Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Çap edildi 30.12.2022
1697

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Tüýs ýürekden Täze ýyl gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Geçip barýan ýyl biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar üçin örän üstünlikli boldy. Siziň resmi saparyňyzyň barşynda gol çekilen strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama Russiýa bilen Türkmenistanyň esasy ugurlardaky gatnaşyklaryny hil taýdan ösdürmek üçin şertleri döretdi. Ikitaraplaýyn esasda, GDA-nyň, BMG-niň çäklerinde, şeýle hem “Merkezi Aziýa — Russiýa” we Hazar “bäşligi” formatynda bilelikdäki netijeli işimiziň dowam etdirilmegine ynam bildirýärin. Munuň özi dostlukly halklarymyzyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýär hem-de onuň sebit howpsuzlygyny, durnuklylygyny pugtalandyrmak babatda ilerledilýändigini alamatlandyrýar.

Size we Siziň ýakynlaryňyza tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, üstünlik, Türkmenistanyň ähli raýatlaryna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Wladimir Putin,

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Size bagtly Täze ýyly arzuw edýärin.

Si Szinpin,

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Size bagtly Täze ýyly arzuw edýärin.

Fumio Kisida,

Ýaponiýanyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Täze, 2023-nji ýylyň gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Size we Siziň ähli ýakynlaryňyza maşgala bagtyýarlygyny, berk jan saglyk, ägirt uly üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Şawkat Mirziýoýew,

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Täze, 2023-nji ýylda iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Emomali Rahmon,

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Täze, 2023-nji ýyl bilen gutlaýaryn. Size iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Ilham Aliýew,

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi Täze, 2023-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

2023-nji ýylda bilelikdäki tagallalarymyz bilen Ermenistanyň we Türkmenistanyň arasynda taryhyň dowamynda emele gelen ýakyn gatnaşyklaryň dostlukly halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine hil taýdan täze derejä çykaryljakdygyna ynanýaryn.

Size we Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, bagt, ähli gowulyklary arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Waagn Haçaturýan,

Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Size we Siziň ýurduňyzyň halkyna täze, 2023-nji ýylda parahatçylyk, bagt, saglyk arzuw edýärin.

Frank-Walter Ştaýnmaýer,

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli Polşanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size ähli gowulyklary arzuw edýärin.

Goý, 2023-nji ýyl tutuş dünýä parahatçylyk we howpsuzlyk getirsin, ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar, halkara giňişlikde netijeli hyzmatdaşlyk berkesin!

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Anjeý Duda,

Polşa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Täze ýylda iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Hormatlamak bilen,

Harald V,

Norwegiýanyň Patyşasy.

Soňky habarlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
top-arrow