Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Çehiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Çehiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 14.02.2023
1270

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Waslaw Ýilegden ynanç hatyny kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa Türkmenistan bilen Çehiýa Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Waslaw Ýilek türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Ilçi parahatçylyk söýüjilikli syýasaty we oňyn başlangyçlary bilen ýokary halkara abraýa eýe bolan Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň ýokary mertebedigini belläp, iki ýurduň we dostlukly halklaryň abadançylygynyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin diplomatik tejribesini hem-de bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Söhbetdeşligiň barşynda doly ygtyýarly wekile döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň berildi. Ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak şol syýasatyň möhüm ugry bolup durýar. Şeýle hem ilçi Mejlisiň düzümi we kanun çykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy.

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň, şol sanda abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň wajypdygy nygtaldy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alşylanda, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek, hususan-da, ylym-bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Çehiýa Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek hem-de pugtalandyrmak maksady bilen, jenap Waslaw Ýilegi Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim.

Onuň ýokary şahsy häsiýetleri we ukyplary öz üstüne ýüklenen wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň ynamyna hem-de meniň makullamagyma mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynanmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi, meniň adymdan we Çehiýa Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan aýtjak ähli sözlerine doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Siziň Alyhezretiňize rowaçlyk, şeýle-de Türkmenistanyň halkyna abadançylyk baradaky arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Hormatlamak bilen,

Miloş ZEMAN,

Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti.



Soňky habarlar
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.08
Watanymyzyň ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
31.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 274 müň dollaryndan gowrak boldy
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow