Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
Çap edildi 10.12.2022
1598

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýewi kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak ýaly häzirki zamanyň wajyp meselelerine bagyşlanylan “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahata gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunda döwletara gatnaşyklary kadalaşdyrmak meselesinde Türkmenistanyň işjeň orun eýeleýändigi bellenildi. Ýurdumyzyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary munuň aýdyň beýanydyr.

Türki Döwletleriň Guramasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimizi Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, halkara giňişlikde Türkmenistanyň abraýynyň has-da belende galmagyna gönükdirilen giň möçberli işlerinde üstünlik arzuw etdi. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň sebitleýin we ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm guraly hökmünde ykrar edilendigini belläp, myhman döwlet Baştutanymyzy “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşanynyň gowşurylmagy bilen gutlady.

Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow guramanyň ýolbaşçysyny gadymy we sahawatly türkmen topragynda görýändigine şatdygyny belledi. Ony Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, döwlet Baştutanymyz Kubanyçbek Ömüraliýewe alyp barýan jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz bu guramanyň türki dünýäniň döwletleriniň arasynda baglanyşdyryjy gural hökmünde hereket etmekde uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli geçirilýän “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahatyň dostlukly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalary bilen ykrar edilen we tassyklanan hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasaty alyp barmak bilen, ýurdumyzyň ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen dostluk we netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi ugur edinýändigini aýtdy. Türkmenistan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şeýle-de halkara hem-de sebitara guramalaryň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, Türki Döwletleriň Guramasy bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyga möhüm üns berilýär. Türkmenistan bu guramada synçy döwlet hökmünde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny yzygiderli beýan edýär.

Duşuşygyň dowamynda dürli ugurlardaky ägirt uly mümkinçilikleri nazara alyp, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Energetika, ulag-aragatnaşyk we söwda ugurlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek hem-de tagallalary utgaşdyrmak möhüm ugurlar hökmünde kesgitlenildi. Medeni-ynsanperwer ulgam hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň gerimini giňeltmek, bu ugurdaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek, özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde aýratyn ähmiýetlidir.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we myhman Türkmenistan bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň ählumumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de sazlaşykly ösdüriljekdigine, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky däp bolan ynanyşmak hem-de dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegini üpjün etjekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
20.06
Türkmenistan – Özbegistan: goňşuçylyk gatnaşyklary giňeldilýär
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
top-arrow