Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 27.01.2023
1745

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem halkara we sebit syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri boýunça pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda, Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan täjik kärdeşini hem-de onuň üsti bilen Täjigistanyň doganlyk halkyny ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhyndaky bu şanly sene mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, geçen döwürde biziň ýurtlarymyz netijeli hyzmatdaşlygyň uly we oňyn tejribesini topladylar. Taraplaryň hoşmeýilli syýasy erk-islegi hem-de olaryň gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge çalyşýandygy şol hyzmatdaşlygy ilerletmäge ýardam etdi. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerine özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan däp bolan dostlukly gatnaşyklar has okgunly häsiýete eýe bolýar we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Söhbetdeşler iki ýurduň syýasy gatnaşyklarynyň işjeň häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Şol gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejede, ilkinji nobatda, abraýly halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli berkidilýär. Döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklar hem okgunly ösdürilýär. Köp babatda muňa Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň işi ýardam edýär. Medeni, ylym we bilim ulgamlarynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyk iki döwletiň halklarynyň ýakynlaşmagynyň, olaryň arasyndaky özara düşünişmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Täjigistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge, ony okgunly ösdürmäge we hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklap, bilelikdäki tagallalar arkaly döwletara gatnaşyklaryň türkmen we täjik halklarynyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz dostlukly döwletiň Baştutanyna ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge goşýan uly şahsy goşandy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Täjigistanyň Prezidenti öz dogany, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon birek-birege berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, Täjigistanyň we Türkmenistanyň dostlukly halklaryna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
25.04
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat
25.04
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenildi
25.04
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
25.04
Türkmenistanyň sungat ussatlary Parižde üstünlikli çykyş etdiler
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
top-arrow