Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Watanymyzyň Bitaraplygyna bagyşlanan baýramçylyk dabarasy
Medeniýet
Watanymyzyň Bitaraplygyna bagyşlanan baýramçylyk dabarasy
Çap edildi 12.12.2022
4348

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk gününe we BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany kabul etmeginiň 27 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti boldy.

Garaşsyz Watanymyza Bitaraplyk derejesiniň berilmegi ýurdumyzyň ählumumy abadançylygyň, gülläp ösüşiň bähbidine gönükdirilen parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna üýtgewsiz ygrarlydygyny aňladýan taryhy ähmiýetli wakalaryň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň, ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň we halklaryň arasynda özara düşünişmegi, garaýyşlaryň ýakynlaşmagy, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň netijeli nusgalarynyň taýýarlanylmagy babatda täze mümkinçiliklere uly itergi berýär.

Mukamlar köşgünde baýramçylyga mahsus dabara, ählumumy ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Bu ýerde ýurdumyzyň Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Aşgabatda işleýän wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ministrlikleriňdir pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik toparlary, hormatly ýaşulular, ýaşlar ýygnandylar.

Bu ýere gelenleriň arasynda köp sanly daşary ýurtly myhmanlar, şol sanda paýtagtymyzda geçirilen iri halkara forumlara gatnaşyjylar bar. Baýramçylyk konserti Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasynyň üstünliklere beslenýändigini, häzirki we geljekki nesilleriň hoşniýetli goňşuçylyk, halkara hyzmatdaşlyk däplerine ygrarlydygyny görkezýär.

Medeniýet diplomatiýasy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän oňyn bitaraplyk syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Bu baýramçylyk parahatçylygyň, dostlugyň, hoşniýetliligiň, birek-birege düşünişmegiň, ynsanperwerligiň beýik maksatlarynyň we ýörelgeleriniň dabaralanýandygyny aňlatmak bilen, halklaryň zeminiň geljeginiň bähbidine baglanyşmagyny şertlendirýär.

Konsertiň maksatnamasynda hut şu ýörelge öz beýanyny tapdy. Onda çeper döredijilik taýdan kämil eserlere, aýdym-sazly çykyşlaryna möhüm orun berildi.

“Ýurt asuda, toýlar tutýar Arkadagly Serdarym!” atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa baýramçylyk konsertiniň başyny başlady. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen nurana geljege ynamly gadam urýan halkymyzyň mähriban Watanymyzyň häzirki döwürde ýeten derejesine buýsanjynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Köpöwüşginli aýdym-sazly çykyşlar yzygiderli dowam etdi. Onda Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň geljegi hasaplanylýan ýaşajyk artistleriň çykyşlaryna aýratyn ähmiýet berildi. “Mukam” çagalar skripkaçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Dostluk sazlary” konsertiň dabarasyny belende göterdi. Ýaş skripkaçylar wenger, rumyn, polýak, moldowan nusgawy eserlerine degişli sazlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Konsert maksatnamasy ýurdumyzyň we yklymyň gözel ýerleri boýunça özboluşly syýahata öwrüldi. Ýurdumyzda giňden tanalýan meşhur wokal aýdymçylarynyň halk we häzirki zaman aýdymlary söýginiň, dostlugyň, daşky gurşawyň gözelliginiň waspy bolup ýaňlandy. Gyrgyz, täjik, hytaý, koreý, ýapon, arap, türk, italýan, ispan, nemes, azerbaýjan, özbek, rus, hindi, iňlis we fransuz dillerinde ýerine ýetirilen aýdymlar konserte gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Dünýäniň ýurtlarynyň ajaýyp tebigatyny, şäherleriň gözel ýerlerini, parahatçylykda we dostlukda ýaşamagy esasy ugur edinýän dürli halklaryň özboluşly, baý däp-dessurlaryny görkezýän wideoşekiller bilen utgaşdyrylan aýdym-sazlar baýramçylyk konsertiniň derejesini, ähmiýetini belende göterdi.

“Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly çykyş has-da täsirli boldy. Onda ýurdumyzyň belli sazandalary biri-biriniň üstüni ýetirýän we ajaýyp sazlaşykda eýran, owgan, pakistan, türkmen sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bu çykyş tomaşaçylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen kabul edildi.

Birleşen folklor — tans toparlarynyň ýerine ýetiren “Tanslar çemeni” baýramçylyk konsertiniň has-da täsirli çykyşlarynyň birine öwrüldi. Dürli halklaryň milli lybaslaryny geýnen ussat tansçylar belarus, gruzin, tatar, gazak, ukrain, ermeni tanslaryny ýokary derejede ýerine ýetirdiler. Belent ruha we joşguna beslenen tanslar sungatyň birleşdiriji güýje eýediginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Baýramçylyk konsertinde ýaýbaňlandyrylan çykyşlar özboluşlylygy, ajaýyplygy bilen ýatda galyjy boldy. Häzirki zamanyň sanly serişdeleriniň netijeli ulanylmagy çykyşlaryň has-da şowhunly, ýakymly hem-de nurana şekillere eýe bolmagyny şertlendirdi.

Türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgusyna döredilen “Durasyň geler” diýen aýdymy folklor toparynyň joşgunly tanslary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirdi. Akyldar şahyryň erkin, Garaşsyz Watan, mähriban halkynyň agzybirligi barada eden arzuwlary häzirki taryhy eýýamda doly derejede wysal boldy.

Häzirki zaman äheňinde ýerine ýetirilen “Läle” ajaýyplygy, täsirliligi bilen tapawutlandy. Ýurdumyzyň Döwlet hor toparynyň gyzlarynyň ussatlygy çykyşyň ýatda galyjy pursatlara beslenmegini şertlendirdi.

Gadymy we hemişe juwan “Küştdepdi” tansy halkymyzyň geçmiş taryhyndan pursatlary we bagtyýar häzirki döwrüni baglanyşdyrýan sungat eseri bolup durýar. Onda milli we umumadamzat gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Artistleriň sazlaşykly çykyşynda döwürleriň we nesilleriň, taryh bilen häzirki zamanyň arabaglanyşygy, halkymyzyň baý ruhy mirasy aýdyň duýulýar.

“Baky Bitarap sen, berkarar Watan!” atly aýdym baýramçylyk konsertiniň özboluşly jemlemesine öwrüldi. Konserte gatnaşyjylaryň hemmesiniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan bu aýdym Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň, parahatçylygyň, dostlugyň we döredijiligiň senasyna öwrüldi.

Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda uly dabara bilen geçirildi.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow