Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Watanymyz beýik özgertmeleriň ugry bilen ynamly öňe barýar
Hepdäniň wakalary
Watanymyz beýik özgertmeleriň ugry bilen ynamly öňe barýar
Çap edildi 31.01.2023
2639

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe diňe bir milli ykdysadyýetimizde däl, eýsem, döwlet gurluşynda, jemgyýetçilik durmuşynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygynyň, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de ösüşini üpjün etmäge, halkymyzyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň we taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýany boldy.

23-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz gowaça ekiljek ýerleri sürmegiň we tekizlemegiň depginini güýçlendirmegi, tehnikalardyr enjamlary taýýarlamagy hem-de kärendeçileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmegi tabşyrdy. Häkimlere bugdaýa ideg etmekde agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek, ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklar berildi.

Bulardan başga-da, döwlet Baştutanymyz medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini, etraplaryň, şäherleriň we şäherçeleriň elektrik energiýasy, suw, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmegini, Lebap hem-de Mary welaýatlarynyň çäginden geçýän derýalardaky suwuň kadaly akymyny almak boýunça geçirilýän işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň çäklerinde durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyklaryň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda häkimlere degişli görkezmeler berildi.

Iş maslahatyna gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy şanly waka — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halk häkimiýetiniň bu ýokary wekilçilikli edarasynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi we türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.

26-njy ýanwarda Mary welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda döwlet syýasatynyň möhüm meseleleri hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işi, şu ýylyň mart aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşi garalan meseleleriň hatarynda boldy.

Milli standartlaşdyrmak ulgamyny halkara standartlara laýyklykda ösdürmek, nebithimiýa senagatyny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy, Türkmenistanda we Özbegistanda bilelikdäki söwda öýlerini açmak boýunça geçirilýän işler barada habar berildi. Bulardan başga-da, 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreler, şeýle hem şu ýylyň fewral aýynda Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerine, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna we Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe, ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni miras boýunça Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek maslahatlar, söhbetdeşlikler, döredijilik duşuşyklary, mediaforumlar, aýdym-sazly dabaralar we beýleki çäreler barada habar berildi. Şeýle-de ýurdumyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günlerini we ýöriteleşdirilen sergisini geçirmek meýilleşdirilýär.

Halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns berildi. Nygtalyşy ýaly, ýaşlar bilen bagly wezipeler Birleşen Milletler Guramasynyň gün tertibiniň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi, munuň şeýledigine kabul edilen birnäçe resminamalar hem şaýatlyk edýär. Bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin türkmen ýaşlarynyň uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlyk Strategiýasyny taýýarlamak baradaky meselä seretmek, hususan-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda Halkara ýaş diplomatlar merkezini döretmek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak maksadalaýyk hasap edildi.

Şeýle hem bilim ulgamynda öňdebaryjy tejribäni alyşmak maksady bilen, abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG, ÝHHG, Ýewropa Bileleşigi, GDA bilen bu ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek teklip edildi. Ýaşlaryň ylym ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak bilen baglylykda, ýokarda agzalan Strategiýada Türkmenistanda ýokary tehnologiýalaryň Milli merkezini, şeýle-de degişli ulgamy döretmek boýunça toplumlaýyn çäreleri göz öňünde tutmak teklip edildi. Mundan başga-da, bu Strategiýanyň taslamasyna medeniýet ulgamynda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça anyk çäreleri girizmek teklip edilýär. Hususan-da, “Ýaş zehinler” atly maksatnamany taýýarlamak we ony beýleki ýurtlaryň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge jogapkär döwlet we jemgyýetçilik edaralary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrmak maksadalaýyk hasaplanýar. Sport barada aýdylanda, Türkmenistanda yzygiderli esasda Halkara ýaşlar oýunlaryny guramak teklip edildi.

Şeýle-de mejlisde deňiz we derýa ulagy pudagynyň dolandyrylmagyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bu ulgama dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak, halkara ýük daşamagy amala aşyrýan daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýurdumyzyň gämi gurluşyk ulgamyny ösdürmek üçin esas bolup durýandygyny nygtap, milli deňiz flotunyň giňeldilmegini, dürli görnüşli gämileriň gurluşygynyň özleşdirilmegini üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanda 2023-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda” Karara gol çekdi. Şu ýyl ýurdumyz boýunça jemi 580 müň gektar meýdanda gowaça ekilip, şondan 1 million 250 müň tonna hasyl öndürmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn almak göz öňünde tutulýar.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň Arkadag şäher kazyýetini we prokuraturasyny döretmek hakynda degişli resminamalara gol çekdi.

27-nji ýanwarda Türkmenistanda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu şanly senäniň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa goşun generaly harby ady dakyldy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryny hem-de işgärlerini hünär baýramy bilen gutlap, Milli goşunymyzyň kämil söweşjeň ýaraglar, harby tehnikalar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen yzygiderli üpjün ediljekdigini, ähli amatlyklary bolan täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, harby şäherçeleriň gurlup ulanmaga beriljekdigini, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranmak ukybyny we harby kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça işleriň hemişe üns merkezinde saklanjakdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlaryna laýyklykda, berkarar Watanymyza, merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, çeken halal we göreldeli zähmetini hem-de döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerinde gazanan uly üstünliklerini nazara alyp, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň uly topary Türkmenistanyň medallary bilen sylaglanyldy, olara harby we ýörite atlar dakyldy, şeýle hem hünär derejeleri berildi.

Milli senenamamyzdaky şanly günüň öňüsyrasynda “Çoganly” ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky kottejler toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasy geçirildi. Jaýlaryň gurluşygyny IIM-niň buýurmasy esasynda ministrlige degişli gurluşyk düzümleri ýerine ýetirdiler. Has tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Dabara gatnaşyjylar täze jaýlaryň birine baryp gördüler we onuň abadanlaşdyrylyşy, öýlerde döredilen şertler bilen tanyşdylar, öý eýelerini gutladylar. Kottej jaýlarynyň gurluşygynda ýerli çig mallar esasynda taýýarlanan ýokary hilli gurluşyk serişdeleri ulanyldy, ekologik talaplar berk berjaý edildi. Jaýlaryň mellek ýerleri bolup, olarda bakjaçylyk we bagbançylyk bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikler bar. Şeýle hem bu ýerde çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmeklerine niýetlenen ýerler göz öňünde tutulypdyr. Täze jaýlara göçüp gelen maşgalalara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary birek-biregi iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlap, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de halkara we sebit syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň töwerekleri boýunça amala aşyran iş saparynyň dowamynda Garagum derýasynyň hem-de beýleki akabalaryň suwuny rejeli peýdalanmak, derýanyň kadaly akymyny üpjün etmek, onuň kenarlaryny berkitmek meselelerine aýratyn üns berdi. Gahryman Arkadagymyz iş saparynyň dowamynda Garagum derýasynyň 798-nji kilometrinde ýerleşýän köpriniň üstünde saklandy.

Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygy ynanylan “Altkom” kompaniýasynyň ýolbaşçysy A.Tislenko häzirki wagtda desgada alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy W.Petruk bolsa Türkmenistanda lagym ulgamlarynyň gurluşygynyň barşy barada maglumat berdi. Hormatly Arkadagymyz ylmyň soňky gazananlaryny ulanmak arkaly suw serişdelerini rejeli peýdalanmak meselelerine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtap, degişli ýolbaşçylara birnäçe maslahatlary berdi.

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi — döwlet Garaşsyzlygynyň, agzybirligiň, jebisligiň, döwletliligiň, halk demokratiýasynyň dabaralanmagy” atly çäre geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar. Ýygnananlar Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň kabul eden taryhy çözgütlerini, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni taýdan mundan beýläk-de ösüşi bilen baglylykda, olaryň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.

Aşgabatda sanly ulgam arkaly saglygy goraýyş boýunça X türkmen-german forumy geçirildi. Onda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň jemleri, bu ulgamyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlenildi.

28-nji ýanwarda paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy geçirildi. Oňa Aşgabatdan hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan guramanyň wekilleri gatnaşdylar. Gurultaýyň gün tertibine ýaşlar syýasatynyň meseleleriniň giň toplumy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş nesilleriň öňünde goýan häzirki we geljekki wezipelerini çözmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmagyň meseleleri girizildi.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gurultaýa gatnaşyjylara, ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlaryna iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Watana bolan beýik söýgä, ynsanperwerlige, hoşniýetlilige, dostluk ýörelgelerine ygrarly ýaşlarymyzyň ykbalynda uly orun aljak bu gurultaýyň ähmiýetini nygtady.

Foruma gatnaşyjylar “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň ähmiýetine ünsi çekdiler. Kanunda ýaşlar telekeçiligine döwlet goldawyny bermek, ýaşlaryň bilim almagynyň üznüksizligini gazanmak maksady bilen, mekdep uçurymlary üçin harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürmek ýaly ýeňillikler göz öňünde tutulandyr. Çykyş edenler ýaşlaryň Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegini we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegini uly ruhubelentlik bilen kabul edendiklerini nygtadylar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzyň özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, halkara abraýyny belende galdyrmakda we ykdysady kuwwatyny artdyrmakda bitiren hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň nyşany boldy.

Gurultaýyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegi ara alyp maslahatlaşdylar we biragyzdan kabul etdiler. Bu jemgyýetçilik guramasynyň Tertipnamasyna girizilen üýtgetmelerdir goşmaçalar “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinden gelip çykýan wezipeleri, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň öňünde goýan wezipelerini göz öňünde tutýar. Gurultaýa gatnaşyjylar täze tapgyrda Ýaşlar guramasynyň öňünde goýlan wezipelerden gelip çykýan Kararnamany biragyzdan kabul etdiler.

Guramanyň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabarasynda olara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen strategiýasynyň netijeli durmuşa geçirilýändiginiň hem-de Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň belent ynsanperwer ýörelgelere, saýlap alan parahatçylyk döretmek we ösüş ýoluna berk ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Soňky habarlar
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
top-arrow