Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gelen gutlag hatlar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gelen gutlag hatlar
Çap edildi 02.01.2023
1156

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň
Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Täze, 2023-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Russiýa bilen Türkmenistan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli pugtalandyrýar. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygyň depginli ösüşini kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Senagat, energetika, ulag infrastrukturasy ulgamlarynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berilýär.

Täze ýylyň üstünlikli boljakdygyna hem-de özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ýokary derejä çykarmaga mümkinçilik berjekdigine umyt edýärin. Munuň özi Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size we dostlukly Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw edýärin!

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Mihail MIŞUSTIN,

Russiýa Federasiýasynyň
Hökümetiniň Başlygy.

***

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň
Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi täze, 2023-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Geçen ýyl Russiýa bilen Türkmenistanyň ynanyşmak, özara hormat goýmak, birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklarynyň berkdigini tassyklady. Syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi dowam etdirildi. Moskwa bilen Aşgabadyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň dostlukly halklarymyzyň bähbidine halkara we sebit meselelerini çözmekde mundan beýläk-de möhüm orny eýelejekdigine pugta ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size we Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk, täze üstünlikleri, Türkmenistanyň raýatlaryna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin!

Dmitriý MEDWEDEW,

Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary.

***

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň
Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Täze, 2023-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Täze ýyl baýramçylygy her bir öýe şatlyk paýlaýar, ýakynlaryň bilen bilelikde bolmagyň ajaýyp pursatlaryny sowgat berýär hem-de kalbyňy röwşen geljege bolan umyt bilen doldurýar. Size we Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, rowaçlyk, bagtyýarlyk, ähli işleriňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Goý, Size we Siziň maşgalaňyza hemişe rowaçlyklar ýar bolsun!

Walentina MATWIÝENKO,

Russiýa Federasiýasynyň Federal 
Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy.

Soňky habarlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
top-arrow