Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Türkmenistan kuwwatly, dörediji döwletdir
Hepdäniň wakalary
Türkmenistan kuwwatly, dörediji döwletdir
Çap edildi 04.12.2022
1747

Geçen hepdäniň wakalary Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň nobatdaky beýany boldy. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň syýasy, ykdysady we medeni-durmuş taýdan depginli ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

28-nji noýabrda döwlet Baştutanymyz welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuny belläp, meýdanlarda bar bolan pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini, pagtaçy kärendeçiler bilen döwlete tabşyran pagtasy üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen bir hatarda, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda alyp barmak, güýzlük ýeralmanyň, gök, bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, olary sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek hem-de bu azyk önümleri bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek ugrunda ähli tagallalar edilmelidir.

Şeýle hem welaýat häkimlerine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň we Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde şu ýyl meýilleşdirilen işleri, welaýatlaryň dolandyryş-çäk bölünişigi bilen bagly zerur işleri gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

28-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewi kabul etdi. Taraplar däp bolan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar hem-de medeniýet we sungat ugurlary, bu ulgamda bilelikdäki çäreleri geçirmek boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýyl TÜRKSOÝ-nyň 30 ýyllygyny bellemek hem-de 2024-nji ýylda beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmek bilen bagly meselelere deglip geçildi.

Döwlet Baştutanymyz Baş sekretara hem-de onuň üsti bilen TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşine 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly”, Türkmenistanyň gadymy Änew şäherini bolsa şol ýyl üçin “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýip yglan etmek barada çözgüdiň kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem giň gerimli wakanyň TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirildi. Munuň özi köp babatda umumylyga eýe bolan türki medeniýetiň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam eder.

30-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Ali Akbar Mehrabiany kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Eýran Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolmak bilen, ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Ýurtlarymyzyň dürli pudaklarda işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy. Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy çäk taýdan örän amatly ýerleşýärler hem-de tebigy serişdeleriň baý gorlaryna eýedirler. Munuň özi daşary ykdysady, energetika we üstaşyr ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň ägirt uly serişde we ykdysady kuwwatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, onuň has netijeli gurallaryny işläp taýýarlamagyň zerurdygy bellenildi.

2-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy. Hususan-da, ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek, parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, Koreýa Respublikasy bilen dostlukly, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen alnyp barylýan işler barada habar berildi. Ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileriň mineral dökünler bilen üpjün edilişi, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň eksport ugurly önümleriň önümçiligini artdyrmak boýunça alyp barýan işleri, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň çäginde täze önümçiligi gurmagyň mümkinçilikleri mejlisde garalan meseleleriň hatarynda boldy.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň Baku şäherinde geçirilen altynjy mejlisiniň netijeleri, Aşgabatda iki ýurduň döwlet düzümleriniň, öňdebaryjy kompaniýalarynyň we işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda guralan Türkmen-awstriýa işewürlik maslahatynyň jemleri barada habar berildi. Şeýle hem mejlisde demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň Halkara gatnawlarda konteýner otly düzümlerinde konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşygyna goşulmak meselesine garaldy. Bulardan başga-da, şanly seneler mynasybetli dekabr aýynda meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerine we dabaralara taýýarlyk görlüşi, Türkmenistanyň lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasynyň işi barada habar berildi.

Türkmenistanyň halkara habarlar işini mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň düzüminde Halkara habarlar merkezini açmak teklip edilýär. Merkeziň esasy wezipeleri ýurdumyzda bolup geçýän möhüm wakalara bagyşlanan gepleşikleri, gysga göwrümli dokumental filmleri, wideorolikleri taýýarlap, daşary ýurtlaryň teleradioýaýlymlarynda görkezmekden, ýörite neşirleri çap etmekden we beýlekilerden ybarat bolar. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe ugurdaş bölümlerden ybarat bolan täze merkezi paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesindäkii Halkara ýaýlyma beriş merkezinde ýerleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ildeşlerimizi ýurdumyzyň “Türkmen keşdeçilik sungaty” atly hödürnamasyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky möhüm halkara çözgüdiň kabul edilmegi bilen mähirli gutlady. Bu çözgüt ÝUNESKO-nyň Marokkonyň Rabat şäherinde geçirilýän Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň 17-nji mejlisinde biragyzdan kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň ätiýaçlyk şaýlarynyň satyn almagy hakynda Karara gol çekdi. Şeýle-de Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň düzümlerini tassyklady. Bulardan başga-da, geçen hepdede döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11-nji dekabrynda “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahatyň we 13-14-nji dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitiniň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek baradaky Kararlara gol çekdi.

3-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çakylygy boýunça Katar Döwletine saparyny amala aşyryp, ol ýerde hemmetaraplaýyn türkmen-katar gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly ýokary derejede duşuşyk geçirdi hem-de Dohada geçirilýän Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy.

Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurda ugramazyndan ozal, Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ganem bin Abdullah Al Romaýhi bilen söhbetdeş boldy. Döwlet Baştutanymyz doganlyk Katar Döwletine amala aşyrylýan saparyň möhümdigini belläp, Türkmenistanda dostlukly ýurt bilen netijeli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine örän uly ähmiýet berilýändigini nygtady.

Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky gatnaşyklar dostluk, özara hormat goýmak, uzak möhletleýinlik häsiýetine eýedir. Häzirki döwürde strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda depginli ösdürilýär. Şeýle hem Türkmenistan Katar bilen köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara, sebit guramalarynyň we düzümleriniň ugry boýunça, şol sanda sporty ösdürmek ulgamynda hem üstünlikli gatnaşyk edýär.

Oýnuň başlanmagynyň öňüsyrasynda, halkara “Halifa” stadionynyň ýokary derejeli myhmanlara niýetlenen zalynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen ikiçäk duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda Katar Döwletiniň Doha şäherinde Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasyny açmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlary gatnaşyklaryň ileri tutulýan, geljegi has uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Olar ägirt uly uglewodorod serişdeleriniň gorlaryna eýe bolan iki ýurduň ykdysadyýetinde binýatlyk ugurlardyr.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol, bu ýurduň Milli Assambleýasynyň başlygy, “Türkmenistan — Koreýa” parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy, Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň (KITA) prezidenti hem-de koreý işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşyklaryň dowamynda söwda-ykdysady, ekologiýa we ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri boýunça gepleşikler geçirildi.

Türkmen-koreý gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe teklipleri, şol sanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek, parlamentara dostluk toparynyň işini işjeňleşdirmek, ýaşlar parlamentara gatnaşyklarynyň we zenan parlamentarileriň hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak boýunça teklipleri öňe sürdi. Duşuşyklaryň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama, şeýle-de iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň we işewür toparlarynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Iki ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekillerini bir ýere jemlän Türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty geçen hepdäniň beýleki möhüm wakalarynyň hatarynda boldy. Çäräni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Awstriýa Respublikasynyň Federal ykdysady edarasy guradylar. Duşuşygyň gün tertibine iki ýurduň bar bolan ägirt uly söwda-ykdysady kuwwaty bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň pudak edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary, hususan-da, senagat, energetika, oba hojalygy, ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler girizildi.

Forumyň dowamynda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda we maýa goýumlarda, ýokary tehnologiýalar ulgamynda gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň ýollary, söwda dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, bilelikdäki işler üçin anyk meýilnamalar kesgitlenildi. Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, hususy kompaniýalarynyň hem-de telekeçileriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda resminamalara gol çekildi, täze gatnaşyklar ýola goýuldy, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şuller-Götzburgdan ynanç hatyny kabul etdi. Mejlisiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi mynasybetli gutlap, oňa Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda dostlukly, köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň başlygy hanym Neda Berger bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 11-nji mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň birnäçe döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Taraplar ileri tutulýan ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar we onuň geljegi uly hasaplanýan ugurlaryny kesgitlediler. Hususan-da, energetika, ulag-logistika, gurluşyk we infrastrukturalar, saglygy goraýyş, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek ýaly ulgamlarda gatnaşyklaryň uly geljeginiň bardygy bellenildi. Maşyn gurluşygy, ekologiýa we maglumat tehnologiýalary ýaly ugurlara aýratyn üns berildi. Şeýle hem ýurdumyzda senagat we hyzmat kärhanalaryny döretmek üçin Awstriýanyň kompaniýalarynyň tejribelerini, tehnologiýalaryny çekmek, türkmen önümlerini Awstriýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň beýleki ýurtlarynyň bazarlarynda ilerletmek barada aýdyldy.

Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Aşgabatda “Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwal we maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan bu çärä gatnaşmak üçin halkara guramalaryň, ugurdaş ministrlikleriň ýolbaşçylary we wekilleri, aýdymçy-sazandalar — milli saz gurallarynda ýerine ýetirijiler, alymlar, hünärmenler, şol sanda saz, sungat we medeniýeti öwrenijiler, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Tatarystanyň (Russiýa Federasiýasy), Türkiýäniň we Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, medeniýet işgärleri Aşgabada geldiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu festiwala we maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda dünýäniň dürli ýurtlarynyň arasynda dostluk köprüsi bolup durýan sungatyň aýratyn ornuny belledi. “Türkmen sungatynyň dünýä ýaýylmagy, bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleriň ukyp-başarnyklaryny doly açyp görkezmekleri üçin döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn mümkinçilikler döredilýär” diýip, Gutlagda nygtalýar.

Dünýä halklarynyň saz sungatynyň gözbaşlaryna bagyşlanan forumyň çäklerinde aýdymçylardyr sazandalaryň, tans toparlarynyň çykyşlary, sergiler, döredijilik duşuşyklary, milli saz gurallarynda saz çalmak boýunça ussatlyk sapaklary guraldy. Ylmy maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda dünýä halklarynyň aýdym-saz medeniýetini öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň meselelerine deglip geçildi.

3-nji dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde Milli Geňeşiň agzalarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we degişli jogapkär ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda bu iri merkeziň birinji tapgyrynyň tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda geljekde öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Gökdepe etrabynyň çägindäki ýörite toplumda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan geçirilen ýörite çäräniň dowamynda bikanun dolanyşykdan alnan neşe serişdelerini we temmäki önümlerini ýakyp ýok etmek çäresi boldy. Oňa Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiň ýolbaşçylary, Hökümetiň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu çäre neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmekde Türkmenistanyň öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirýändigini aýdyňlygy bilen görkezdi.

Geçen hepde wakalara baý bolup, olaryň her biri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan açyklyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.


Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow