Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Russiýa» Sammitine gatnaşdy
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Russiýa» Sammitine gatnaşdy
Çap edildi 14.10.2022
1786

Şu günüň ikinji ýarymynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda «Merkezi Aziýa – Russiýa» Sammitiniň mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine altytaraplaýyn görnüşde dostlukly gatnaşyklary we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljegi bilen bagly meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredijilikli daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirýän Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga, syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde we ynsanperwer ulgamlarda ysnyşykly hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň netijeli usullaryny ýola goýmaga saldamly goşant goşýandygyny bellemek gerek.

Ýurdumyzyň bu maksatlara ýetmek babatda alyp barýan ugry, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen işi ygtybarly taryhy binýada, özara gatnaşyklaryň baý tejribesine esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň şu günki duşuşygynyň esasynyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda ýokary derejede geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň birinji Parlamentara forumynda goýlandygyny bellemek möhümdir.

Duşuşygyň öňüsyrasynda Russiýa Federasiýasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň Liderleriniň resmi surata düşmek dabarasy boldy.

Prezident Kasym – Žomart Tokaýew Sammiti açyp, döwlet Baştutanlaryna söz berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyş etdi.

Duşuşygyň barşynda Russiýa Federasiýasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlarynyň möhüm meseleleri boýunça içgin hem-de gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen birlikde, ozal gazanylan döwletara ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilişine seljerme hem-de syn berildi, geljekki bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Sammitiň jemleri boýunça döwlet baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi. Ol Ýewraziýa giňişliginde sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini öz içine aldy. Bu möhüm resminamada şeýle hem syýasy we howpsuzlyk, söwda-ykdysady ulgamlarda, medeni-ynsanperwer ugry boýunça mundan beýläkki gatnaşyklaryň geljegi beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna sapary dowam edýär.

Ertir döwlet Baştutanymyzyň goňşy ýurda döwlet saparynyň çäklerinde ýokary derejedäki gepleşikler geçiriler. Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda esasy halkara guramalarynyň – BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň, YHG-niň, we beýlekileriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köpýyllyk netijeli döwletara gatnaşyklaryň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşylmagy garaşylýar. Ýokary derejedäki duşuşygyň netijeleri boýunça özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekiler.

Soňky habarlar
11.04
Türkmenistan ählumumy tagallalary birleşdirmäge goşant goşýar
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky ÇYKYŞY
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi
11.04
Gahryman Arkadagymyz MAGATE-niň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy
11.04
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
10.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
top-arrow