Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
Çap edildi 05.09.2022
1034

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýewi kabul etdi.

Myhman, duşuşmaga wagt tapandygy üçin, döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän guramasynyň oňyn içeri we daşary syýasaty yzygiderli amala aşyrýan hem-de durmuşyň ähli ulgamlarynda uly üstünliklere eýe bolýan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şunda Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklary ilerletmekde işjeň orny eýeleýändigi nygtaldy, muňa ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän oňyn başlangyçlar aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de iri halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde dostlukly, oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek biziň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şunda Türki Döwletleriň Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Türkmenistan 2021-nji ýylyň noýabrynda bu gurama synçy hökmünde girmek bilen, özara bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Duşuşygyň dowamynda dürli ugurlarda uly mümkinçilikler hasaba alnyp, hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zaman şertlerine laýyklykda, energetika, ulag-kommunikasiýa hem-de infrastruktura ulgamlary ýaly strategik ugurlarda tagallalary birleşdirmegiň, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň möhüm bolup durýandygy bellenildi. Şeýle-de bu guramanyň düzüminde döredilýän Türki maýa goýum gaznasyny hasaba almak bilen, hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Söwda-ykdysady ulgam bilen bir hatarda, ynsanperwer ulgam hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi hökmünde kesgitlenildi. Munuň özi türki dilli ýurtlaryň halklaryny baglanyşdyrýan taryhy kökleriň, medeni hem-de ruhy däpleriň umumylygy bilen şertlendirilendir. Bilim, ylym we medeniýet ulgamlary boýunça maksatnamalaryňdyr taslamalaryň toplumynyň giňeldilmegi, umuman, bu ugurda alnyp barylýan netijeli gatnaşyklar özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilmegine, onuň täze anyk mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ýardam eder.

Duşuşygyň dowamynda jenap Bagdad Amreýew Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň geçen ýyl geçirilen sammitine gatnaşmagynyň we onda hormatly Arkadagyň netijeli başlangyçlary öňe sürmeginiň guramanyň işiniň öňe ilerlemegine oňyn täsirini ýetirendigini aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň möhüm ählumumy meselelere uly üns berýändigine şaýatlyk edýän bu tekliplerine guramanyň geljekki sammitlerinde garaljakdygy bellenildi. Geçen sammitde Türkmenistanyň bu düzüme synçy hökmünde girmegi baradaky çözgüdiň kabul edilmeginiň taryhy ähmiýetli waka bolandygy nygtaldy.

Söhbetdeşligiň barşynda şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdaky sammitine taýýarlyk görmek meselelerine-de garaldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de myhman Türkmenistan bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň umumy bähbitler üçin geljekde-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Munuň özi ýurtlaryň we halklaryň arasynda däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Soňky habarlar
12.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy
11.04
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Türkmenistan ählumumy tagallalary birleşdirmäge goşant goşýar
11.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi
10.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
top-arrow