Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi
Çap edildi 19.11.2022
1922

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň sekizinji mejlisi geçirildi. Onda 9-njy noýabrda Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ýigriminji maslahatynda kabul edilen Kanunlar makullanyldy. Bu kadalaşdyryjy hukuk namalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Mejlisiň işine gatnaşmaga köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Mejlisiň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň, şeýle-de komitetleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi. Olarda kanunçylyk namalarynyň her biri boýunça netijenamalar berildi. Ilki bilen, Mejlis tarapyndan kabul edilen “Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler bu resminamanyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna we ýörelgelerine laýyklykda işlenip taýýarlanylandygyny, notarial işiniň esasy ýörelgeleriniň notariusyň hukuk derejesi bilen sazlaşygyna gönükdirilendigini bellediler.

Soňra “Sirk we sirk sungaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna garaldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy pikirine görä, bu Kanun milli medeniýetimiziň mundan beýläk-de ösdürilmegine hukuk taýdan ýardam berilmegine, döredijilik işgärleriniň bähbitlerini goramaga gönükdirilendir. “Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda” Türkmenistanyň Kanuny ara alnyp maslahatlaşylanda, onuň ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini giňeltmek, hukuk esaslaryny we ygtyýarlyklaryny berkarar etmek, döwlet häkimiýetiniň edaralary bilen olaryň özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek babatda möhümdigi bellenildi.

Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň amala aşyrylýandygyny nygtadylar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda halkara hukuk kadalary milli kanunçylygymyza ornaşdyrylýar, parlament ulgamynda beýleki döwletler we halkara guramalar bilen tejribe alşylýar, halkara resminamalara goşulyşmak arkaly özara gatnaşyklaryň çäkleri giňeldilýär.

Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde “Ýükleriň ýol arkaly halkara daşalmagy babatda şertnama hakyndaky Konwensiýa Elektron haryt-ulag hatyna degişli Goşmaça Teswirnama goşulmak hakynda” we “Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna hem garaldy. Türkmenistanyň bu Konwensiýalara goşulmagynyň hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny has-da pugtalandyrmaga mümkinçilik berjekdigi bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, Halk Maslahatynyň agzalary hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmäge degişli birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalaryna seretdiler. Olaryň hatarynda “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Goranmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda” Kanunlar bar.

Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň kämilleşdirilmeginiň ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürilmegine hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan özgertmeleriň netijeli amala aşyrylmagyna gönükdirilendigi bellenildi.

Mejlisiň dowamynda başga-da möhüm meselelere garaldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň sekizinji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan Kanunlar biragyzdan goldanyldy we degişli Kararlar bilen berkidildi.

Soňky habarlar
10.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
10.04
Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň Türkmen böleginiň ýolbaşçylary bellenildi
09.04
2026-njy ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.04
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
top-arrow