Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň “Fransiýa — Merkezi Aziýa” parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň “Fransiýa — Merkezi Aziýa” parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy
Çap edildi 09.12.2022
931

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň “Fransiýa — Merkezi Aziýa” parlamentara dostluk toparynyň başlygy Erwe Moreý bilen duşuşygy boldy.

Myhman ikiçäk duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de ähli türkmen halkyny Bitaraplyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Senatyň Başlygy Žerar Larşeniň adyndan mähirli salam ýetirip, iň oňat arzuwlaryny beýan etmek bilen, parlamentara dostluk toparynyň başlygy Fransiýanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady. Şeýle hem myhman Fransiýanyň Senatynyň Başlygynyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna özi üçin islendik amatly wagtda Fransiýa Respublikasyna sapar bilen gelmek baradaky ýörite çakylygyny ýetirdi.

Hormatly Arkadagymyz gutlaglardyr hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň Başlygyna mähirli salamyny beýan edip, şu saparyň ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakda we parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädime öwrüljekdigini belledi hem-de çakylygy minnetdarlyk bilen kabul etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda şu ýyl şanly senäniň — Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigi nygtaldy. Bellenilişi ýaly, şu döwürde ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara guramalaryň çäklerinde ysnyşykly hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Munuň şeýledigine sebit we ählumumy derejeli abraýly guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän halkara başlangyçlaryň hem-de teklipleriň özara goldanylýandygy şaýatlyk edýär.

Söhbetdeşler iki ýurduň hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek üçin parlamentara gatnaşyklarynyň, şol sanda “Fransiýa — Merkezi Aziýa” parlamentara dostluk toparynyň uly mümkinçiligini peýdalanmagyň zerurdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliginiň ulanylmagyna üns çekildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň “Fransiýa — Merkezi Aziýa” parlamentara dostluk toparynyň başlygy Erwe Moreý döwletara gatnaşyklara iki ýurduň özara düşünişmeginiň hem-de ýakynlaşmagynyň möhüm guraly hökmünde garap, mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassykladylar.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk hem-de jogapkärli kanun çykaryjylyk işinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňky habarlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
top-arrow