Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 11.12.2022
1662

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi we özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 27 ýyllyk baýramçylygy bilen gutlady.

Igor Bukato häzirki döwürde amala aşyrylýan we Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine kuwwatly itergi beren özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny we ýurduň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galýandygyny aýratyn belläp, Türkmenistan bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyga buýsanýandygyny we özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň giň möçberli düzümleýin taslamalary ýerine ýetirmäge bolan ägirt uly gyzyklanmalaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, döwletimiziň innowasion işläp taýýarlamalary hem-de önümçilige täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagyny esasy ugur edinýändigini belledi. “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar topary bilen gatnaşyklaryň çäklerinde oňyn tejribe toplanandygyny we soňky birnäçe ýylyň dowamynda bu kompaniýanyň ýurdumyzda gurluşygy alnyp barylýan ýol-ulag düzüminiň birnäçe iri desgalarynyň potratçysy bolandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Milli ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudaklarynyň döwrebaplaşdyrylmagy we köpugurly esasda ösdürilmegi, täze ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň döredilmegi hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabadyň günorta künjeginde sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň gurlup ulanylmaga berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bildirilen ýokary ynam we bu inženerçilik-tehniki desganyň gurluşygyna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Igor Bukato ýolbaşçylyk edýän holdinginiň öz borçnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşjekdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz we myhman özara bähbitli ýörelgelere esaslanýan hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Işewür hormatly Prezidentimize düzümleýin desgalaryň gurluşygy boýunça kompaniýa ynanylan taslamalarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň täzeçil ösüş ýoluna düşmek bilen, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalary, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny ornaşdyrmaga, pudaklaýyn düzümleri düýpli döwrebaplaşdyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Häzirki döwürde Aşgabatda we ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda gurluşygyň ýokary hil derejesinde ýerine ýetirilmegi we ähli işleriň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy möhüm talap bolup durýar.

Daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň netijeli iş alyp barmaklary ugrunda giň mümkinçilikleriň döredilen ýeri bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtap, işewür “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ynamy ödemek we öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdigine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ynandyrdy.

Soňky habarlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
top-arrow