Baş sahypa
\
Türkmenistan – ÝUNESKO: medeni miras goralyp saklanylýar
\
Türkmen keşdeçilik sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasy hökmünde ykrar edildi
Türkmenistan – ÝUNESKO: medeni miras goralyp saklanylýar
Türkmen keşdeçilik sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasy hökmünde ykrar edildi
Çap edildi 31.12.2022
2319

ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde geçirilen 17-nji mejlisinde ýurdumyzyň «Türkmen keşdeçilik sungaty» atly hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky çözgüt biragyzdan kabul edildi.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýar. Bu ýörelge Watanymyzyň döwlet syýasatynyň we daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda döwletara derejede bolşy ýaly, abraýly halkara düzümleriň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny bellemeli. Bu ugurdaky köpýyllyk işiň oňyn tejribesi onuň uly geljeginiň aýdyň subutnamasydyr. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary öz işini hut şu esasda alyp barýar, degişli internet serişdesi hem döredildi.

Geçen ýyllaryň dowamynda dünýä möçberli taryhy we medeni ähmiýeti bolan desgalary öz içine alýan ýurdumyzyň çäginde bar bolan ajaýyp ýadygärlikler, türkmen halkynyň sungatynyň dürli görnüşleri we edebi mirasy ÝUNESKO-nyň sanawlaryna girizildi.

2011-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna goşuldy. Şol döwürden bäri ýurdumyz onuň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýar.

Türkmen halkynyň keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen baglanyşykly gürrüňi dowam edip, keşdeçilik sungatynyň milli medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny bellemeli. Köpasyrlyk milli däpleri dowam etdirip, häzirki döwürde zehinli zenanlarymyz ajaýyp keşdeleri, nagyşlary döredýärler. Olar milli lybaslaryň esasy bezegi, durmuş ulgamynyň aýratynlyklary we amaly-haşam sungatynyň görnükli nusgasy bolup durýar. Munuň özi Türkmenistanda aýratyn ähmiýet berilýän ugurlaryň biridir.

Ýeri gelende aýtsak, türkmen zenanlary şöhratly pederlerimiziň döredijilik däplerini dowam etdirmek bilen, el işleriniň ussatlary hasaplanýar. Bu ugurda ýokary ussatlyk derejesine ýeten zenanlar toplan baý tejribelerini beýleki milletler bilen paýlaşmaga taýýardyklaryny mälim edýärler.

Häzirki wagtda Aşgabady «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak babatda degişli işler geçirilýär. Munuň özi durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň strategik bölegi hökmünde halkara medeni gatnaşyklary ösdürmekde türkmen paýtagtynyň hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasy bolmak bilen, onuň dünýäniň şäherleri bilen özara gatnaşyklaryny giňeltmäge hem mümkinçilik berer.

Häzirki wagtda Aşgabady «Aziýanyň merjeni» diýip atlandyrýarlar. Paýtagtymyz sebitiň iri işewürlik, medeni we sport merkezi bolup, okgunly ösýän megapolisi — geljegiň şäheriniň täsin nusgasyny özünde jemleýär. Bu ýerde gözellik we amatlylyk, binagärligiň, inženerçilik-tehniki pikiriň öňdebaryjy gazananlary hem-de milli binagärligiň öňden gelýän däpleri sazlaşykly utgaşýar.

Şunuň bilen birlikde, ahalteke atçylygyny hem-de türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek sungatyny we beýlekileri Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak bilen baglanyşykly meselelere garalýar, beýleki hödürnamalary taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

Şeýlelikde, Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň hyzmatdaşlygynyň gerimi yzygiderli giňelýär, däp bolan netijeli gatnaşyklary, şol sanda ekologiýa, bedenterbiýe we sport ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikler açylýar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň yzygiderli durmuşa geçirýän döredijilikli daşary syýasy strategiýasy özüniň ajaýyp miwelerini berip, sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary giňeltmäge, ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän halkara hyzmatdaşlygyň möhüm şerti hökmünde ynsanperwer gatnaşyklary baýlaşdyrmaga ýardam edýär. Medeni diplomatiýa bolsa daşary syýasy strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Soňky habarlar
27.04
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi
26.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň atçylyk firmasynyň ýolbaşçysy hem-de “Arkadag” futbol toparynyň türgenleri bilen duşuşdy
26.04
Türkmenistanda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
25.04
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat
25.04
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenildi
25.04
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
25.04
Türkmenistanyň sungat ussatlary Parižde üstünlikli çykyş etdiler
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
top-arrow