Türkmenistan – ÝUNESKO: medeni miras goralyp saklanylýar
Gadymy Merw – Gündogaryň merjeni
Çap edildi 31.12.2022
14538

Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň aýrylmaz bölegi bolan taryhy we medeni gymmatlyklary gorap saklamak boýunça yzygiderli uly işler alyp barýar. Ýurdumyzdaky şeýle ýadygärlikleriň biri-de «Gadymy Merw» Döwlet medeni-taryhy goraghanasydyr. 1999-njy ýylda Gadymy Merw ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Bu, Beýik Ýüpek ýolunda ýerleşen iň gadymy we iň gowy saklanyp galan oazis şäherlerinden biridir. Şonuň üçin-de onuň biziň günlerimizde diňe bir taryhçylaryň we arheologlaryň däl, eýsem dünýäniň dürli künjeklerinden köp sanly syýahatçylaryň hem ünsüni özüne çekmegi geň däldir.

Merwiň çäginde dürli döwürlere degişli özboluşly galalar bar. Olar ölçegi we saklanyp galyş derejesi boýunça biri-birinden tapawutlanýar. Erkgala (b.e. ö. VI asyr), Gäwürgala (III asyr), Gyzgala (VI asyr), Soltangala (XI asyr), Abdylla han galasy (XV asyr), Baýramaly han galasy (takmynan XVIII asyr).

Müňýyllyklaryň sepgidinde Merw üstünden häzirki Özbegistana, Owganystana, Eýrana, Hindistana we beýleki ýurtlara söwda ýollarynyň gidýän iň uly şäherine öwrülipdir.

Merw birnäçe asyrlaryň dowamynda ösüp-ulalyp, XII asyryň başynda ösüşiniň iň ýokary derejesine ýetmek bilen, dünýäniň iň uly şäheri derejesine eýe bolupdyr. Gurluşygy 1157-nji ýylda başlanan Soltan Sanjaryň aramgähi Merwiň öňki beýikliginden ýadygärlige öwrülipdir. Seljuklaryň dolandyran döwründe Merw abadançylyk, bilim we hoşniýetliler tarapyndan tanalýan ajaýyp belentliklere beýgelipdir. Merw oazisiniň şäherleriniň dört müňýyllygyň dowamynda Merkezi Aziýanyň we tutuş Gündogaryň medeniýetine esli derejede täsir edendigini bellemek möhümdir.

Seljuklar şäheri, aýratyn-da, binagärlige we binagärlik bezegine, şeýle hem ylmy we medeni ösüşe täsir edipdir. Merw oazisiniň şäherleriniň we berkitmeleriniň, olaryň şäher meýilnamasynyň yzygiderliligi birnäçe müňýyllyklaryň dowamynda Merkezi Aziýada siwilizasiýalaryň bolandygynyň ajaýyp subutnamasydyr.

Häzirki wagtda Merwde syýahatçylyk ulaglary üçin asfalt ýollar çekilen, aýry-aýry binalaryň durky täzelenýär. Ol ýerde Yusup Hemedanynyň metjidi ýerleşýär, oňa ýurdumyzdan we goňşy ýurtlardan yzy üzülmän, zyýaratçylar baryp durýarlar.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow