Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2022» atly XV halkara sergisine hem-de ylmy maslahata gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2022» atly XV halkara sergisine hem-de ylmy maslahata gatnaşyjylara
Çap edildi 09.11.2022
1384

Gadyrly myhmanlar!

Hormatly aragatnaşyk pudagynyň işgärleri!

Sizi telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2022» atly XV halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Biz dünýäniň ösen tehnologiýalarynyň tejribesine we innowasiýalara daýanyp, milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrýarys, ýurdumyzy durmuş taýdan ösdürmekde uly üstünlikleri gazanýarys. Sanly tehnologiýalaryň gurluşyny, maddy-tehniki, hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeleri we iri taslamalary durmuşa geçirýäris. Häzirki wagtda milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze innowasion, sanly tehnologiýalary, maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Bäsdeşlige ukyply häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlarynyň hil taýdan täze görnüşini döretmek we ilata hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ugurdan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerine hem uly üns berilýär. Aragatnaşyk edara-kärhanalaryny döretmäge, olary döwrebaplaşdyrmaga düýpli maýa goýumlar gönükdirilýär.

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanly ykdysadyýete geçirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu Konsepsiýanyň durmuşa geçirilmegi ykdysadyýetimizi çalt depginlerde ösdürmäge we sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak, «Elektron hökümet» ulgamyny doly derejede işe girizmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Maglumat we telekommunikasiýa hyzmatlary babatda işleriň hukuk taýdan kadalaşdyrylmagyny kämilleşdirmek dowam etdirilýär. Iri taslamalary amala aşyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Hormatly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän telekommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmekde, dünýä ähmiýetli iri taslamalary, maksatnamalary durmuşa geçirmekde telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2022» atly XV halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň ähmiýeti uludyr. Türkmenistan halkara ähmiýetli optiki-süýümli magistral aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak arkaly Beýik Ýüpek ýolunyň ulag-kommunikasiýa merkeziniň wezipesini ýerine ýetirýär. Bu taslamalar diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulgamlaryň wajyp şahasy bolmak bilen, goňşy döwletleriň ykdysadyýetiniň ösmegine hem ýardam berýär.

Garaşsyz ýurdumyz halkara derejede işjeň we netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine mynasyp goşant goşup, ähli ulgamlarda ýokary ösüş depginlerini gazanýar hem-de dünýä bileleşiginiň ünsüni özüne çekýär. «Açyk gapylar» syýasatyny işjeň durmuşa geçirmek arkaly Türkmenistan hyzmatdaş ýurtlary bilen öz döwründe Gündogaryň we Günbataryň medeniýetlerini baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman şertlerinde täzeden dikeldilmegine işjeň gatnaşýar. Bu ugurda ýurdumyzda sebitleýin hem-de ählumumy ähmiýetli maslahatlardyr forumlar yzygiderli geçirilýär. Serginiň we maslahatyň geçýän döwründe öňden dowam edip gelýän hoşniýetli, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklaryň geljekde has-da ösdürilmegi bilen aýrylmaz bagly bolan möhüm meseleleriň çözgütlerini tapjakdygyňyza ynanýaryn.

Hormatly aragatnaşykçylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2022» atly XV halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýöriteleşdirilen forumyň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmakda, özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna pugta ynanýaryn. Size berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.


Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
10.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
10.04
Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň Türkmen böleginiň ýolbaşçylary bellenildi
09.04
2026-njy ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.04
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
top-arrow