Baş sahypa
\
Türkmenistanyň logistika kuwwaty
\
Kerki – Ymamnazar – Akina – Andhoý ýoly halkara Aziýa ulag geçelgesiniň birinji bölegidir
Türkmenistanyň logistika kuwwaty
Kerki – Ymamnazar – Akina – Andhoý ýoly halkara Aziýa ulag geçelgesiniň birinji bölegidir
Çap edildi 31.12.2022
8839

Türkmenistan asyrlaryň dowamynda Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolupdyr. Bu ulag-söwda ýoluny döwrebap görnüşde dikeltmek işinde aýratyn orun ýurdumyzyň ulag toplumynyň paýyna düşýär.

Özüniň amatly geografik ýagdaýyny ulanmak bilen, Türkmenistan Ýewraziýa giňişliginde esasy ulag-logistika merkezine öwrülmegi maksat edinýär.

Türkmenistanyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşinde, onuň üstünden ýük geçirmek mümknçiliginiň ösmeginde, Demirgazyk – Günorta we Gündogar –Günbatar ugurlary boýunça ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmekde demir ýol ulagyna aýratyn orun degişlidir.

Ulagyň bu görnüşiniň artykmaçlyklary şulardan ybaratdyr:

– ýokary göterijilik we geçirijilik ukyby, daşamagyň has arzan bahasy, esasan-da, uzak aralyklara köp haryt eltip bermek meselesinde;

– howa şertlerine, ýylyň paslyna, gününe bagly bolmazlyk;

– agyr we uly gabaraly ýük daşamak üçin giň mümkinçilikler; daşamagyň yzygiderliligi we ýokary tizligi.

Bu aýratynlyklar logistika ulgamlarynda demir ýol ulagyna möhüm orny, ulag hyzmatlary bazarynda bolsa demir ýoly ýokary bäsdeşlik ukyby bilen üpjün edýär.

Türkmenistanyň ümmülmez çäkleriniň şertlerinde demir ýol ulgamy sebitleriň ykdysady baglanyşygy we halkara ýükleri daşamak üçin möhüm ähmiýete eýedir. Onuň döwrebaplaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär, çünki ol ýurduň mundan beýläk-de senagat taýdan ösmegi üçin zerurdyr we demir ýoluň netijeliligini ösdürmekden yzygiderli ýokary ykdysady täsir alyp biler.

Bu ugurdaky ulgamlaýyn çäreler dartyş-hereketlendiriş desgalar parkynyň täzelenmegini, täze demir ýol menzilleriniň gurulmagyny, köprüleriň, infrastruktura desgalarynyň durkunyň täzelemegi we gurmagy öz içine alýar.

Demir ýol ulagyny döwrebaplaşdyrmak işinde Aşgabat bekediniň lokomotiw deposynyň durky täzelendi we demir ýol hereketini dolandyryş ulgamy kompýuterleşdirildi, şeýle hem dispetçer tarapyndan merkezleşdiriş ulgamy ornaşdyryldy.

Demirýol gurluşykçylarynyň binýady berkidildi we demirýol şpallaryny çykarýan üznüksiz liniýalar, ballast materiallar bilen demir ýollary abatlamagy hem häzirki ýagdaýynda saklamagy üpjün edýän çagyl karýerleri işe girizildi.

Dünýäniň öňdebaryjy öndürijilerinden häzirki zaman hereket düzüminiň we enjamlarynyň yzygiderli satyn alynmagy lokomotiwleriň, ýolagçy we ýük wagonlarynyň binýadyny düýpden täzelemäge mümkinçilik berdi.

Bazar ykdysadyýetine geçilmegi we demir ýol pudagynda döwlet-hususy gatnaşyklaryň ösmegi bilen baglanyşyklylykda, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwrebaplaşdyrmak üçin degişli işler alnyp barylýar.

Türkmenistan, Owganystan, Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe döwletleriniň arasynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda Beýik Ýüpek ýolunyň Lazurit ugruny dikeldýän häzirki zaman multimodal ulag-üstaşyr geçelgesi döredilýär. 2018-nji ýylyň fewral aýynda bu ulag-üstaşyr geçelgesiniň bir bölegi bolan Serhedabat (Türkmenistan) – Turgundy (Owganystan) demir ýoly ulanylyşa berildi.

Halkara Aziýa ulag geçelgesiniň ilkinji bölegi bolsa Türkmenistan tarapyndan gurlan «Kerki – Ymamnazar – Akina –Andhoý» demir ýoludyr.

Akina – Andhoý demir ýolunyň 30 km böleginiň açylyş dabarasy 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Owganystanda geçirildi. Geljekde bu demirýol şahasyny Täjigistan bilen serhede, ondan soň bolsa Aziýa – Ýuwaş umman sebitiniň döwletlerine çenli uzaltmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistan strategik maksada – sebitde Aziýanyň, Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlarynyň birleşmegini üpjün etjek güýçli hem döwrebap infrastrukturany döretmek maksadyna ýetmek üçin, ulag mümkinçiliklerini birleşdirmegiň möhümdigini birnäçe gezek aýdypdy. Bu pikiriň özeni şunda: demir, awtomobil, howa we suw ýollaryny halkara aragatnaşygyny netijeli birikdirmek dünýä söwdasyny, ykdysady ösüşi, iş orunlaryny döretmegi we başgalaryň ösmegine itegi berer.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow