Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Bäşinji Merkezi Aziýa bilermenler forumy
Syýasy habarlar
Bäşinji Merkezi Aziýa bilermenler forumy
Çap edildi 10.12.2022
2250

Şu gün paýtagtymyzda “Merkezi Aziýa sebitinde howanyň üýtgemegi, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary bilen baglanyşykly meseleler boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary” ady bilen, bäşinji Merkezi Aziýa bilermenler maslahaty geçirildi. Forumy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň goldaw bermeginde gurady.

Merkezi Aziýanyň bilermenler forumynyň bäşinji maslahaty ýurtlary mundan beýläk-de ýakynlaşdyrmagyň we özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň çäklerinde geçirildi. Onuň baş maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň öňdebaryjy bilermenleriniň sebitleýin hyzmatdaşlygy üpjün etmekde möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaklaryny, sebitiň döwletleriniň hökümetleri üçin ylalaşykly ugurlar boýunça umumy wajyp çemeleşmeleri, anyk teklipleridir başlangyçlary işläp taýýarlamaklaryny gazanmakdan ybarat boldy. Bu gezekki duşuşyga Merkezi Aziýa döwletleriniň strategik barlag institutlarynyň ýolbaşçylary, bilermenleri, diplomatik wekilhanalaryň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary, talyplary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Forumyň maksatnamasy “BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyny ýerine ýetirmegiň çäginde Merkezi Aziýada hyzmatdaşlyk, Aral deňziniň basseýni boýunça suw hyzmatdaşlygy”, “Merkezi Aziýa sebitinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň meseleleri” we “Maglumat-kommunikasiýalar ulgamynda howpsuzlygy üpjün etmegiň meseleleri” mowzuklary boýunça üç sessiýany öz içine aldy.

Çykyş edenler Türkmenistanyň ýokary derejede geçirilen dürli forumlarda öňe süren, Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny, BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hem-de Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny gorap saklamak ýaly başlangyçlarynyň halkara bileleşik tarapyndan giň goldawa eýe bolandygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň sebitiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça oňyn tejribe toplandygy bellenildi. Bu ýurtlar Araly halas etmegiň halkara gaznasyna sebitiň ekologiýa taýdan sagdynlaşmagyna gönükdirilen ekologik we ylmy-tehniki taslamalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirmekde özara gatnaşyklar üçin köpugurly binýat hökmünde baha berýärler. Duşuşygyň dowamynda howanyň üýtgemeginiň täsirini peseltmek we şu maksat bilen durmuşa geçirilýän işlere halkara maliýe düzümleriniň, şol sanda BMG-niň Ýaşyl klimat gaznasynyň goşulmagynyň mümkinçilikleri üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynda amala aşyrylýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda emele gelen ýagdaýa baha bermegiň, sebitleýin ösüşiň hem-de döwletara gatnaşyklaryň meýilleriniň möhüm meselelerini jikme-jik we anyk öwrenmegiň esasynda, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemegiň wajypdygy nygtaldy. Bu işleriň barşynda gazanylan anyk netijeler Merkezi Aziýa sebitiniň howpsuz we durnukly ösüş ýoluna düşmegini şertlendirer.

Azyk senagaty ulgamynda täzeçil ýörelgeleri işjeňleşdirmegiň zerurdygy barada aýdylyp, oba hojalygyna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň wajypdygy bellenildi. Bu pudakda täzeçil tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagy hasyllylygyň ýokarlanmagyny we önümçiligiň çykdajylarynyň azalmagyny şertlendirer.

Milli we sebitleýin derejede kiberhowpsuzlygyň, şeýle hem maglumat howpsuzlygynyň üpjün edilmegine toplumlaýyn çemeleşmeleriň zerurdygy barada aýdylyp, häzirki döwürde sebitiň ähli ýurtlarynyň sanly jemgyýetiň ösdürilmegine, şeýle hem kiber wehimlere garşy durmak meselelerine gönükdirilen milli strategik we hukuk resminamalaryny taýýarlaýandyklary bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar forumyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, maslahatyň häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
10.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
10.04
Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň Türkmen böleginiň ýolbaşçylary bellenildi
09.04
2026-njy ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.04
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
top-arrow