Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Çap edildi 05.01.2023
1348

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Sizi Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlaýaryn.

Thonglun SISULIT,

Laos Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Täze ýyl mynasybetli gutlaglarymy kabul ediň!

Täze Zelandiýanyň general-gubernatory

hanym Sindi KIRO ýanýoldaşy bilen.


* * *


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz, hormatly jenap Prezident!

Täze, 2023-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Geçen ýylda Türkmenistan dürli ulgamlarda uly üstünlikleri gazandy, munuň özi özara bähbitli halkara gatnaşyklaryň hem-de Türkmenistanyň sebit boýunça goňşy ýurtlar we onuň çäginden uzakdaky döwletler bilen oňyn hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berdi. Şeýle-de 2022-nji ýyl netijeli halkara çäreleriň tutuş toplumyna, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guralan hem-de häzirki döwürde adamzadyň ýüzbe-ýüz bolýan möhüm meselelerini çözmekde ýakyn we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga biziň ygrarlydygymyzy görkezen çärelere beslendi.

Pursatdan peýdalanyp, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň geljekde-de Merkezi Aziýa sebitinde we tutuş dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmak ugrunda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigine Sizi ynandyrmak isleýärin.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, durnuklylyk hem-de gülläp ösüş arzuw edýärin!

Tüýs ýürekden hormat goýmak bilen,

Natalýa GERMAN,

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, 

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş 

diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy.


* * *


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize, Siziň maşgalaňyza we ähli türkmen halkyna täze, 2023-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Goý, bu ýyl biziň doganlyk halklarymyza şatlyk, saglyk we abadançylyk getirsin!

Size tüýs ýürekden hormat goýmak bilen,

Sultan RAÝEW,

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň 

Baş sekretary.


* * *


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi täze, 2023-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de Size we ýakynlaryňyza berk jan saglyk hem-de üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa rowaçlyk, ösüş arzuw edýärin.

Çžan MIN,

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.


* * *


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Sizi Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlaýaryn hem-de abadançylyk we ähli gowulyklary arzuw edýärin.

Ýens STOLTENBERG,

NATO-nyň Baş sekretary.

Soňky habarlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
top-arrow