Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek döwlet strategiýasynyň esasy wezipesidir
Hepdäniň wakalary
Halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek döwlet strategiýasynyň esasy wezipesidir
Çap edildi 20.11.2022
1826

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda giň gerimli döwlet we milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň syýasy, ykdysady, durmuş, medeni taýdan depginli ösüşini üpjün etmek, raýatlaryň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak şol maksatnamalaryň esasy wezipesidir.

14-nji noýabrda döwlet Baştutanymyzyň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan oba hojalygynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz möhletinde geçirilmegi üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy.

Pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamagyň, ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleri bilen bolelin üpjün etmegiň wajypdygy nygtaldy. Şeýle hem welaýat häkimlerine şu ýyl gurlup ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalardaky gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamak, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek dabaralara degişli derejede taýýarlyk görmek tabşyryldy.

15-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň rus tarapynyň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady we ylmy-tehniki ulgamlardaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Nebitgaz, senagat, ulag, logistika, söwda we birnäçe beýleki pudaklar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Şeýle-de bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamyndaky ýola goýlan netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy.

Şol gün Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy boldy. Gün tertibine söwda-ykdysady we maliýe-bank ulgamlarynda, ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk, logistika, senagat ulgamlarynda, oba hojalygynda hem-de gyzyklanma bildirilýän beýleki ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň geljegine degişli meseleleriň giň toplumy girizildi. Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barlan işlere oňyn baha berdiler, hakyky dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň köpasyrlyk däplerine daýanýan netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine iki ýurduň hem gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar.

16-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owjini kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz we myhman iki ýurduň milli ykdysadyýetleri üçin strategik häsiýete eýe bolan ýangyç-energetika ulgamynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ägirt uly serişde we ykdysady kuwwata eýe bolan iki goňşy döwletiň geljekde-de deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerinde däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmegi ugur edinýändigi bellenildi.

Eýranyň nebit ministri Türkmenistanyň Baştutanynyň alyp barýan energetika syýasatyny hem-de onuň çäklerinde yzygiderli amala aşyrylýan we ýurduň örän baý serişde mümkinçiliklerini dünýä bileleşiginiň bähbidine gönükdiren giň gerimli taslamalaryna ýokary baha berip, goňşy ýurduň netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, tutuş sebitiň durnukly ykdysady ösüşine ýardam berýän ulag, kommunikasiýa, gurluşyk we oba hojalyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

18-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Milli kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek, “Galkynyş” gaz käniniň täze desgalaryny taslama kuwwatyna çykarmak, gurluşyk senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny, suw üpjünçiligini gowulandyrmak, geljek ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň sanawyny taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleler mejlisde garalan ugurlaryň hatarynda boldy.

Şeýle-de noýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň nobatdaky mejlisini, 29-30-njy noýabrda Aşgabat şäherinde Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň 11-nji mejlisini hem-de onuň çäklerinde işewürlik maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. Mundan başga-da, noýabr aýynyň soňky ongünlüginde ýurdumyzda “Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri: öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek tejribesi” atly halkara maslahaty, Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günlerini, “Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwaly we maslahaty, dekabr aýynda bolsa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara olimpiadalary geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek, wagyz-düşündiriş işlerini güýçlendirmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanynda “Arkadagly ýaşlar” atly elektron žurnaly döretmek göz öňünde tutulýar. Täze elektron neşir zehinli türkmen ýaşlarynyň geçirýän ylmy barlaglarynyň hem-de innowasion işläp taýýarlamalarynyň ähmiýetini açyp görkezmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň Prezidentiniň 21-22-nji noýabrda Birleşen Arap Emirliklerine meýilleşdirilen resmi saparynyň maksatnamasy hödürlenildi. Saparyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýokary derejede geçiriljek gepleşikler häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we uzak möhletleýin geljegi nazara alyp, Birleşen Arap Emirlikleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlemäge, döwletara gatnaşyklary täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam eder.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklary, ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryny zerur bolan ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen ýeterlik derejede üpjün etmäge degişli, şeýle hem demir ýollaryň we demir ýol ulagynyň beýleki obýektleriniň gorag zolaklarynyň bellenilmeginiň Tertibini tassyklamak hakynda Kararlara gol çekdi.

Mundan başga-da, geçen hepdede döwlet Baştutanymyz ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2023-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilen sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň, festiwallaryň sanawyny we olary geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklamak hakynda Karara gol çekdi.

18-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna şu ýyl 30 ýyl dolýandygy bellenildi. Şu döwürde Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara gatnaşyklar köpugurly häsiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi.

Parlamentara gatnaşyklar türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar. Şunda kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, duşuşyklaryň we geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmegine zerur üns berilýär. Munuň özi hyzmatdaşlygyň häzirki zaman hukuk binýadyny döretmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygynyň ýurdumyza saparynyň bu ugurda möhüm ädime öwrüljekdigi nygtaldy. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Parlamentiniň Başlygy Mustafa Şentop dostluk däplerine we taraplaryň hoşniýetli erkine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine, ählumumy abadançylygyň bähbidine has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Şol gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň, iki ýurduň halklarynyň bähbidine parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler iki ýurduň parlamentarileriniň doly derejeli döwletara gatnaşyklary ösdürmekde, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmakda möhüm orun eýeleýändiklerine ünsi çekdiler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň ähmiýeti nygtaldy. Türkiýäniň Parlamentiniň Başlygy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygyny hem-de deputatlaryny 2023-nji ýylyň aprel aýynda geçiriljek Türki dilli ýurtlaryň parlament assambleýasynyň mejlisine gatnaşmaga çagyrdy.

Paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop bilen duşuşygy boldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, Türkiýe Respublikasy bilen özara gatnaşyklaryň berkidilmegi we ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar.

Kanun çykaryjylyk işini utgaşdyrmakda parlamentara gatnaşyklaryň wajypdygy barada aýdyp, Gahryman Arkadagymyz ekologiýa we ýaşlar meselesine, azyk howpsuzlygyna, gender deňligine, beýleki wezipelere möhüm üns bermegiň zerurdygyny belledi. Olar adamyň hukuklaryny öz içine alýar we BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň esasy ugry bolup durýar. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki döwletiň söwda-ykdysady, ulag, energetika, maýa goýumlar, täze tehnologiýalar, oba hojalygy, dokma senagaty, gazhimiýa senagaty ulgamlarynda, şeýle-de täze önümçilikleri döretmek boýunça hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Medeni-ynsanperwer, ylym, bilim ulgamlarynda özara gatnaşyklar iki halkyň dostlukly gatnaşyklaryny mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek üçin möhüm ugurlar hökmünde görkezildi.

Giňişleýin düzümdäki duşuşyk tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminama gol çekmek dabarasy boldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” diýen ordenini gowşurdy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permanynda bellenilişi ýaly, Mustafa Şentop bu ýokary sylaga döwletara hyzmatdaşlygyň mazmunyny baýlaşdyrmaga goşan goşandy üçin mynasyp boldy.

Geçen hepdede Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ilkinji mejlisi boldy. Onda Türkmenistanyň Maşgala kodeksi, degişli Kanunlary bilen baglanyşykly meseleler hem-de howandarlyga mätäç çagalara ýakyndan ýardam bermek boýunça öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, gaznanyň serişdelerinden 2021-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň, etraplarynyň, şäherleriniň hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen täze “Tiz kömek” awtoulaglary berildi, howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary ýerine ýetirmek, bejergi üçin çykdajylary, lukmançylyk enjamlaryny satyn almak üçin tölegleri geçirmek asylly däbe öwrüldi. Haýyr-sahawat gaznasynyň we onuň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň işiniň hukuk taýdan esaslandyrylmagy onuň işine kuwwatly itergi berer.

Geçen hepdede Daşoguz şäherinde Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly geçirildi. Bu festiwal goňşy ýurtlaryň gatnaşyklarynda täze sahypany açmaga ýardam berer. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň dostluk festiwalyna gatnaşyjylara Gutlaglarynda türkmen we özbek halklarynyň taryhy-medeni kökleriniň, däp-dessurlarynyň umumylygy, dilleriniň, ýaşaýyş-durmuş ýörelgeleriniň ýakynlygy aýratyn nygtalýar. Munuň özi häzirki wagtda iki ýurduň däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryny has çuňňur many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Döredijilik çäresiniň maksatnamasynda sahna oýunlary, tans, folklor toparlarynyň çykyşlary, iki ýurduň senetçileriniň, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň işleriniň, senetçileriň sergisi, döredijilik işgärleriniň duşuşyklary, türkmen we özbek kinolarynyň görkezilişi, türkmen topragynyň mukaddes ýerlerine zyýarat hem-de gadymy ýadygärliklere gezelençler göz öňünde tutulypdyr.

19-njy noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň sekizinji mejlisi geçirildi. Onda 9-njy noýabrda Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ýigriminji maslahatynda kabul edilen Kanunlar makullanyldy. Bu kadalaşdyryjy hukuk namalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.

Şeýle-de19-njy noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy we bu ýerde ozal maslahatlaşylan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde bina edilen çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine, çagalar bagyna bardy, olarda çagalar üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy, awtomobil ýollarynyň ugrunda goýulmagy meýilleşdirilýän ýol belgilerini, şekil taslamalaryny hem-de çyzgylary synlady. Şolaryň arasynda Arkadagymyzyň şaýollara, köçelere at dakmak we täze binalary atlandyrmak boýunça ozal maslahatlaşan wezipeleriniň ýerine ýetirilişine degişli şekil taslamalary hem bar.

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda täze merkezde ilatyň durmuşynda möhüm bolan maglumatlaryň görkezilmegine niýetlenen elektron tablolaryň zerur bolan degişli ýerlerde goýulmagyna, merkeziň köçeleriniň atlaryny görkezýän belgileriň yşyklandyryş ulgamyna, nou-haularyň, energiýa tygşytlaýjy serişdeleriň ornaşdyrylyşyna degişli meseleleriň çözülmegine örän oýlanyşykly, hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň wajypdygy nygtaldy.

Geçen hepdäniň wakalarynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýurdumyzyň innowasion ösüşiniň depginini güýçlendirmek, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary öz beýanyny tapdy.


Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow