Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Çap edildi 11.11.2022
700

Şu gün Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde çagyrylan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy.

Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň salamyny ýetirip, gyrgyz Lideri bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hem-de ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin kanagatlanma bildirdi.

Dostlukly döwletiň Baştutany, öz gezeginde, döwlet Baştutanymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy türki dilli döwletleriň arasynda dostlugy we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan ägirt uly goşandy üçin şu gün Türki dünýäniň ýokary ordeniniň gowşurylmagy bilen gutlady.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi. Şol gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda işjeň ösdürilip, soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykaryldy. Bellenilişi ýaly, yzygiderli geçirilýän gepleşikler hem-de döwlet we Hökümet derejesindäki özara saparlar köp babatda türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilmegine ýardam edýär. Munuň özi özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär.

Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge ýardam edýän parlament ugurly gatnaşyklaryň möhüm ornuny nygtady. Häzirki wagtda parlament hyzmatdaşlygy döwletara gatnaşyklaryň esasy ugry bolup durýar, ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny döretmäge oňyn täsir edýär diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we Türkmenistanyň iki dostlukly ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge hemmetaraplaýyn goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň çäklerinde bar bolan mümkinçilikleri we häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, gatnaşyklaryň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady gatnaşyklar geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Gyrgyzystan özara söwdanyň, maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak, dürli pudaklarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin ýeterlik kuwwata eýedir. Energetika, ulag, nebitgaz senagaty, oba hojalygy hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin geljegi uly ugurlar hasaplanýar. Şeýle hem iki ýurduň telekeçileriniň göni gatnaşyklaryny höweslendirmegiň we maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmagyň wajypdygy nygtaldy.

Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň medeniýet, ylym, bilim, sport ulgamlarynda bilelikde işlemek hem-de tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleriniň bardygyna ynam bildirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Sadyr Žaparow Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mizemezdigini ýene-de bir gezek nygtap, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
10.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
10.04
Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň Türkmen böleginiň ýolbaşçylary bellenildi
09.04
2026-njy ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.04
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
top-arrow