Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gelen hatlar
Çap edildi 30.12.2022
1513

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň
Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Russiýanyň we Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlyk ruhunda üstünlikli ösdürilýär. Gönüden-göni Siziň gatnaşmagyňyzda geçen ýylda parlamentara gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy.

Soňky ýyllarda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň özara bähbitli gatnaşyklarynyň tutuş toplumynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynanýaryn. Munuň özi biziň ýurtlarymyzyň raýatlarynyň bähbitlerine laýyk gelýär. Gatnaşyklarymyz Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy üpjün etmek ugry boýunça ilerledilýär.

Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa bagt we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Wladimir Putin,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti
.

***

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň
Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Täze, 2023-nji ýylda iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Emomali Rahmon,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti
.

***

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň
Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Arkadag!

Siziň ýurduňyzdaky soňky täzelikler barada eşidenimde, ýürek joşgunymy beýan etmegi makul bildim. Men Siziň ajaýyp ýurduňyza ilkinji gezek 25 ýyl mundan ozal baryp gördüm. Şol döwürden bäri Siziň bilen işleşmek bagty maňa miýesser etdi. Men Sizden köp zatlary öwrendim, türkmen lukmanlary bilen tejribämi uly höwes bilen paýlaşdym.

Siz Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri bolup işlän döwrüňizde adamlaryň saglygyny berkitmek babatda örän köp işleri bitirdiňiz. Siz ýurtda sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ýola goýduňyz. Siziň başlangyjyňyz esasynda Türkmenistanda sport hereketi giň gerime eýe boldy. Bu babatda Siziň özüňiz şahsy görelde görkezdiňiz. Şonuň netijesinde Türkmenistanda sportuň dürli görnüşleri, hususan-da, welosiped sporty okgunly ösüşe eýe boldy.

Ýurduňyzda giň gerimli gurluşyk işleri bilen birlikde medeniýet we sungat, durmuş ulgamlary işjeň ösdürildi. Siziň tagallalaryňyz bilen ak mermerli paýtagtyňyzda döwrebap saglygy goraýyş merkezleriniň ençemesini öz içine alýan täze lukmançylyk şäherçesi peýda boldy. Ekologik talaplara laýyklykda, paýtagtyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, şol şäherçe hem bagy-bossanlyga bürendi, bu ýerde dürli bag nahallarynyň müňlerçesi oturdyldy. Häzirki wagtda tutuş ak şäher Aşgabat gür baglyga öwrüldi. Munuň özi daşky gurşawy goramakda, ekologik ýagdaýy sazlaşdyrmakda, şeýlelikde, ilatyň saglygyny has-da berkitmekde uly ähmiýete eýe boldy.

Aşgabat şäheriniň günorta bölegindäki lukmançylyk şäherçesi yzygiderli ösdürildi. Bu ýerde türkmen lukmanlarynyň täze nesli kemala geldi. Ähli şertleriň döredilmegi, saglygy goraýyş merkezleriniň iň kämil enjamlar bilen üpjün edilmegi netijesinde lukmanlaryň hünär derejesi has-da kämilleşdi we ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hili ýokarlandy.

Ähli ugurlardaky, şol sanda saglygy goraýyş ulgamyndaky ajaýyp başlangyçlaryňyz Siziň taýsyz tagallalaryňyz bilen döredilen täze Arkadag şäherinde hem öz aýdyň beýanyny tapdy. Täsin we ajaýyp desgalaryň ençemesini özüne birleşdirýän bu şäheriň döredilmegi hem-de onuň “Arkadag” diýlip atlandyrylmagy bilen Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size giň gerimli döwlet işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Men şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň hormatly professory, hormatly ýaşuly
Hans Meýsner.

Soňky habarlar
09.04
2026-njy ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.04
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
08.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
08.04
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
top-arrow