Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen-gazak parlamentara gatnaşyklary ösdürilýär
Syýasy habarlar
Türkmen-gazak parlamentara gatnaşyklary ösdürilýär
Çap edildi 20.10.2022
1251

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Sagathanuly Aşimbaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň barşynda türkmen-gazak parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Parlamentiň Senatynyň Başlygyny şanly sene — Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy, şeýle-de ýakynda Astana şäherinde iri syýasy çäreleriň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi, “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammiti, Aziýada özara gatnaşyklar we ynanyşmak çäreleri boýunça Maslahatyň VI sammiti şol çäreleriň hataryndadyr. Şunda Türkmenistanyň Prezidentiniň dostlukly ýurda amala aşyran döwlet saparynyň ýokary derejesi hem-de netijeliligi aýratyn bellenildi.

Gazagystanyň Parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Maulen Sagathanuly Aşimbaýew gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, ugurlaryň giň gerimi boýunça üstünlikli ösdürilýän gazak-türkmen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini nygtady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda ýola goýlan açyklyk, özara hormat goýmak we düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köptaraplaýyn gatnaşyklary kanagatlanma bilen bellediler. Syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Gahryman Arkadagymyz hem-de Gazagystanyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Türkmenistanyň we Gazagystanyň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýetini belläp, kanun çykaryjylyk işinde has netijeli tejribe alyşmak üçin parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň maýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň ähmiýeti nygtaldy. Forum Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda köptaraplaýyn parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm tapgyr boldy.

Parlamentara diplomatiýanyň bar bolan kuwwatyny dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmekde netijeli peýdalanmak üçin ýurtlarymyzyň parlamentarileriniň arasynda duşuşyklary we geňeşmeleri geçirmegiň goldanylýandygy bellenildi. 2023-nji ýylyň başynda Türkestan şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň Parlamentara forumynyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde çemeleşmelerimizi ýakynlaşdyrmak üçin oňat binýat bolar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Dostlukly ýurduň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi sapar bilen Gazagystana gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar iki ýurduň halklaryna rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw edip, ikitaraplaýyn gatnaşyklara mahsus özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň netijeli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmek üçin mundan beýläk-de pugta binýat boljakdygyna ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
top-arrow