Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi
Çap edildi 05.12.2022
2170

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň Baş direktory Jon Rizi, «UGT Renewables» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we başlygy Goran Raýsiçi hem-de «Climate Compass» kompaniýasynyň Baş direktory Kewin Jeýmsi kabul etdi.

Nobatdaky Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen myhmanlar duşuşmaga wagt tapandygy we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de ABŞ-nyň işewür toparlarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow amerikan işewürliginiň wekillerini mübärekläp, ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändikleri we türkmen bazarynda işlemäge bolan islegleri üçin olara minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Aşgabada gelen amerikan telekeçileriniň wekiliýetiniň uly düzümden ybaratdygyny kanagatlanma bilen belläp, dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiligini iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ýardam bermäge gönükdirilen bilelikdäki işewürlik maslahatynyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz we myhmanlar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada pikir alyşmagyň barşynda forumyň çäklerinde meýilleşdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň mundan beýläk-de netijeli gatnaşyklara täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler. Munuň özi anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna beslenýändigi bellenildi. Şu geçen ýyllarda oňyn döwletara gatnaşyklar yzygiderli ösdürildi.

Biziň ýurtlarymyz söwda, maýa goýum, işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn ähmiýet berip, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändiklerini görkezýärler. Şu babatda döwlet Baştutanymyz bilelikdäki işewürler geňeşiniň eýeleýän uly ornuny belläp, onuň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarta alyp barýan köpýyllyk netijeli işleri üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň bu geňeşiň işine mundan beýläk-de işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Şeýle hem Türkmenistan bilen “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýlandygy bellenildi. Bu kompaniýa Aşgabatda golf klubuny gurmak boýunça iň oňat dünýä tejribesine esaslanan özboluşly taslamany amala aşyrdy.

“Ýaşyl” energetika hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunda Türkmenistan başlangyçlar bilen çykyş etmek ýörelgesine eýerýär hem-de daşky gurşawy goramaga gönükdirilen taslamalara aýratyn ähmiýet berip, halkara jemgyýetçiligiň başlangyçlaryny doly goldaýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda işlemäge ýöriteleşen «UGT Renewables» kompaniýasynyň işewürler geňeşine goşulmagyny goldady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gün energetikasy ulgamynda kompaniýanyň uly tejribesiniň bardygyny göz öňünde tutup, ýurdumyzyň onuň bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga açykdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýe bolan hem-de energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilişini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanda nebitgaz pudagynda iri möçberli düzümleýin taslamalar amala aşyrylýar. Munuň özi türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny, şol sanda «Climate Compass» kompaniýasy bilen hem hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin oňaýly mümkinçilikleri döredýär.

Işewürler mazmunly, giňişleýin gepleşikleriň geçirilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny pugtalandyrmagy hem-de bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagy maksat edinýändiklerini ýene-de bir gezek tassykladylar.

Döwlet Baştutanymyz täzeçillikleri işjeň ornaşdyrmaga, iň oňat dünýä tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge gönükdirilen ykdysady syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistanyň netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň deňhukuklylyk, özara bähbitlilik, uzak möhletleýinlik esasynda mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
top-arrow