Şu gün paýtagtymyzda sanly ulgam arkaly «Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri: öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek tejribesi» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guraldy.
Bu gezekki giň möçberli forumyň baş maksady taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek babatda halkara gatnaşyklary giňeltmekden we özara tejribe alyşmakdan ybarat boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan oňyn döwlet syýasaty esasynda ýurdumyzda medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, milli mirasy düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýäde giňden wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri aýawly saklamak, rejelemek boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Mundan başga-da, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmäge hödürlenilýän desgalaryň sanyny artdyrmak ugrunda uly tagallalary edýär we bu babatda üstünlikleri gazanýar, halkara guramalar, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanda döwlet hasabynda durýan taryhy we medeni desgalaryň 1400-den gowragy bar. Olaryň köpüsi arheologik ýadygärliklerdir. Goňurdepe, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe, Jeýtun we Änew, Köne Nusaý, Gadymy Merw, Köneürgenç, Gadymy Dehistan, Gadymy Sarahs, Abiwerd, Gökdepe galasy ýaly ýadygärlikler geçen döwürleriň naýbaşy binagärlik desgalary bolup, açyk asmanyň astyndaky ajaýyp muzeýlerdir. Olar döwlet taryhy-medeni goraghanalary hökmünde yglan edildi. Türkmenistan gymmatly taryhy mirasa eýe bolan ýurt hökmünde dünýäde ykrar edildi. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň ajaýyp ýadygärlikleri ählumumy gymmatlyga eýe bolan desgalar hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
Soňky ýyllarda halkara ylmy bileleşigiň ýurdumyzyň çäginde bar bolan taryhy-medeni ýadygärliklere gyzyklanmalary yzygiderli artýar. Şu gezekki halkara ylmy maslahat munuň nobatdaky subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen açylyş dabarasyna Medeniýet ministrliginiň, Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň we onuň garamagyndaky taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň ylym, medeniýet we muzeý işgärleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Bu çärä sanly ulgam arkaly daşary ýurtly wekiller, Russiýanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň iri ylmy we medeni merkezleriniň ýolbaşçylary, işgärleri, bilermenleri gatnaşdylar. Olaryň köpüsiniň ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerinde türkmen alymlary bilen bilelikde arheologik gözleglere we ylmy barlaglara gatnaşandyklaryny bellemek gerek.
Halkara ylmy maslahat Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerinde geçirilen arheologik gazuw-agtaryşlara bagyşlanan wideofilm bilen başlandy. Sanly ulgam arkaly we häzirki zaman kartografik ulgamyndaky barlaglaryň, täzeçil usullaryň, taryhyň galyndylarynyň 3D usulynda görkezilmegi maslahata gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy.
Türkmen alymlary çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 8-nji aprelinde geçirilen mejlisinde gol çeken “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” ähmiýetini bellediler. Maksatnamanyň esasy wezipesi milli mirasymyzy gorap saklamakdan hem-de bu ugurda geçirilýän ylmy-barlag işlerine täze depgin bermekden ybaratdyr. Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini ylmy taýdan öwrenmek we gorap saklamak bilen bir hatarda, olara hem-de ýurdumyzyň çäginde bar bolan gözel künjeklere daşary döwletleriň, ýurdumyzyň syýahatçylaryny çekmek boýunça netijeli çäreler göz öňünde tutuldy. Onuň taryhy-medeni ýadygärlikleriň syýahatçylygyny, taryh ylmyny ösdürmekde ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny bellemeli.
Mälim bolşy ýaly, medeni we ekologik syýahatçylygyň görnüşleridir ugurlary barha artyp, ol häzirki döwürde öňdäki hatarlaryň birini eýeleýär. Syýahatçylaryň dünýä, milli we ýerli medeni gymmatlyklar, özboluşly däp-dessurlar, etnografik aýratynlyklar, binagärlik desgalary we medeni dessurlar bilen tanyşmaga bolan gyzyklanmalary bu ugruň ösmegini şertlendirýär. Şunda taryhy-medeni, tebigy desgalaryň goraglylygyny, şol sanda olaryň talabalaýyk derejede saklanylmagyny hem-de rejelenilmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly wezipeleri sazlaşykly çözmek möhümdir. Bu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanda gadymy medeni mirasy, türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny we taryhyny ylmy esasda öwrenmäge, olary geljek nesiller üçin saklamaga hem-de dünýäde giňden wagyz etmäge gönükdirilen birnäçe kadalaşdyryjy hukuk resminamalary kabul edildi. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak hakynda», «Muzeýler we muzeý işi hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýlekiler bar.
Häzirki döwürde Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň hünärmenleri ýurdumyzyň welaýatlarynda bolup, köp sanly taryhy ýadygärlikleri rejelemek, ylmy esasda öwrenmek işlerini ýerine ýetirýärler. Türkmenistanda birnäçe bilelikdäki halkara arheologik toparlar hereket edýär. Olaryň baş maksady taryhy ýadygärlikleri gorap saklamakdan, rejelemekden ybaratdyr.
Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň direktory, taryh ylymlarynyň doktory Dmitriý Funkuň çykyşy hut şu ugra bagyşlandy. Şeýle-de şol institutyň bölüm müdiri, taryh ylymlarynyň doktory, soňky ýyllarda Goňurdepede bilelikdäki türkmen-rus arheologiýa toparyna ýolbaşçylyk eden Nadežda Dubowa bürünç eýýamynyň bu ýadygärligini konserwirlemegiň tejribesi boýunça çykyş etdi.
Italiýanyň Turin şäheriniň Arheologiýa gazuw-barlaglary merkeziniň direktory, arheologiýa ylymlarynyň doktory, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi, Gadymy Nusaý ýadygärligini öwrenmek boýunça türkmen-italýan arheologiýa toparynyň ýolbaşçysy Karlo Lippolis «Köne Nusaý galasynyň öwrenilişi we gadymy diwarlaryň konserwirlenilişi» atly mowzuk boýunça çykyş etdi. Fransiýanyň Milli ylmy-barlag merkeziniň ylmy işgäri, arheologiýa ylymlarynyň doktory, Ulugdepede bilelikdäki türkmen-fransuz arheologiýa toparyna ýolbaşçylyk edýän Julio Bendezu-Sarmiýentonyň çykyşy bu taryhy ýadygärligi öwrenmek we ony gorap saklamak boýunça öz geçiren iş tejribesi bilen baglanyşykly boldy. Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň Ylmy-rejeleýiş institutynyň direktorynyň orunbasary, taryh ylymlarynyň kandidaty, dosent, medeni gymmatlyklar boýunça bilermen Alekseý Petruşkewiç öz çykyşyny ýadygärlikleri rejelemek meseleleri boýunça türkmen-rus özara gatnaşyklarynyň meselelerine bagyşlady.
Bellenilişi ýaly, taryhy desgalary rejelemek köp zähmeti talap edýär. Onuň netijesi birnäçe şertlere, düzgünlere, kadalaşdyryjy resminamalara we degişli Kanunlara bagly bolup durýar. Işe girişmezden ozal, birnäçe barlaglar geçirilýär. Degişli ýadygärligiň gurluş taryhyny doly derejede açyp görkezmek, öz durkuny ýitiren ýadygärlikleriň saklanyp galan böleklerini ýüze çykarmak we olary gaýtadan anyk dikeltmegiň mümkinçiliklerini kesgitlemek zerurdyr. Maslahatyň dowamynda Gyrgyz Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň Ýöriteleşdirilen ylmy-rejeleýiş ussahanasynyň direktory Jumamedel Imankulowyň, Özbegistan Respublikasynyň Çeperçilik akademiýasynyň Sungaty öwreniş ylmy-barlag institutynyň bölüm müdiri, arhitektura ylymlarynyň doktory, professor Mawlýuda Ýusupowanyň we beýlekileriň çykyşlary diňlenildi.
Sebitde syýahatçylygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Täjigistanyň M.S.Osimi adyndaky tehniki uniwersitetiniň professory, arhitektura ylymlarynyň doktory Rustam Mukimowyň çykyşy “Orta Aziýanyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň öwrenilmegi we syýahatçylyk ugurlarynyň kämilleşmeginiň ähmiýeti” atly mowzuk boýunça boldy. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky iri desgalary öz içine alýan syýahatçylyk boýunça uly mümkinçiliklere eýe bolan Orta Aziýanyň ykdysadyýetiň bu pudagyny has-da ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Çykyş edenler Türkmenistanyň geçen eýýamlara degişli ajaýyp arheologik desgalaryny goramakda tejribe alşylmagynyň wajypdygyny bellediler we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmek bilen baglanyşykly garaýyşlaryny beýan etdiler.
Şeýle-de dünýäniň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek we gorap saklamak boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy. Türkmen topragynda bar bolan ýadygärlikler we ýüze çykarylan taryhy tapyndylar ählumumy mirasyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan oňyn syýasaty şöhratly pederlerimiziň medeni mirasyny öwrenmekde, gorap saklamakda we olary wagyz etmekde aýratyn ähmiýetlidir. Şunda halkara gatnaşyklaryň ýola goýulmagy hem-de amatly şertleriň döredilmegi ylmy barlaglaryň işjeňleşdirilmegini we bu ugurda beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy hünärmenleriniň çekilmegini şertlendirýär.
Türkmenistanyň taryhy, medeni we tebigy ýadygärlikleriniň her biriniň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň bahasyz gymmatlygy bolup durýandygy biragyzdan tassyklanyldy. Maslahata gatnaşyjylar ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk boýunça oňyn tejribe toplan Türkmenistanda alnyp barylýan ylmy işleriň taryhy-medeni ýadygärlikleri ylmy taýdan öwrenmek boýunça uly ösüşleriň gazanylmagynda ähmiýetlidigini nygtadylar.