Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgyň gubernatoryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgyň gubernatoryny kabul etdi
Çap edildi 26.09.2022
1079

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň (Russiýa Federasiýasy) gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny ýetirdi hem-de hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen gutlap, türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Aleksandr Beglow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine uly üns berýändigi üçin hoşallyk bildirip, Newanyň boýundaky şäheriň rus-türkmen gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan hyzmatdaşlygy ilerletmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow myhmany mübärekläp, Russiýa Federasiýasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkmenistanyň däp bolan netijeli döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýandygyny nygtady. Şol hyzmatdaşlyk açyklyk, özara hormat goýmak we düşünişmek, dürli ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmek ýörelgelerine esaslanýar.

Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda guralýan köpýyllyk hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy. Hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasy, onuň iri sebitleri hem-de senagat, medeni merkezleri, şol sanda Sankt-Peterburg bilen däp bolan gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Sankt-Peterburg bilen netijeli söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Duşuşygyň barşynda ozal gazanylan ylalaşyklary, hususan-da, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ulgamlarda 2020 — 2025-nji ýyllar üçin “Ýol kartasynda” bellenen wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Energetika, ulag we kommunikasiýalar, gurluşyk ulgamy, ýol-ulag düzümi, gämi gurluşygy, maýa goýumlar hem-de sanlylaşdyrmak hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunda “akylly” şäherleri gurmakda özara gatnaşyklar aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Öz nobatynda, Türkmenistan ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk, dokma we nebithimiýa senagatynyň önümlerini hem-de beýleki harytlary ibermäge taýýardyr.

Ynsanperwer ulgam türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Bu babatda bilim we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, ylym we medeniýet ulgamlary boýunça netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Söhbetdeşler şu barada durup geçip, agzalan ugurlarda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň möhümdigini nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda A.Beglow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we ähli türkmenistanlylary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek gutlap, baýramçylyk dabaralaryny hem-de baýramçylyk şatlygyny türkmen halky bilen paýlaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

Soňky habarlar
11.04
Türkmenistan ählumumy tagallalary birleşdirmäge goşant goşýar
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky ÇYKYŞY
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi
11.04
Gahryman Arkadagymyz MAGATE-niň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy
11.04
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
10.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
top-arrow