrik geçiriji ulgamlary, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegini, 15 sany orta mekdebi we 3 sany çagalar bagyny ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz, elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişdeler goýberiler.

Şu ýyl esasy pudaklarda tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak işlerini geçirmäge milliardlap manat gönükdirmelidiris. Ykdysadyýetimizi dolandyrmagyň gurluşyny kämilleşdirmegi, täze ýaş hünärmenleri taýýarlamagy hem dowam etmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyny döretmek hakynda, onuň rektoryny bellemek hakynda, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň meseleleri hakynda, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezini gurmak hakynda, Halkara pediatriýa merkezini gurmak hakynda hem-de Stomatologiýa merkezini gurmak hakynda resminamalara gol çekdi. Bulardan başga-da, Türkmenistanda 2023-nji ýylda pile öndürmek hakynda, Aşgabat şäherinde ýerasty suwlaryň derejelerini peseltmek hem-de lagym we ýagyn suwlaryny akdyryjy ýerasty zeýkeş örtüklerini gurmak hakynda Kararlara gol çekildi.

Mejlisiň dowamynda 2022-nji ýylda welaýatlarda durmuş-ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanan etraplary, etrap hukukly şäherleri kesgitlemek maksady bilen geçirilen bäsleşigiň jemleri barada aýdyldy. Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylygynda ýörite toparyň bu bäsleşigi jemlemegi bilen, Balkan welaýatynyň Magtymguly etraby ýeňiji diýlip kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, degişli etrabyň häkimligi 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanyldy. Bu bäsleşik geljekde-de dowam etdiriler.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasy strategiýasynyň esasyny türkmen halkyna mahsus parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgeleri düzýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça güýçli ýertitreme zerarly ejir çeken Türkiýe Respublikasynyň doganlyk halkyna iberilen ynsanperwerlik kömegi munuň subutnamasydyr. Ynsanperwerlik ýüki derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden we dokma önümlerinden ybaratdyr. Şeýle-de Türkiýe Respublikasyna lukmanlar ugradyldy. Olar ejir çekenlere kömek berýän kärdeşlerine zerur bolan ýardamy bererler.

Dostlukly ýurduň ýolbaşçylarynyň hem-de halkynyň adyna çuňňur gynanç bildirildi we medet beriji sözler beýan edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu hepdede Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna barmagy döwletara gatnaşyklary pugtalandyrýan dost-doganlygyň we özara goldaw bermegiň mizemezdiginiň aýdyň beýany boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň ejesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy Emine Ärdogan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde doganlyk türk halkyna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna türkmen zenanlarynyň adyndan güýçli ýertitremede ejir çeken dostlukly türk halkyna goşmaça ynsanperwerlik kömegi, şol sanda çagalar üçin gyşky egin-eşikler iberildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ähli esasy ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, Özbegistan Respublikasyna muzdsuz suwuklandyrylan gazyň iberilmegi, şeýle-de ýurdumyza Özbegistanda öndürilen “Tiz kömek” awtoulaglarynyň gelip gowuşmagy taraplaryň hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ygrarlydyklarynyň aýdyň subutnamasy boldy.

11-12-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary amala aşyrdy. Saparyň dowamynda hajy Arkadagymyz Abu-Dabi şäherinde ýerleşýän “Şeýh Zaýed” metjidine baryp gördi. Bu metjit dünýäniň iň uly alty metjidiniň biri hasaplanýar. Şeýle hem metjide mukaddes Gurhan we namazlyk sowgat berildi.

Metjidiň ýolbaşçylary sowgat üçin hoşallyklaryny beýan edip, Gahryman Arkadagymyza dünýäniň täsin metjitleriniň şekilleri we maglumatlary ýerleşdirilen ajaýyp kitaby sowgat berdiler. Bu kitapda “Şeýh Zaýed” metjidine hem uly orun berlipdir. Hajy Arkadagymyz sowgat berlen bu kitaby Ahal welaýatynyň şu ýylyň ýanwar aýynda düýbi tutulan baş metjidinde goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, ony Türkmenistanyň müftüsine gowşurdy.

Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Al Şatiýe” köşgünde Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi. Gahryman Arkadagymyz BAE-niň Prezidentine aýalynyň ejesiniň aradan çykandygy zerarly gynanç bildirdi.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasynda energetika, ulag we aragatnaşyk, ýol üpjünçilik ulgamlary, senagat kooperasiýasy, oba hojalygy, gämigurluşyk, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlarda, şeýle hem möhüm taslamalary durmuşa geçirmekde BAE-niň maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi bellenildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň geçen ýylyň noýabrynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran sapary bu hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegi üçin uly mümkinçilikleri açdy. Ýangyç-energetika toplumy, medeni-ynsanperwer ulgam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Arkadagymyz Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýany özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

Şol gün Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, şol sanda ýangyç-energetika, nebiti gaýtadan işleýän senagat, maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ulag-logistika ulgamy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Arkadagymyz Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýany maşgalasy bilen islendik amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň ikinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sport bilen meşgullanmak üçin wagt tapyp, Pars aýlagynyň kenarynda gezelenç etdi. Gezelenç mahalynda öz egindeşleri bilen bilelikde bu künjegiň tebigy ajaýyplyklaryny synlap, Gahryman Arkadagymyz Hazar deňziniň kenarynda halkara derejeli häzirki zaman şypahana toplumyny döretmekde Birleşen Arap Emirlikleriniň syýahatçylygy ösdürmek boýunça toplan tejribesini öwrenmegiň ähmiýetli boljakdygyny belledi. Hususan-da, dynç alýanlaryň sanyny artdyrmak üçin dürli görnüşli gämileriň sanyny köpeltmegiň, şunlukda, deňizde gezelenç etmek, deňiz giňişliklerine aralaşmak bilen baglanyşykly hyzmatlaryň ýola goýulmagynyň wajypdygyna üns çekildi.

Gahryman Arkadagymyz welosipedli gezelenç edip, kenaryň çäklerinde ýerleşýän sport desgalaryny synlady, bu ýerdäki tennis meýdançasyna baryp gördi, şeýle hem düýeli gezelençleri guraýan düzümiň hünärmenleri bilen gürrüňdeş boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň baş maksady deňziň kenar ýakasynyň şypahana mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmakdan, adamlaryň ýokary derejeli dynç almagyny üpjün etmekden, maýa goýum binýadyny pugtalandyrmakdan, bu künjegi dünýä derejesindäki syýahatçylyk merkezine öwürmekden ybaratdyr.

Şol gün Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň, «Masdar», Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň we Abu Dabiniň port kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklaryň çäklerinde gatnaşyklaryň möhüm meseleleri bilen bir hatarda, maýa goýum, ýangyç-energetika, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, port düzümlerini ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alşyldy.

 “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOС) arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Birinji bankynyň (First Abu-Dhabi bank) arasynda korrespondent hasabyny açmagyň we ýöretmegiň şertleri hem-de tertibi hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Türkmenistanyň müftüsi we “Altyn” hojalyk jemgyýetiniň baş hünärmeni Gahryman Arkadagymyzyň Abu-Dabi şäherinde baryp gören “Şeýh Zaýed” metjidine bardylar. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde — Arkadag şäherinde Ahal welaýatynyň baş metjidiniň gurulmagyny göz öňünde tutmak bilen, ýurdumyzyň wekilleri metjidiň binagärlik-tehniki aýratynlyklary, dizaýnerçilik çözgütleri we beýlekiler bilen baglanyşykly özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap aldylar. BAE-niň wekilleri Ahal welaýatynyň baş metjidiniň gurluşygyna ýardam we maslahatlary bermäge, öz tejribelerini paýlaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Jarnama kabul edildi.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň bu ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerindäki giň gerimli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 2023-nji ýylda, hususan-da, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça ýurdumyzyň öňe süren teklipleriniň çäklerinde özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň meýilnamalary kesgitlenildi.

26-njy martda geçirilmegi meýilleşdirilen Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri depginli dowam edýär. Ähli ýerlerde Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan, Agrar partiýasyndan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, şeýle hem raýatlar toparlaryndan dalaşgärleri hödürlemek boýunça komitetleriň mejlisleridir ýygnaklary geçirilýär.

Paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy hem-de dostlukly ýurduň artistleriniň konserti boldy. EYR-nyň döredijilik wekiliýetiniň düzüminde medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, döredijilik toparlary, suratkeşler, halk senetçiliginiň hem-de sportuň milli görnüşleriniň ussatlary bar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary Eýranyň meşhur suratkeşleriniň, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň, kinematograflarynyň eserleri, goňşy ýurduň aşhanasynyň tagamlary bilen tanşarlar.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oýlanyşykly ykdysady strategiýasynyň we ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň halkymyzyň döredijilikli zähmeti esasynda Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilendiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Soňky habarlar
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
top-arrow