Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Çap edildi 11.01.2023
1848

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al Azbini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Şunda katar tarapynyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, “Açyk gapylar” syýasatyny alyp barýan we Merkezi Aziýa sebitinde hem-de halkara giňişlikde uly abraýdan peýdalanýan Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Katar Döwletiniň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy we ýurdumyzyň däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, ony has-da ýokary derejä çykarmaga we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan wagtyndan bäri geçen ýyllaryň içinde özara hormat goýmak, ynanyşmak we açyklyk ýörelgeleri esasynda gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar türkmen-katar hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmagyň ygtybarly binýadyny emele getirdi.

Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň dekabrynda Katar Döwletine bolan saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, onuň dowamynda Doha şäherinde geçirilen Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany bolandygyny belledi. Katar Döwleti Ýakyn Gündogar sebitiniň ýurtlaryndan ilkinji bolup şeýle ýokary derejedäki halkara sport ýaryşyny üstünlikli geçirdi. Munuň özi siziň döwletiňiziň dünýädäki belent abraýynyň hem-de sportuň ösdürilmegine goşýan uly goşandynyň subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz şol saparyň çäklerinde Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen geçirilen duşuşygyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň we geljekki mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy. Türkmenistanyň Doha şäherinde diplomatik wekilhanasyny açmak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi bellenildi. Munuň özi Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam eder, netijeli, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga täze itergi berer.

Döwlet Baştutanymyz we diplomat özara gyzyklanma bildirilýän halkara syýasatyň möhüm meselelerine degip geçmek bilen, parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de ählumumy durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen möhüm başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynyň ähmiýetini nygtadylar. Ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýumlar, ulag we aragatnaşyk, himiýa, dokma senagaty, oba hojalyk pudagy, saglygy goraýyş hem-de ýokary tehnologiýalar ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň wajyp ugry hasaplanýan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Hamad bin Raşid bin Hamad Al Azbi öz ýurdunyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili hökmünde iki döwletiň we olaryň dostlukly halklarynyň bähbidine laýyk gelýän köpugurly netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynandyrdy.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Gadyrly dostum!

Katar Döwletiniň we Türkmenistanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen, men jenap Hamad bin Raşid bin Hamad Al Azbini Katar Döwletiniň Siziň ýurduňyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim.

Onuň ýokary şahsy häsiýetleri öz üstüne ýüklenilen wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyna hem-de hormat goýmagyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda Sizden ilçimizi hoşniýetli kabul etmegiňizi we onuň biziň adymyzdan Size beýan etjeklerine, esasan-da, ol Siziň Alyhezretiňize abadançylyk we Türkmenistanyň halkyna mundan beýläk-de gülläp ösüş baradaky meniň arzuwlarymy aýdanda, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Goý, Beýik Biribar Sizi öz penasynda aman saklasyn!

Tamim bin Hamad Al Tani,

Katar Döwletiniň Emiri.

Soňky habarlar
09.04
2026-njy ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.04
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
08.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
08.04
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
top-arrow