Şu gün paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy hem-de dostlukly ýurduň artistleriniň konserti boldy.
Eýran ýurdumyzyň ýakyn goňşusy we ykdysady hyzmatdaşydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe iki halkyň arasyndaky doganlyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar hil taýdan täze mazmuna eýe bolýar. Munuň şeýledigine 2022-nji ýylyň iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Eýrana amala aşyran resmi sapary aýdyň şaýatlyk edýär. Bu sapar döwletara gatnaşyklaryň giňeldilmegine, şol sanda has ysnyşykly ylym-bilim hyzmatdaşlygyny, medeniýet we sungat ulgamynda özara alyşmalary işjeňleşdirmäge täze itergi berdi.
Saparyň çäklerinde resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Şоlaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2022 — 2025-nji ýyllarda ylmy, medeni, döredijilik we bilim taýdan alyşmagyň Maksatnamasy; Hyzmatdaşlyk etmek boýunça Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasynyň (IRIB) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Habar beriş agentliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Arhiwler we milli kitaphana guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Mary welaýatynyň häkimligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan-Rezawi welaýatynyň häkimliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň häkimligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň häkimliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň häkimligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan-Şomali welaýatynyň häkimliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda özara medeni alyşmalar ýola goýlup, şolaryň çäklerinde ylmy maslahatlar, sungat ussatlarynyň döredijilik saparlary, sergiler, kino, Medeniýet günleri hem-de bilelikdäki beýleki çäreler guralýar. Bu çäreler parahatçylyk, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk ýaly mizemez gymmatlyklary alamatlandyryp, umumydünýä siwilizasiýasyna ägirt uly goşant goşan iki dostlukly halkyň taryhy-medeni, ruhy däpleriniň umumylygyna daýanýan döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berýär. Goňşy ýurduň çäklerinde Gülüstan welaýatynyň Aktokaý obasynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň hem-de şahyr Döwletmämmet Azadynyň aramgähleriniň bardygyny hem bellemek gerek.
Eýranyň Türkmenistanda geçirilýän şu gezekki Medeniýet günleri dostluk we düşünişmek ýörelgelerini berkitmegi maksat edinýän iki halkyň özara gatnaşyklarynyň taryhynda nobatdaky täze sahypany açar.
Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen Eýranyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we onuň garamagyndaky edaralaryň, giň jemgyýetçiligiň, daşary döwletleriň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. EYR-nyň döredijilik wekiliýetiniň düzüminde medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, döredijilik toparlary, suratkeşler, halk senetçiliginiň hem-de sportuň gadymy milli görnüşleriniň ussatlary bar.
Eýranyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynda çykyş eden Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Golamabbas Arbabhales şu medeni çäräniň dostlukly gatnaşyklaryň, özara düşünişmegiň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň gadymy taryhyna eýe bolan eýran-türkmen halklarynyň ynanyşmaga esaslanan gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendigini belledi. Ilçi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna hoşallygyny beýan edip, soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklaryň, aýratyn-da, söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösüş depginleri bilen häsiýetlenýändigini kanagatlanma bilen nygtady.
Çykyşlarda bu döredijilik çäresiniň türkmen we eýran halklarynyň medeniýetleriniň mundan beýläk-de özara baýlaşmagyna, iki ýurduň döredijilik wekilleriniň hünär derejesindäki gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam berjekdigi baradaky pikir beýan edildi. Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi tarapyndan alnyp barylýan köpugurly hyzmatdaşlyk syýasatynyň netijesinde iki goňşy döwletiň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň giňeldilýändigini belläp, hoşallyklaryny beýan etdiler.
Soňra Mukamlar köşgüniň sahnasynda Eýranyň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Onuň maksatnamasyny meşhur halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirijileriň, “Kormanj” we “Ronak” belli döredijilik toparlarynyň çykyşlary düzdi. Joşgunly el çarpyşmalar eýran halkynyň kökleri asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän däp-dessurlaryna ygrarlydygyny görkezýän sportuň gadymy görnüşleriniň wekilleriniň ýokary ussatlygyna berlen mynasyp baha boldy.
Dostlukly ýurduň artistleriniň konserti 13-nji fewralda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda hem geçiriler. Şeýle-de şol gün Medeniýet günleriniň çäklerinde Şekillendiriş sungaty muzeýinde Eýranyň amaly-haşam sungatynyň sergisi açylar.
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we onuň myhmanlary eýranyň meşhur suratkeşleriniň eserlerini, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň — kalligrafiýaçylarynyň, miniatýuraçylarynyň, halyçylarynyň, agaçdan nepis şekilleri döredijileriň işleri bilen tanşarlar. Däp bolşy ýaly, giňişleýin sergide eýran şygryýetiniň nusgawy şahyrlarynyň eserlerini beýan edýän ajaýyp miniatýuralar, elde dokalan ýüpek halylar, özboluşly oýnawaçlar, deriden we agaçdan ýasalan owadan şekiller, kalligrafiýa sungatynyň nusgalary, reňk arkaly ýazgylar, milli egin-eşikler, dürli sowgatlyk önümler hem-de beýlekiler görkeziler. Şeýle-de sergä gelenler eýran aşhanasynyň tagamlaryndan dadyp bilerler.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda döredijilik duşuşyklary we ussatlyk sapaklary geçiriler. Kino sungatynyň janköýerlerine 13-14-nji fewralda “Aşgabat” kinokonsert merkezinde eýranly kinematograf bilen duşuşyk garaşýar. Şol ýerde soňky ýyllarda dürli žanrlarda düşürilen kinofilmler görkeziler. EYR-nyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary bilen meýilleşdirilen duşuşyklarynyň dowamynda medeni ugurda özara gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.
Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri 14-nji fewralda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde tamamlanar. Şol ýerde döredijilik çäresiniň ýapylyş dabarasy we iki ýurduň artistleriniň bilelikdäki dostluk konserti bolar. Forumyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde myhmanlar muzeý gymmatlyklary hem-de paýtagtymyzyň beýleki gözel ýerleri bilen tanşarlar.